12 Nisan 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere, ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürýändigi barada hasabat berdi. 

Wise-premýer Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017 2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna; 2016-2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna; 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna saýlanmagynyň milli Liderimiziň amala aşyrýan daşary syýasat strategiýasynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň we şonuň netijesinde ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde ozalky kabul edilen Çarçuwaly maksatnamalara laýyklykda, dürli ulgamlarda 264 taslamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etdi diýip, R.Meredow sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň möhüm ugurlarda halkara elektrik geçirijiler ugurlary boýunça özara bähbitli sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli kararnamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ähli işgärlerini halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işleriniň oňyn netijelere eýe bolýandygy bilen gutlady we olara mundan beýläk-de işlerinde üstünlik arzuw etdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň BMG-niň agentlikleri we abraýly düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýändigini belläp, munuň özüniň dünýäniň halkara guramalarynyň biziň ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň we Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler, hususan-da, BMG bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň ýurdumyzyň döwlet ösüşindäki ähmiýetine bagyşlanan maslahaty geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar, halkara guramalar bilen açyklyk, birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlary bolan BMG-niň iri agentlikleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikdäki işleri netijesinde 2016-2020-nji ýyllardaky döwür üçin Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky Hereketleriň milli meýilnamasy, Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hereketleriň ýurt meýilnamasynyň maksatnamasy we Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň maksatnamasy kabul edildi. 

Şunuň bilen baglylykda, şu aýyň başynda Aşgabatda 2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Çarçuwaly maksatnama gol çekilendigini bellemeli. Ol 2011-2030-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň wezipelerine, geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2016-2030-njy ýyllarda Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň geljekde-de döwrüň talabyna laýyk derejede ösdüriljekdigini belledi. Ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi, Türkmenistanyň öňe sürýän we tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy ugrunda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow GDA agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşandygyny, onuň barşynda GDA-nyň çäklerinde ylym, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ony ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garalandygyny habar berdi we bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy. 

Türkmenistan GDA assosirlenen agza bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini ykrar etmegi netijesinde, Arkalaşyga agza ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alyp, milli we ählumumy bähbitlere laýyk derejede ýola goýýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hem-de energetika ministri D.Rejebow çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Soňra energetika ministri D.Rejebow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pudaga degişli önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde gaz turbinaly elektrik beketleriň 12-si hereket edýär. Olarda 47 turbina, şol sanda 30 gaz, 14 bug we 3 suw beketleri işleýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça Konsepsiýa laýyklykda, häzirki döwürde Lebap we Mary welaýatlarynda umumy kuwwaty 2260 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik beketleriniň 3-si gurulýar. Ýurdumyzyň elektrik energetika toplumynyň taslama kuwwatyna çykmagy bilen, beketleriň umumy kuwwaty 7438 megawatta barabar bolar. 

Eýrana we Owganystana ugradylýan elektroenergiýanyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, ministr şu günki güne çenli bu ugur boýunça sagatda 470 megawatt elektroenergiýanyň ugradylýandygyny aýtdy. Täze eksport ugurlary boýunça hasabat bermek bilen, pudagyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna degişli çyzgyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň şäherdir obalaryny, paýtagtymyzy, önümçilik kuwwatlyklaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, täze yşyklandyryş ulgamlaryny, elektrik energiýasynyň howa ulgamlaryny çekmek işleri sazlaşykly dowam edýär. Ministrligiň ýolbaşçysy milli Liderimize Lebap welaýatynda gurulýan gaz turbinaly elektrik bekediniň şu ýylyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli bellenilen möhletden birnäçe aý öň ulanmaga beriljekdigini habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge niýetlenen elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Ýurdumyzy çalt depginler bilen senagat taýdan ösen döwlete öwürmek işinde elektrik energetikasy pudagyna möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde hem pudagyň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Häzirki döwürde Energetika ministrligi hereket edýän we gurluşygy alnyp barylýan senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde döwrebap gaz turbinaly elektrik beketleri gurulýar, elektrik geçiriji ulgamlar, kiçi paýlaýjy podstansiýalar ulanmaga berildi diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu işler bilen bir hatarda Aşgabadyň we beýleki şäherleriň hem-de obalaryň yşyklandyryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

Geçirilen işleriň netijesinde energetika senagatynyň kuwwatlyklary has-da artdy. Bu bolsa ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär we goňşy ýurtlara, hususan-da, Eýrana we Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak babatda oňyn şertleri döredýär. Türkmenistanyň elektrik energiýasyny Pakistan we Täjigistan ýaly geljegi uly ugurlar boýunça ugratmagyň meseleleriniň çözülýändigini milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň sarp edijileriniň elektroenergiýa bolan islegleriniň bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap senagat merkezleriniň, täze obalaryň we şäherçeleriň döredilýändigini nazara alanyňda, bu wezipeleriň oňyn çözülmegi has-da möhüm bolup durýar. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Energetika ministrliginiň ýolbaşçysyna pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de berkemegine ýardam eder we türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewi çagyrdy. Ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýollary gurmak boýunça berjaý edilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Mary, Mary-Türkmenabat, Türkmenabat-Farap, Aşgabat-Daşoguz gara ýollarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenbaşy ulag ýolunyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny aýdyp, ministr gurulýan ýollaryň ugrunda köprüleriň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygynyň utgaşykly ýerine ýetirilýändigini habar berdi. 

Mundan başga-da, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalanýandygyny aýdyp, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasyna we Aşgabat şäherini ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda içerki ýollaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara derejedäki iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini aýdyp, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky başlangyjynyň tutuş dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady. 

Ýurdumyzyň iri logistik merkez hökmünde halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz toplumyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmelidigine ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerinde köp sanly awtomobil ýollary we ýokary tizlikli ýollar gurulýar, halkara ölçeglere laýyk gelýän we öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan köp zolakly köprüler, awtomobil menzilleri, inženerçilik desgalary ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz belledi. 

Bu desgalaryň diňe bir döwlet ähmiýetli bolman, eýsem, olaryň ýurdumyzyň çäklerinden Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça möhüm sebit we sebitara ýollary döretmäge mümkinçilik berýändigini belläp, milli Liderimiz bu ugurda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bile öňde durýan meseleleri işläp taýýarlamak hem-de degişli teklipleri bermek babatda ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň çäklerinde arassaçylyk, abadançylyk işlerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işlerde dünýäniň ösen tejribeleriniň, täzeçil usullaryň we döwrebap ýörelgeleriň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belläp, halkara derejede geçirilýän dürli çäreleriň merkezine öwrülýän Aşgabadyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowy gurluşyk we binagärlik boýunça tejribe alyşmak üçin, Singapur şäherine iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi hem-de iş saparynyň barşynda dünýä tejribesini özleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşinde, halkara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolmagynda we halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder