23 Nisan 2016 Cumartesi

Türkmen Keçesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy hem-de “Türkmen keçesi--bahar ýaýlasy” atly serginiň açylyş dabarasy boldy.

Bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilen keçe hem-de türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileriniň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Ol häzirki eýýamda keçe basmagyň— goýun ýüňünden hili we gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp keçe döretmegiň gadymy hünäriniň milli däplerini mundan beýläk-de öwrenmäge hem-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat ulgamynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky döwlet edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan türkmen keçesini taýýarlamak boýunça iň ussat gelin-gyzlar  duşuşygyň hormatly myhmanlary boldy.

Milli taryhy öwrenmek, dünýäde türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlygyny gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmelerde bu ulgam Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda hem-de öňümizde geçiriljek şanly sene—ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 

Keçe—bu türkmen zenanlarynyň köpasyrlyk tejribesini, gadymy däp-dessurlaryny, başarnygyny hem-de çeper döredijiligini özünde utgaşdyrýan halk senetçiliginiň eseri. Meşhur türkmen el halylary ýaly, keçe ata-babalarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr hem-de bu gün  ýylylyk we rahatlyk döredip, owadan nagyşlary hem-de gölleri bilen begendirip, şäher we  oba öýlerinde ýere düşemegiň möhüm serişdesi bolup hyzmat  edýär.  

Gaty syk basylmagy netijesinde keçe adamyň saglygyna örän oňyn täsir edýär. Täze ýumşak keçäniň üstüne hormatly orna çagyrylmagy myhmana uly hormat bildirilmeginiň nyşany bolup durýar. Keçe önümleri otagyň umumy görnüşine örän şowly sazlaşyp, aýratyn milli öwüşgin çaýýar. 

Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlaryň çuňluklaryndan gelýän gadymy milli däplerimizi gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky uly aladalary, döwlet çäreleriniň, şol sanda bu ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda çäreleriň görülmegi netijesinde, türkmen halkymyzyň özboluşly amaly-haşam sungaty täzeden galkyndy. Ýurdumyzda häli-şindi Medeniýet merkezleri we sungat mekdepleri açylýar. Olarda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary halk senetçiligi bilen meşgullanmaga çekip, umumydünýä medeniýetiniň we sungatynyň altyn gaznasyna giren asyrlaryň dowamynda döredilen ruhy we maddy gymmatlyklara bolan buýsanç duýgularyny terbiýelemäge, geljekki nesillere ýetirmegiň ähmiýetine düşünmäge ýardam edilýär. Bu işde bahasyz taryhy gymmatlyklaryň saklanýan ýeri bolan muzeýlere, ýurdumyzyň ylym we bilim edaralaryna aýratyn orun degişlidir.

Keçe döretmegiň milli däpleriniň hem hemmetaraplaýyn ösdürilýändigi,  täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy. Haly fabrikleriniň keçe bölümlerinde häzirki döwrüň ussat gelin-gyzlary nusgawy nagyşly ajaýyp keçe önümlerini döredýärler hem-de täze gölleri oýlap tapýarlar. Çykyş edenler ýurdumyzyň dürli sebitlerinde keçe taýýarlamagyň çeper köpdürlüligini hem-de tehniki aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça ylmy barlaglar barada, nagyşlarynyň manysy we gurluşy, ýüň sapaklary üçin tebigy reňkler, amaly-haşam sungatynyň bu görnüşinde sowgatlyk taraplarynyň ösdürilişi barada subutnamalary getirdiler. 

Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerine wekilçilik edýän ussat gelin-gyzlaryň tapawutlananlary milli keçeleri taýýarlamak sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hormatly sylaglaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular.

Sergide häzirki zaman ussatlary tarapyndan döredilen keçeleriň hem-de keçe ýüňünden taýýarlanan beýleki önümleriň nusgalarynyň örän köp görnüşleri, şeýle hem  XIX asyryň ahyrynda  XX asyryň başyna degişli hakyky gadymy gymmatlyklaryň 100-e golaýy görkezildi. Olaryň arasynda “tumarça”, “burmaly tüýnük”, “gözenek barmak”, “goçak”, “saýlan”, “gülýaka”, “älem nagyşly byçgy” ýaly düşemäge niýetlenen keçeler, ikitaraplaýyn gölleri bolan adaty bolmadyk keçeler nagyşlarynyň gadymylygy bilen tapawutlanýar.

Sergide meşhur türkmen suratkeşi A.Hajyýewiň eserleriniň äheňleri boýunça ýerine ýetirilen “Pagta” hem-de “Gürrüňdeşlik” diýen keçeler hem görkezildi. Keçeden taýýarlanan sowgatlyk önümler ussat gelin-gyzlaryň döredijiligi hem-de işleriniň inçeligi bilen haýran etdi. 

Elbetde, keçe basylyşynyň hem-de gamyşdan örülen boýranyň we goýun ýüňüniň dürli reňkleriniň peýdalanmagy bilen häzir neneňsi dowam etdirilişiniň  serişdeler arkaly görkezilen şekilleri serginiň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen zenanlarynyň keçe basmakda alyp barýan hyjuwly işlerini ajaýyp reňklerde şekillendiren suratkeşleriň owadan eserleri hem serginiň bezegi boldy. 

Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar sergini gözden geçirmegi tamamlanlaryndan soňra,  “tegelek stoluň” başynda keçe basmakda halkymyzyň däplerini mundan beýläk-de öwrenmek we wagyz etmek boýunça möhüm meseleleri hem-de milli amaly-haşam sungatynyň beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdiler.

Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna uly üns berýändigi hem-de aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylynda öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde  güýçlerini we bilimlerini, yhlaslaryny hem-de ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder