11 Nisan 2016 Pazartesi

Prezidentimiz Hindistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Prahab Mukerjä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň Kollam şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder