Geçiriljek ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Liderleri özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň ençemesini hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.
Milli Liderimiz hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Saud Arabystany Patyşalygy bilen döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu döwlet bilen mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Şol hyzmatdaşlygyň öňünde bolsa giň mümkinçilikler açylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, olaryň okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyna, däp bolan özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriniň ugry boýunça türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşýän ýagdaýynda pugtalandyrylýandygy bellärliklidir. Şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň daşary syýasat doktrinasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň soňky ýyllarda işjeňleşmegi Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny 2007-nji ýylyň aprel aýynda hut şu ýurda amala aşyrmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahatlaryna, halkara sergilere we söwda ýarmarkalaryna gatnaşmagy saud işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklaýar. Milli Liderimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly ýagdaýlar döredildi.
Taraplaryň bellemegine görä, işewür gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmekde hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Bu toparyň dördünji mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi.
Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge-de möhüm ähmiýet berýärler, munuň özi iki doganlyk halkyň arasyndaky dostluk köprülerini pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Nobatdaky ýokary derejedäki duşuşyga ykjam taýýarlyk görlendigini bellemek gerek. Saparyň öňüsyrasynda, 17—19-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy, şol ýerde möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Olarda iki doganlyk ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalary Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud ösüş gaznasynyň ýolbaşçylary hem-de Yslam ösüş banky bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, “Arabian Pipes” we “Amiantit” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdylar hem-de olaryň kärhanalaryna baryp gördüler.
Er-Riadda ýokary derejede geçiriljek gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berer hem-de ýola goýlan netijeli syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen has netijeli çäreleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Garaşylyşy ýaly, geljegi uly ugurlara, hususan-da, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryna aýratyn üns berler. Durnukly ulag we energetika düzümini döretmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ikisi hem bu pudaklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystany şu geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny hem-de milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny, şol sanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny goldap gelýär. Türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama hem şu wezipäni çözmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, saud hyzmatdaşlaryny — iri kompaniýalaryny we abraýly maliýe düzümlerini nebit we gaz himiýa senagatyndaky täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, gazy we nebiti gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmaga gurluşyk serişdeleri senagatynda hem-de “Demirgazyk — Günorta” we “Günbatar — Gündogar” halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini nazara almak bilen, ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalara çekmek mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi bolar.
Gol çekmäge taýýarlanylýan resminamalaryň toplumy hem iki ýurduň özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugruna eýerýändiklerine şaýatlyk edýär. Şol resminamalar bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ep-esli giňelder we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ählisini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder. Şeýlelikde, iki dostlukly döwletiň geljekki gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlener we berkidiler. Ýurtlaryň ikisi hem ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäge çalyşýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder