1 Nisan 2016 Cuma

Türkmenistan –ÝUNISEF: çagalaryň saglygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

“Ýyldyz” myhmanhanasynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guralan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Ol çagalaryň irki ösüşi hem-de irki goşulyşmak hyzmatlary boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine bagyşlandy.

Duşuşyga Ankara uniwersitetiniň pediatriýa professory Ilgi Ertem we şu ugurdaky beýleki türk hünärmenleri, olaryň türkmen kärdeşleri gatnaşdylar. Çaga lukmanlaryny taýýarlamagyň we olaryň hünärini ýokarlandyrmagyň meseleleri, irki goşulyşmak hyzmatlaryny etmegiň ülňülerini, bäbekleriň hem-de çagalaryň ösüşinde näsazlyklary ýüze çykarmak, gözegçilik etmek, baha bermek üçin teswirnamalary işläp taýýarlamaga çemeleşmek, irki kömek gulluklarynyň bitewi ulgamyny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýşyň milli, welaýat, etrap we ýerli derejesinde şeýle ulgamyň ornaşdyrylmagy kömege mätäç çagalara öz wagtynda kömek bermek, çagalara we maşgala yzygiderli gözegçilik etmek, saglygynda hem-de ösüşinde näsazlyklar bolan çagalary okatmak babatda mümkinçilikleri üpjün etmek üçin zerurdyr. Bu ugurda pudagara gatnaşyklarynyň wajypdygy aýratyn bellenildi. 

Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen çagalaryň irki ösüşi meselelerine oňyn çemeleşmeleri görkezýär. Daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini öwrenmäge hem-de bu ulgamda täze ylmy işläp taýýarlamalary özleşdirmäge ýardam edýän okuwlaryň hem-de maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi bu meselede aýratyn orun eýeleýär. 

Duşuşyga gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilen  pikir alyşmalaryň barşynda  nesilleriň saglygyny pugtalandyrmak maksadynda, ÝUNISEF bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň wajypdygyny aýtdylar. 

Daşary ýurtly maslahat berijiler toparynyň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde resmi duşuşyklardan başga-da, saglygy goraýyş edaralaryň birnäçesine baryp görmek hem-de çaga we onuň maşgala agzalaryna kömek berýän hünärmenleriň işi bilen baglylykda irki goşulyşmak hyzmatlaryny etmek  boýunça okuwlaryň geçirilmegi göz öňünde tutuldy. 

Döwlet Baştutunamyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan lukmançylyk kömegini bermek ulgamynda uly üstünliklere eýe boldy. Çagalar keseliniň, eneleriň we çagalaryň ölüm-ýitiminiň  ep-esli azaldylmagyny, şeýle hem çagalara sanjym etmegiň ýokary derejesini şeýle üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini taýýarlamak işi kämilleşdirilýär, saglygy goraýyşyň düzümi, maddy-enjamlaýyn we ylmy usulyýet binýady berkidilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça temmäkä garşy göreşmek strategiýasy işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirildi, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işi giň gerime eýe boldy, bedenterbiýe-sport hereketi giňelýär. 

Şunuň bilen birlikde, çagalyk, çaganyň we enäniň hukuklaryny goramak ulgamynda kanunçylyk biýnady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, geçen hepdede, 26-njy martda milli parlament tarapyndan “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda”  Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Döwletimizde türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerine hem-de ýörelgelerine eýerilip, ilatyň has kömege mätäç bölegini, şol sanda saglyk taýdan çäkli çagalara ýardam bermek  meselesine uly üns berilýär. Olara goldaw bermek bolsa hukuk kepillikleriniň toplumyny, maksadalaýyk ykdysady we durmuş çärelerini göz öňünde tutýar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlaryň ählisi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol ugurlar bolsa 23-nji martda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda  2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň esasy düzgünleriniň birnäçesini kesgitledi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder