28 Nisan 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy Žurnaly

Giň okyjylar köpçüligini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň şu ýyldaky ilkinji sany çapdan çykdy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri bilen hem gyzyklanma bildirilýän özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklara ygrarlylygyny 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde türkmen Lideriniň daşary döwletleriň ýolbaşçylary hem-de ýokary wezipeli wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň netijesi aýdyň görkezýär. 

Ine, 6-7-nji martda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejedäki türkmen-katar duşuşygy däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açyp, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, umumy bähbitlere laýyk gelýän uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Gepleşikleriň netijesi boýunça gol çekilen resminamalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hem-de söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, dürli ugurlar boýunça özara hereketleriň gerimini giňeltmäge ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr. 

Ýeri gelende aýtsak, žurnalyň sahypalarynda çap edilen aýratyn makala hem Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilişine bagyşlanýar.

16-17-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikler ýola goýlan netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berdi. 

Döwlet Baştutanymyz iki günlük saparynyň barşynda dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şol duşuşyklaryň çäklerinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin özara pikir alşyldy. Türkmen Liderine Pakistan Yslam Respublikasynyň “Kaýd-i-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen ylmy adyň berilmegi belent halkara abraýynyň hem-de halklarymyzyň arayndaky doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandynyň ykrarnamasy boldy. 

Žurnal meşhur daşary ýurtly syýasatçylaryň, görnükli ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna däp boýunça aýratyn orun berýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň öňde goýan belent maksatlaryna tarap üstünlikli öňe barýan häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşi we gazananlary,   döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikirlerini beýan edýärler.

Moskwa oblastynyň Korolýow şäheriniň Tehnologiýa uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy we bilim jemgyýetçiligine ýakynlaşmalar boýunça prorektory, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Nadežda Wasina makalasyny uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan   bilim ulgamynda türkmen-rus aragatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlapdyr. Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylygy hünär ugurly işleriniň çäklerinde Türkmenistanda göçme açyk gapylar gününi hem-de tanyşdyryş dabaralaryny yzygiderli geçirip, türkmen ýaşlaryny bilim almak üçin hödürlenilýän giň mümkinçilikler bilen tanyşdyrýar, şeýle hem Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara bilim sergisine gatnaşýar.

Uhan şäheriniň Hytaýyň Geologiýa uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri institutynyň professory Wan Syhaýyň makalasy hem okyjylaryň uly ünsüni çeker. Ol Türkmenistanyň energetika strategiýasyna hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna, şol sanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda täzeden döredilýän Beýik Ýüpek ýolunyň energetika geçelgesini döretmek boýunça başlangyçlaryna bagyşlanýar. 

Baý energiýa serişdelerine eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy daşary bazarlara, şol sanda Hytaýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça iri maýa goýum taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen “Türkmenistan-Hytaý” ilkinji Transaziýa gaz geçirijisi Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň üstünligi bolup, hakykatda, köpasyrlyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk däpleriniň iş ýüzünde täzeden galkynmagynda iki ýurduň strategiýasynyň gabat gelmeginiň özenine öwrüldi. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi dünýä energetika bazarynda Türkmenistanyň diňe bir ýokary derejede artýan ornuna şaýatlyk etmän, eýsem, sebitde ykdysady durnuklylyga ýardam bermäge-de gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sanynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň doly derejede alnyp barlyşyna bagyşlanan makala çap ediliýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat Aziadasy Aziýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň 45-siniň hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň 17-siniň wekiliýetlerini ýygnap, Aziýa oýunlarynyň arasynda iň irisi bolar. 

Türkmen paýtagtynda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginiň desgalary öňde boljak ýokary halkara derejesindäki sport çäreleriniň giň gerimliliginiň şaýatnamasydyr. Şol desgalaryň suratlary žurnalda ýerleşdirilen uly synyň üstüni ýetirýär. Munuň özi diňe bir sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen desgalaryň toplumy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport abraýynyň aýrylmaz bölegidir. 

5-nji maýa çenli örän az wagt galdy. Şol gün, ýagny Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 gün galanda tutuş ýurdumyz boýunça atly ýörişe badalga berler. Ol uly sport baýramçylygyna Türkmenistana gelmäge özboluşly çakylyk bolar. 

Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan wajyp meseleleriň hatarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary ykdysady we ynsanperwer syýasaty, muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlyk hem-de tebigaty goramak boýunça milli mirasyň halkara ähmiýeti ýaly meseleler bar. 

Žurnaly däp bolan “Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen bölüm jemleýär. Onda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçirilen köpsanly syýasy geňeşmeler,  daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekiliýetleri bilen gepleşikler, maslahatlar, Medeniýet günleri, işewürler maslahatlary, Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara iş saparlary we beýleki wajyp wakalar beýan edilýär.

Mahlasy, “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sanynyň mazmuny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny   wagyz etmäge hem-de oňa oňat düşünmäge ýardam berýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary bolsa III müňýyllykda ählumumy durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyndan peýdalanýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder