25 Nisan 2016 Pazartesi

Hormatly Prezidentimiziň Taze Kitabynyň Tanyşdyryş Dabarasy

Paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Täze kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli türkmenistanlylara ajaýyp sowgat boldy. Täze kitaby ilkinji bolup şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolan dabaraly çärä gatnaşyjylar aldylar. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň dünýä atçylygynyň gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplarynyň birnäçesi, şol sanda “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”  atly kitaby öň neşir edilipdi. Bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edildi hem-de atşynaslaryň we atçylaryň, bu şöhratly hem-de täsin bedewleriň Türkmenistandaky we köpsanly daşary ýurtlardaky janköýerleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. 

Täze neşiriň maksady ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary bilen baglylykda görkezmekden ybaratdyr. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde eziz Watanymyz bedew bady bilen okgunly öňe barýar. 

Ahalteke bedewi türkmen tebigaty we ynsan zehini bilen döredilen gudratdyr. Milli Liderimiziň bu sözleri kitabyň many-mazmunyny kesgitledi. Kitap “Dünýäniň wajyplygy”, “Gadymyýetiň sedasy”,  “Türkmeniň ruhy baýlygy”, “Gözelligiň syrly dünýäsi”, “Ebedi miras”, “At-myrat”, “Taryhyň içindäki taryh”  atly bölümlerden ybaratdyr. 

Döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, taryhy we edebi maglumatlar jemlenendir. Onda awtoryň atçylygyň milli däpleri baradaky çuňňur bilimleri, türkmen bedewlerine bagyşlanan nakyllarda, pähimlerde we parasatly sözlerde öz beýanyny tapan halk pähiminiň ägirt uly baýlygy şöhlelenýär. 

Kitabyň kompozisiýasy awtora häzirki döwri hem-de taryhy bir sapaga düzmäge mümkinçilik berip, okyjyny mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we geljegi baradaky pikir döretmeleri bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň başynda: “Watanymyzyň parahatlygyna bolan ynam raýatlarymyzyň bolelin durmuşy meniň ýaşaýyş babatdaky ýörelgelerimiň tutuş mazmunyny eýeleýär. Size dünýä, hereket, tizlik, menzil hakynda bedewiň gadymylygy, onuň göwün syrdaşyna öwrülip gitmegi dünýä tizlik beriji güýjüň bedewde bolanlygy üçindir”  diýip, ildeşlerimize ýüzlenýär. 

Täze kitap türkmen halkynyň şöhratly ahalteke bedewlerine paýhasly garaýşynyň dünýäsine täsin syýahatdyr. Kitabyň çeper dili ünsüňi özüne çekýär. Ol awtoryň behişdi bedewlere—asyrlaryň dowamynda türkmenleriň wepaly dostuna bolan çuňňur söýgüsini şöhlelendirýär. Täsin bedewleriň deňi-taýy bolmadyk gözelliginii şöhlelendiren  ajaýyp suratlar kitaba özboluşly öwüşgin çaýýar. 

Tanyşdyryş dabaralarynyň barşynda bellenilişi ýaly, täze neşir milli medeni mirasymyzy wagyz etmek işinde uly ähmiýete eýedir. Atçylyk ulgamyndaky däp-dessurlar bolsa şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly tagallasyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýandygy, Halkara atçylyk assosiasiýasyny esaslandyrandygy, 2010-njy ýylda onuň ýolbaşçylygyna saýlanandygy, türkmen bedewiniň arassa ganly tohumynyň saklanylmagyna aýratyn üns berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ulgamda alnyp barylýan döwlet syýasaty atçylygy ösdürmek üçin, ozaly bilen bolsa, ahalteke bedewiniň dünýä medeniýetiniň täsin gudraty hökmündäki ornuny hem-de ähmiýetini beýan etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy hem-de hut özüniň howandarlygy bilen milli atşynaslyk ýörelgelerini dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewiniň tohum aýratynlyklaryny, genofonduny gorap saklamak we gowulandyrmak boýunça seçgiçilik işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy, halkara derejesinde ahalteke bedewiniň gözellik bäsleşigi geçirilýär.

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýylda giňden bellenilmegi, meşhur ahalteke bedewiniň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, onuň keşbiniň sungatda ebedileşdirilmegi bu ugurda gadymy ýörelgeleriň dowamatlygyny alamatlandyrýar. 

Köpetdagyň gözel künjeginde täze häzirkizaman ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar toplumynyň hem-de 600 bedewe niýetlenen Ahalteke atçylyk toplumynyň bina edilmegi bu pudagy ösdürmek baradaky aladanyň ýene bir mysalydyr. 

Gözelligiň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewleriň köpasyrlyk şöhraty türkmen atçylarynyň dünýä derejesinde ajaýyp üstünlikleri gazanýandyklary bilen hem artdyrylýär. Türkmen çapyksuwarynyň Parižde Lonşan aýlawynda geçirilen “Ark de Triumf-2012” Gran-pri baýragy ugrunda çapyşyklarda üstünlikli çykyş etmegi munuň subutnamasydyr. Meşhur “Galkynyş” we “Türkmen jigitleri” milli at üstündäki oýunlar toparlary daşary ýurtlarda hemişe üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň mynasyp bolan baýraklarynyň sanawynda Russiýada 2013-nji ýylda, Italiýada 2014-nji we Hytaýda 2015-nji ýylda geçirilen sirk sungaty halkara festiwallarynyň baýraklary bar. 

Türkmenistanda öz ykbalyny atşynaslyga bagyşlan adamlara uly sarpa goýulýar. Tejribeli seýisler, oňat netijeleri görkezýän çapyksuwarlara hormatly atlar dakylýar we döwlet sylaglary berilýär. 

Atçylyk sportunyň görnüşleriniň biri bolan konkuryň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmegi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň oňyn netijesidir. Türkmen bedewleriniň V Aziýa oýunlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüljekdigi buýsançly wakadyr. Oýunlaryň başlanmagyna 500 gün galanda – 5-nji maýda badalga aljak atly ýöriş bolsa Türkmenistanyň bu örän möhüm halkara sport baýramçylygyna taýýarlyk görmeginiň jemleýji tapgyryny alamatlandyrar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Gadamy batly bedew” atly kitap maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnükli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat toplumy merkezinde ýokary çaphana derejesinde ýerine ýetirilen bu neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. 

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, köptaraply ägirt uly işleri, halkymyzyň belent ruhy-ahlak ýörelgelerini saklamak we baýlaşdyrmak, türkmenistanlylaryň abadançylygy hem-de Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler hem-de täze kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde bahasyna ýetip bolmajak nusga bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar. 

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, köp jiltlik düýpli ylmy işleriniň sergisi guraldy. Ýygnananlar ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitlerini beýan edýän köpsanly neşirler bilen hem tanyşdylar. Bu belent üstünlikler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alan iri möçberli özgertmeler netijesinde mümkin boldy. Bu ýerde türkmen halkynyň gadymy taryhy we örän baý medeniýeti barada söhbet açýan şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder