25 Nisan 2016 Pazartesi

TürkmenÄlem 52°E

Türkmen tomaşaçylaryna “Nauka”, “Istoriýa”, “Žiwaýa planeta”, “Park razwleçenii”, “Sarafan”, “Mama” ýaly tematiki rus dilindäki ýaýlymlar görkezilýär. Häzirki wagtda bu teleýaýlymlar ŞTB torundan IP bölüji arkaly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň telewizorlaryna mugtuna berilýär. Telewizion duýduryşyny bermek hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) bilen baglaşylan ylalaşyk boýunça alnyp barylaýar. Oňa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bir hatarda “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “Türkmentelekom” Döwlet aragatanaşyk kärhanasy hem onuň hataryna girdi. 

Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri russiýanyň distribýutorlary bilen täze öwreniş ýaýlymlaryny test ýagdaýynda bütin ýurduň we Ýewraziýanyň beýleki döwletleriniň çäklerinde alyp görkezmegi ylalaşdylar. Öňünden alyp görkezmegiň netijeleri boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlary, ýaýlymlaryň sany we türkmen aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň beýleki ölçegleri kesgitlendi. 

Indi bir ýyl töweregi bäri biziň hemramyz Altyn Asyr: Türkmenistan, Ýaşlyk, Miras, Türkmenistan, Aşgabat, Türkmen owazy, Türkmenistan sport teleýaýlymlaryny, şeýle hem açylan dört sany radioýaýlymlary ýokary hil derejesinde alyp görkezýär we eşitdirýär. Ol aýlawly ekwatorial orbitada we Ýerden 35786 kilometr uzaklykda ýerleşýär hem-de kämil bort radioenjamlary bilen üpjün edilmek bilen, ol ýerüsti radioobeketleriniň duýduryşyny kabul edýär, olary güýçlendirýär we olary diňe bir Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän däl, eýsem bütin Orta Aziýa, Eýran, Türkiýe, Demirgazyk Afrika we Ýewropanyň köp böleklerinde ýerleşýän beýleki ýerüsti radiobeketlerine hem alyp görkezýär. 



Orbitadan duýduryşy kabul etmek üçin Ahal we Daşoguz welaýatlarynda emeli hemrany dolandyrmak üçin iki sany- esasy we ätiýaçlyk merkez guruldy. Olar kosmiki apparaty dolandyrmak üçin antennalar we ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir. “Orbita” ýerüsti bekedinde türkmen hemrasyndan telewizion duýduryşy bermek we kabul etmek üçin antenna we enjam oturdylandyr. 

Bu kuwwatly älem alyp görkeziş we eşitdiriş bekedi hemra transpondýorlarynyň 26-ny öz düzümine alýar. Hemra telewideniýesi üçin “BSS” radioýygylyk ýaýlymlaryň 10-sy niýetlenendir. Olaryň göýberiş mümkinçiligi hem standart, hem ýokary ygtyýarly telewizion duýduryşlarynyň onlarçasyny alyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Radioýygylykly ýaýlymlaryň her birinde olaryň ukyplylygyna baglylykda SD (standart format) formatly teleýaýlymlaryň 8-ni, HD- TV (ýokary ygtyýarly) formatly 4 ýaýlymy, 3D-TV (“üç ölçegli format”) formatly teleýaýlymlaryň ikisini ýerleşdirip bolar. Şeýlelik bilen radioýygylyk ýaýlymlaryň onusynda 20-den 70-e çenli teleýaýlymlary ýerleşdirip bolar. Mundan hem başga milli aragatnaşyk hemrasynyň telewizion gepleşikleri, maglumatlary bermegi, radiotelefon, telegraf we aragatnaşygyň beýleki görnüşleri bilen biri-birinden 10-15 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti beketlerini aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bardyr. 

Älem apparatynyň tehniki mümkinçilikleriniň milli telewidenýeniň şu günki zerurlyklaryndan artyk gelýändigini nazarda tutup, “Türkmen hemrasynyň” (ÝGPJ) aragatnaşyk ýaýlymlarynyň köp bölegini daşary ýurt teleýaýlymlarynyň alnyp görkezilmegi üçin kärendesine berýär. Çäkleriň köp bölegini öz içine alýan “TürkmenÄlem 52°E” hemrasynyň mümkinçiligi Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny alyp görkezmäge üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder