Lebap welaýatynyň Malaý käninde gurluşygy alnyp barylýan kompressor stansiýasynyň taslama kuwwaty — ýylda 30 mlrd kub metr gaz almaklyga niýetlenendir. 600 inedördül metrlik meýdany özleşdirmek işi bilen «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgazgurluşyk» trestiniň ýöriteleşdirilen 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri meşgullanýar.
— Häzirki wagtda işgärler tehnologiki turbalaryň montaž işlerini, «A» bloguň ýapgydynyň fundamendiniň gurluşygyny, estakadynyň metalgurluşynyň montažyny alyp barýarlar. Kompressor stansiýasy magistral gaz geçirijisiniň başlangyç uçastogynyň tehniki-ykdysady görkezijilerini gowulandyrmak üçin niýetlenendir. Bu desga gazy daşamak wezipesini ýerine ýetirer. Bu bolsa, gazy magistral gaz geçiriji boýunça ugratmak we bermek işini ýeňilleşdirer, şeýle hem, ony almagyň depginini we kände pes basyşda gaz çykarmaklygyň derejesini ýokarlandyrar — diýip, desganyň gurluşyk işlerini alyp barýan Pirmat Azamatow gürrüň berýär.
Obýektiň infrastrukturasyna basyş kompressor stansiýasynyň «A» we «B» bloklary degişlidir. «A» blok Malaý käniniň has doly özleşdirmekligini we gazy ýygnaýan gazy taýýarlamagyň toplumlaýyn desgasynyň (GTTD) girelgesine getirilmegini üpjün eder. Tehniki gurluşlardan ybarat bu toplum känden alynýan gazyň ölçeglerini turbageçiriji ulgamyň standartlaryna ýetirmek üçin niýetlenendir. «B» blok Malaý känindäki gazy komprimirlemek (kompressoryň kömegi bilen gazyň basyşyny ýokarlandyrmak) we GTTD-nyň çykalgasyna gaz ýetirmek işlerini ýerine ýetirer. Başga-da bu ýerde barlag-tehniki nokatlaryň bloklary we ýapyk paýlaýjy enjam we ş.m. oturdylar.
Malaý — Türkmenistanyň iň bir öndümli känleriniň biri bolmak bilen, bu ýerde ençeme ýyl bäri tebigy gazy çykarmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu kän «Türkmenistan-Hytaý» döwletara gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek işine hem gatnaşýar. Malaý käninde täze kompressor stansiýasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Hytaýa iberilýän «mawy ýangyjyň» mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Öň habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynynyň (CNPC) gol çeken ylalaşygyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistandan Hytaýa her ýylda 65 mlrd kub metr gaz iberiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder