Bu minara Soltan Tekeşiň ýadygärliginiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Dünýäde Delidäki Kutub minaradan soňra ikinji ýerde durýan bu minaranyň uzynlygy 60 metre barabardyr. 7 metr belentlikden girelgesi bolup, 145 sany töwerekleýin basgançak bilen ýokary gupbanyň aşagyna çykylýar.
Minarada kerpiç örüminden edilen ýazgy bu desgany Altyn Ordanyň Horezm welaýatynyň hökümdary Gutluk Timuryň we Altyn Ordanyň soltany Özbek hanyň atlary bilen baglanyşdyrýar. Minaranyň 1930-njy ýylda prof. A.Ý. Ýakubowskiý tarapyndan okalan kufa stilinde ýazylan ýazgysynda şeýle diýilýär: “Iki dünýäniň şalaryndan iň bagtly patyşa, Allah onuň rehimdarlygyna keremdarlyk etdi we oňa hakykatyň işigini açdy hem-de ol kuwwatly patyşa araplaryň we arap dälleriň penakäri, älem-jahanyň we diniň şöhlesi, yslamyň we musulmanlaryň beýigi Gutlug Temur, Nejim-ed-deul-un-diniň ogly, Allah yslamyň ýeňşini, arasynda... we kuwwatly soltan Özbek hanyň häkimiýeti günlerinde bu jaýyň gurluşygyny uzaltsyn, Allah onuň patyşalygyny uzaltsyn”.
Ýazgynyň teksti minaranyň bina edilen wagtynyň takyk çäklerini 1320-1330-njy ýyllar diýip bellemäge mümkinçilik berýär. 60 metr töweregi beýiklikdäki minara köpçilikleýin ybadathana metjidiniňki bolupdyr. Muny arap syýahatçysy ibn Batuta hökümrdar Gutlug Temuryň - Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşypdyr.
Ýylmanak, oňat kerpiçlerden (30x30x5sm) nagyşly örülen aýlawlar belent desganyň bütin gabarasyny gelşikli edip bölüşdiripdir. Minaranyň depesinde agaç pürsleriň öýjükleri saklanypdyr, onuň üstünde bir wagtlar hemme taraplary açyk bassyrmajyk bolan eken, ol bolsa dekoratiw karniz bilen tamamlanypdyr. Şol bassyrmajykda durup, azançy adamlary namaza gelmäge çagyrmak bilen azan aýdýar eken. Minaranyň üstüne çykmak üçin, içerki aýlawly merdiwan bolup, onuň 145 basgançagy bolupdyr. Onuň basgançaklary işigiň ýanyndan ýeriň derejesinden 7 metr töweregi belentlikden başlanýar.
Minaranyň göwresinde kerpiçlere nagyş salnan 18 sany dürli inlilikdäki bogun-bogun halkalary bolupdyr. Halkalaryň üçüsi birwagtlar zaýalanypdyr.Ýerden 7 metr belentlikde ýene-de bir hatar kufi hatly ýazgy bar. Olarda Kuranyň ikinji süresiniň 252-nji aýatynyň, ýagny “Aýatu-l-kürsiniň” sözleri bar.
Halk arasyndaky rowaýatlarda, galyberse-de “Ýusup-Ahmet” dessanynda minaranyň gümmeziniň altyn gupbasynyň bolandygy barada aýdylýar.
Orta Aziýada iň belent bolan bu minara diňe bir weýran ediji uruşlary başdan geçirmän, eýsem ýer titremegi bilen bagly tebigy betbagtçylyklary hem başdan geçiripdir. Hürärmenleriň aýtmagyna görä minaranyň ozalky beýikligi 65 metre golaý bolupdyr. Ol XIV asyryň gurluşykçylarynyň we migmarlarynyň Ürgenç mekdebiniň adaty bolmadyk ýokary ussatlygynyň ajaýyp şaýadydyr.
Soltan Tekeşiň ýadygärligi
Köneürgenç etrabynda, Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda ýerleşen. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan (unikal) ymarat diýmek bolar. Ylmy edebiýatlarda oňa Tekeşiň mawzoleýi, halk arasynda bolsa Gökgümmez hem-de din wekili Şyh Şeripbabanyň aramgähi diýilýär. Soltan Tekeş 1172-1200-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Horezmşasydyr.
Bu desgada portalyň arkalaryny doldurýan stalaktidler we bütünleý adaty bolmadyk, 24 tagça bölünen, belent gofrirlenen barabanyň üstünde beýgelip gidýär. Mawy, konus şekilli çadyr görnüşindäki gümmez aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Her bir tagça stalaktid bilen tamamlanypdyr. Tagçalar biri-birine ýiti ikigyraňly gapyrgalara aýyrýar. Baraban mawy syrça kerpiçden “bantikler” tipinde goşundysy bilen sary ýylmanan kerpiçden nagyşly örülipdir.
Desganyň daşarky ýüzüniň özboluşly arhitektura çözülişi saýasynda konus astyndaky barabanyň planynda sekiz burçly içerki gümmezasty kontur bilen dogry çekilen 24 burçly ýyldyz görnüşi bar. Konus şekilli çadyr görnüşli gümmeziň karniziniň aşagynda silindriň aýlawy boýunça güberdilip ýazylan arap dilindäki Gurhanyň bölekleri bilen tutuş mawy zolak gidýär. Çadyr görnüşli gümmeziň ýokarky üçden ikisi “ýolka” şekilinde örülen mawy syrçaly kerpiç bilen ýüzlenipdir. Mawzoleý 29x29x6 (6,5) sm ölçegli kerpiçden örülipdir. Öň mawzoleýiň demirgazyk ýüzüne nähilidir bir uly jaý birigýär eken.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder