27 Nisan 2016 Çarşamba

Türkmenistanyň Taryhy Maglumatlary Nýu-Ýorkda Görkezildi

Amerikanyň iri sungat merkezleriniň biri bolan Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýinde “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde we “Gozgalýan milli taryhy-medeni mirasy goramak, getirmek we äkitmek hakynda” 2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde güýje giren Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda işjeň görkezilýändigini bellemeli.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhyny toplumlaýyn we çuňňur ylmy esasda öwrenmek, saklamak, wagyz etmek hem-de onuň maddy-ruhy mirasyny baýlaşdyrmak döwletimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň muzeýlerine möhüm orun degişlidir. Olar milletiň taryhy-medeni mirasyny goraýjylar, ýurdumyzyň iri ylmy merkezleri hasaplanýar. Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy, özboluşly medeni dessurlary, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten derejeleri muzeýleriň gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Muzeý işini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar we milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýar. Türkmenistanda diňe bir milli däl, eýsem, umumy adamzat ähmiýeti bolan taryhy-medeni gymmatlyklaryň ägirt uly mukdary Türkmenistanda muzeý işiniň ösdürilmegine ýardam edýär. Bahasyz milli mirasymyzy, taryhy medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we öwrenmek babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda abraýly halkara guramalary we dünýäniň iri muzeýleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwdet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridi.

Bu halkara sergisiniň ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat gelmeginde aýratyn many bar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde guralan milli sergi bölümi köpsanly daşary ýurtlularyň türkmen halkynyň durmuşyna çuňňur aralaşmagyna, taryhy döwürde Seljuklar döwletiniň beýikligini alamatlandyrýan taryhy maglumatlar bilen tanyşmagyna ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş we Köneürgenjiň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň serişdeleriniň gymmatlyklarynyň 15-si Gadymy Merwde  Beýik Seljuklar döwletiniň döwründe sungatyň ösüş derejesi hakynda giňişlýein maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda Merw Gündogaryň paýhas durmuşynyň belli merkezine öwrüldi. Bu şäher ХI ayrda Beýik Seljuklar döwletiniň düzümine giren wagtlary has-da gülläp ösüpdir. Hut şol döwürde ol “Maru-Şahu-Jahan” diýlip atlandyrylypdyr. 1118-nji ýyldan başlap seljuklaryň iň soňky soltany Sanjar Maryny döwletiň paýtagtyna öwrüpdir. Şol döwürde bu şäheriň baýlygy has-da artypdyr we gözelligi bilen haýran galdyrýan beýik binalar, metjitler we köşkler gurlupdyr. Orta asyr sene ýazgyçylary Merwiň kitaphanasynyň musulman dünýäsinde iň gowularynyň biridigi barada öwran-öwran gaýtalapdyrlar.

Seljuklar döwleti Palestinadan başlap, Hyýaýa, Eýrandan we Owganystandan Aral deňzine çenli bolan aralygy eýeläpdir. Soňra Çingiz hanyň çozuşlary mahalynda  mejbury göçen oguz nesilleri döwlet dörediji kuwwatlyklaryny saklap galypdyrlar we Gündogarda Kawkazdan Hindistana, Günbatarda bolsa Türkiýä çenli bolan giňişlikde birnäçe garaşsyz emirlikleri, hanlyklary döredipdirler. Merwiň rowaýata öwrülen taryhy dünýäniň arheologiýa ylmynyň wekillerini özüne çekýär, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllaryndan başlap, türkmen hünärmenleriniň London uniwersitetiniň arheologlary bilen bilelikde guramagynda Merw boýunça köpýyllyk halkara taslamasy amala aşyrylýar. Otuz ýyl mundan ozal bu ýerde “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi bilen geçen asyrlaryň ajaýyp binagärlik ýörelgelerini öwrenmek boýunça ägirt uly işlere giň gerim berildi. Hut şu ýerde üç ýyl mundan ozal medeniýet ulgamy boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösüşini aňladýan möhüm taslamalaryň biriniň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. “Medeni mirasy saklamak” döwlet departamentiniň maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Ilçi gaznasynyň gönükdiren serişdelerine laýyklykda, orta asyr binagärlik ýadygärligi bolan Uly Gyz galany abatlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. 

Seljuklaryň dolandyran döwründe, aýratyn-da, Soltan Sanjaryň döwründe gurluşyk işleri has-da ösüpdir. Şol döwürde düýpli binagärlik ýörelgeleriniň nusgalyk derejesi döredilipdir. Şol mahallar şäheriň çägi 1500-1800 gektara barabar bolup, Ýakyn Gündogaryň Damask, Aleppo, Ierusalim ýaly şäherlerinden pes bolmandyr. Merwiň gerimi ХII asyrdan  ХIV asyra çenli döwürde Günbatar Ýewropanyň Pariž, Bolonýa, Milan, Neapol ýaly şäherlerinden has uly bolupdyr. 

Häzirki Soltan gala şäheriniň ýadygärlikleriniň ýerleşen ýeri orta asyr Merwinde soltan Sanjaryň kakasy Mälik şanyň hökümdarlyk eden döwri hasaplanýar. Şäheriň merkezinde metjitden, birnäçe jemgyýetçilik edara binalaryndan we soltanyň kabulhanasyndan ybarat bolan binalar toplumy ýerleşipdir. ХII asyryň kyrkynjy ýyllyarynda bu topluma häzirki günlere çenli saklanyp galan orta asyrlar binagärliginiň ajaýyplygy bolan Soltan Sanjaryň aramgähi giripdir. Şäherde Şähriýar ark diýen köşk esasy orunda bolupdyr. Onuň içki bezeglerinde häzirki döwürlere çenli saklanyp galan köşgüň galyndylaryny we desganyň ajaýyp bezeg serişdelerini görmek bolýar. Onda Seljuk soltanlarynyň ýokary döwlet geňeşi mejlisleri gurapdyr.

Şol döwürde Merwiň köçeleriniň ýakasynda metjitler, medreseler, kitaphanalar we has belli adamlaryň ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Senetkärçilik, şol sanda dokmaçylyk, küýzegärlik, demir işläp  bejermek, zergärlik has ösüpdir. Merwiň ýüpek, nah we ýüň matalary, küýzegärçilik önümleri bu döwletiň daşynda uly islegden peýdalanypdyr we halkara söwda gatnaşyklarynyň esasyny düzüpdir. Medeniýetiň ýokary ösüş derejesi ylmyň ösmegine edipdir. Merwden giň meşhurlyk gazanan köpsanly alymlar, şahyrlar çykypdyr. Olaryň hatarynda özlerine Merwezi tahallusyny alan belli filosoflar, astronomlar, lukmanlar, edebiýatçylar we taryhçylar bolupdyrlar.

Belli arap geografy we jahankeşdesi Ýakud Merwiň kitaphanasynda işläpdir we geografiki işini döredipdir. Soltanyň ofserwatoriýasynda Gündogaryň belli alymy  Omar Haýýam işläpdir. Ol bu ýerde şol döwür üçin dürs hasaplanan senenamany döredirdir.

Merw şäheri Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde gündogar halklarynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň esasy bölegi saklanypdyr. Merwiň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynla ýerleşmegi dünýäniň dürli ýurtlarynyň täjirleri üçin has-de ähmiýetli bolupdyr. Hut şu ýerde ýüküni tutan söwda kerwenleri çap tarapa ýol salypdyrlar.

Gadymy döwürlerden bäri Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ugur halklaryň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edipdir we dünýä medeniýetiniň ösüşine aýratyn goşandy bolupdyr. Orta asyr ýazuw çeşmeleri munuň şeýledigini tassyklaýar.

Gadymy Merwiň 1999-njy ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bu şäheriň diňe bir türkmen halkynyň buýsanjy bolman, eýsem, tutuş adamzadyň gymmatlydygyny aňladýan anyk subutnamadyr.

Bu gezekki sergä gatnaşyjylar Merwe we Merw ýaýlasynyň gadymy şähelerine degişli ajaýyp gymmatlyklaryň birnäçesini synladylar. 
1040-njy ýylda seljuklar gaznewid soltany Masudyň gowy ýaraglanan goşunlarynyň garşysyna bolan söweşde ýeňiş gazanan ýeri bolan we ady rowaýata öwrülen Daňdanakan barada köp zatlary bilmek, şondan soň bu ýerleriniň seljuk serkerdebaşylary Gündogaryň beýik döwletiniň döremeginiň başlangyjyny goýan doganlar Togrul begiň we Çagry begiň eline geçýär. Geçen asyryň ortalarynda ýurdumyzyň arheologlary Daňdanakanyň çäginde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň barşynda kaşaň metjidiň-- mährabynyň üstüni açdylar. Mährab zerur gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly tehniki kesijileriň kömegi bilen ýerine ýetirilipdir we yslam dünýäsiniň ajaýyp sungatyny alamatlandyrýar. Sergide bu mährabyň has anyk bölekleriniň üçüsi görkezilýär. Olaryň ikisi tutuşlygyna şekiller bilen örtülen ýarym sütünden we mährabyň gönüburçlugynyň bezegini emele getiren arap hatlary ýazylan saklanyp galan bir sütünden ybaratdyr.

Bu ýerde görkezilýän milli gymmatlyklaryň arasynda tansçylaryň keşbi şekillendirilen we şahyrana ýazgylar bilen örtülen tutawyjy bolan özboluşly küýze bar. Ol ХI- ХII asyrlaryň keramiki gaplarynyň aýratyn görnüşi bolmak bilen, baýramçylyk çäklerinde ulanylypdyr. Bu küýze Gadymy Merwiň baý öýleriniň birinden tapylypdyr.

Birnäçe ownuk bürünç gymmatlyklar şol döwürde Merwde ussat senetkärleriň bolandygyna şaýatlyk edýär. Olar gündelik durmuşda ulanylýan senetleri örän çeper görnüşde döredipdirler. Lukmançylyk serişdeleri, naşyja çemçe, ikitaraply susak, dürli ýazgylar we nagyşlar bilen bezelipdir. Altyndan edilen zenan bilezikleri has-da gymmatly bolup durýar. Olaryň biri örän çylşyrymly görnüşde edilip, beýleki ikisi birmeňzeş içki bezegli bileziklerdir. Olar ýarym asyr mundan ozal Murgap derýasynyň ýakasynda, 
türkmen-owgan serhediniň ýakynynda ýerleşýän Merwerud şäheriniň galyndylarynda  gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan altyn teňňeler hazynasynyň arasyndan çykypdyr. Seljuk eýýamynyň binagärlik bezeginde ulanylan reňkleriň seýrek duş gelýän doýgun görnüşi haýran galdyrýar. At üstündäki çapyksuwar şekillendirilen dokuz burçly ýyldyz görnüşdäki zümerret plitalaryň ähmiýetiniň örän ýokarydygyny bellemeli. Merhum bolan atanyň şekilini janlandyran we mukaddes ýerde oturdylan daş heýkel bu ýerde görkezilen gymmatyklaryň esasylarynyň biridir. Türkmen halkynyň gadymy taryhyna degişli maglumatlaryň üns merkezinde bolandygyny bellemeli. Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyz şunuň ýaly giň möçberli halkara çäresine ilkinji gezek gatnaşyp, daşary ýurtlarda guralýan giň möçberdäki sergä özüniň taryhy gymmatlyklaryny wagyz edýär.

Keramiki aýnalardan, gipsden edilen şekillerden, ýazuw resminamalardan, matadan, agaçdan we demirden edilen önümlerden ybarat bolan 270-e golaý gymmatlyklar Amerika, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, şahsy muzeýleriň gymmatlyklary üçin guralan sergide görkezildi. Şeýle hem bu ýerde köpsanly düzümler öz gymmatlyklaryny ilkinji gezek görkezýärler.

Mowzuklaýyn sergini Merkezi Aziýanyň we Eýranyň seljuklar soltanlarynyň we belli hökümdarlarynyň atlary bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary açýar. Onda teňňelerdäki we binagärlikdäki ýazgylar, gips nyşanlary, şa gwardiýasyny, emirleri we köşk gullukçylaryny şekillendirýän gymmatlyklar Beýik Seljuklar köşgi barada gürrüň berýär.

Beýleki bir bölümde soltanlaryň durmuşy we olaryň köşk durmuşy barada gips eserlerinde, küýze, metal önümlerinde, kitap sungatynyň seýrek duş gelýän bezeg görnüşlerinde we beýleki serişdelerde gürrüň berilýär. 

Şekillendiriş sungatyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Ylymda, lukmançylykda we tehniki ulgamda gazanylan üstünlikler manuskiptlerde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle hem şol döwrüň ylym we lukmançylyk usullary barada gürrüň berilýär. Yslam dünýäsiniň irki döwürlerine degişli suwaryş ulgamy baradaky maglumatlar aýratyn üns berilmegine mynasyp boldy. Beýleki ähmiýetli gymmatlyklaryň hataryna bu çylşyrymly suwaryş guralyny Mekgä bolan ýoly kesgitlemek we doga-dilegler üçin ýagtylyk tarapy diýip atlandyrmak bolar.

Jemleýji, altynjy bölüm merhumy ugratmak bilen baglanyşykly dessurlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde mazarüsti daşlarynyň dürli nyşanlary, merhumy jaýlamakda ulanylýan enjamlar, bezegli matalar we seljuklaryň mazarlaryndan tapylan beýleki serişdeler görkezilýär. 

Sergide seljuk eýýamynyň binagärligine degişli dürli görnüşleri şekillendiren fotosuratlar mynasyp orun eýeleýär.

Şu sergi mynasybetli alymlar we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen baý bezegi bolan gollanma taýýarlanypdyr. 

1872-nji ýylda esaslandyrylan Metropoliteniň ABŞ-nyň iri sungat muzeýleriniň we dünýäniň iri muzeýleriniň onusynyň biri bolup durýandygyny bellemeli. Onuň binalar toplumynda 2 milliona golaý gymmatlyklaryň saklanýandygy, olaryň ýüz müňüsiniň sergide goýlandygy bellärliklidir. Muzeýe her ýylda 6 milliondan gowrak adam gelýär. 

Sergi şu ýylyň 24-nji iýulyna çenli dowam eder.

 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder