Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkezinde awtomobil sürmek hem-de ilkinji gezek motosiklet sporty boýunça IIM-niň kubogy ugrunda büsleşikler geçirildi. Awtomobil sürmek boýunça ýaryşlarda hereketlendirijisiniň möçberi 125 kub santimetr bolan “Halkara” kysymly kartlarda, “Volkiсar” we “Alfa Romeo” ýaryş ulaglarynda türgenler medallar ugrunda bäsleşdiler, motosikiletli bäsleşiklerde hem ýeňijiler we baýrakly orunlary alanlar kesgitlendi.
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda sport biraýlygynyň çäklerinde guralan motosiklet sporty boýunça bäsleşiklerde ähli baýrakly orunlary IIM-niň işgärleri eýelediler. “Galkan” toparynyň wekili Begenç Annaýew birinji orny, “Köpetdag” toparyndan Bezirgen Niýazow ikinji orny, Aşgabat şäher polisiýa müdirliginiň “Asudalyk” toparyndan Merdan Çaryýew bolsa üçünji orny eýeledi.
Motosport boýunça ýaryşlar şöhratly sport ýörelgelerini dikeltmegiň ýolunda ilkinji ädim boldy. Ozallar gyş paslynda dürli ýurtlardan gelen motosportçylar okuw-türgenleşiklerini geçýärdiler. Häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport hereketini ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde sportuň bu tehniki görnüşi meşhurlyga eýe bolýar.
Golaýda döwlet Balştutanymyzyň Içeri işler ministrliginiň Sportulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde motosport bilen meşgullanmak we sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek üçin motoulag bölümi guruldy hem-de enjamlaşdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanly üçin durmuş kadasyna öwrülmelidir, çünki gündelik beden maşklary adamyň özüni duýşuny gowulandyrýar, ruhuny belende galdyrýar, işe ukyplylygy artýar, döredijilik we intellektual işlerine höweslendirýär. Sagdynlygyň, gözelligiň hem-de sazlaşygyň beýany bolan sport adamda düzgün-tertibi we erk-islegi, maksada okgunlylygy hem-de zähmetsöýerligi terbiýeleýär, döredijilik ylhamyny oýarýar.
2017-nji ýylda Aşgabatda gpeçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleriniň biri hökmünde görkezmek bolar. Halkara sport giňişliginde türgenlerimiziň gazanýan ajaýyp ýeňişleri sport ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesi bolup durýar.
Şonda döwlet baştutanymyz sport-ulag merkezinde sportuň şu görnüuşi bilen gyzyklanýan ýaş türkmenistanlylaryň sport tehnikalary dolandyrmagy üstünlikli özleşdirip bilmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegi şeýle hem ýaşlarymotosport bilen meşgullanmaga işjpeň çekmegi tabşyrdy. Şu günki geçirilýän ýaryş hem milli Liderimiziň şol tabşyrygana özboluşly jogap boldy.
Karting boýunça ýaryşda Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony, “Galkan” toparyndan sport ussatlygyna kandidat Wýaçeslaw Şkunow ýeňiş gazandy. Ikinji orny Milli awtosport merkezinden Gurbanberdi Daňatarow, üçünji orny bolsa Guwançmyrat Hommadow (IIM-niň awtosport merkezi) eýeledi.
Karting boýunça bürünç medala eýe bolan G.Hommadow “Volkiсar” ýaryş ulagynda hemmelerden üstün çykyp, pellehanada “Nesil” toparyndan ikinji orny alan türgen Parahat Garlyýewden (IIM-niň instituty) öň geldi, “Hereket” toparyndan Gara Garaýew bürünç medaly eýeledi.
“Alfa Romeo” kysymly awtoulaglarda “Nesil” toparyndan P.Garlyýew üstün çykdy. “Köpetdag” toparyndan Myrat Magtymow ikinji orny we “Nesil” toparyndan Merdan Çaryýew üçünji orny eýelediler.
Awtomobil sürmek boýunça indiki bäsleşikleri IIM-niň Awtosport merkezinde 30-njy aprel - 1-nji maý aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde “Volkiсar” ýaryş ulaglarynda hem-de karting boýunça ýaryşlar hem sport biraýlygynyň çäklerinde guralar we Ýeňiş baýramyna bagyşlanylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder