1 Nisan 2016 Cuma

Türkmen Myhmansöýerliginiň Däpleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň başyny başlap, pudagyň öňünde giň möçberli wezipeleri goýdy we olary çözmegiň anyk ýollaryny hem-de maksatlaryny kesgitledi. Şol wezipeler bolsa Türkmenistanda syýahatçylygy halkara derejesine çykarmakdan, dünýäniň syýahatçylyk ulgamyna ýakynlaşdyrmakdan, milli taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmek arkaly tutuş adamzadyň gymmatlygyna öwürmekden ybaratdyr.

Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de Amerikanyň 15 ýurdundan syýahatçylyk operatorlarynyň ýurdumyz boýunça maglumat-tanyşlyk gezelenjini amala aşyrmak üçin çagyrylmagy Türkmenistanyň we beýleki köp döwletleriň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň dowamyna öwrüldi. Hünärmenleriň toparyna Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Şweýsariýanyň, Gollandiýanyň, Çehiýanyň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Awstraliýanyň, Kanadanyň, Eýranyň we Özbegistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň 160-dan gowragy girdi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan olar üçin daşary ýurtly jahankeşdeleriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan ugurlar boýunça saparlar guraldy. Şeýle hem özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini öz gözleri bilen görmäge hem-de baha bermäge, bilelikdäki işiň anyk usullaryny we ýollaryny kesgitlemäge ýardam beren çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. 

Myhmanlarymyza baý taryhy mirasly, täsin we gaýtalanmajak tebigatly, özboluşly medeniýetli mekan hökmünde Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga, zehinli hem-de zähmetsöýer halkyň gülläp ösýän häzirki durmuşyny synlamaga mümkinçilik döredildi. 

Bu syýahatçylyk ugry ak mermerli paýtagtymyzdan başlandy, onuň bilen tanyşlyk Aşgabadyň ajaýyp ýerlerine we muzeýlerine baryp görmek çärelerini öz içine aldy. Myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara atçylyk sport toplumyna hem baryp gördüler. Olar atçylyk toplumynda naýbaşy ahalteke bedewleriniň gözelligine syn etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny bu ajaýyp atlara bagyşlady. 

Daşary ýurtly hünärmenler asma ýol boýunça gezelenç etdiler, şol ýerden Aşgabada ajaýyp görnüş açylýar. Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar syýahatçylyk ugrunyň esasy bölegine öwrüldi: “Nowruz ýaýlasynda” myhmanlar türkmenleriň ajaýyp däp-dessurlary we gadymdan gelýän urp-adatlary bilen ýakyndan tanyşdylar, halk döredijiliginiň ajaýyp dünýäsine aralaşyp, türkmen myhmansöýerliginiň şaýatlary boldular. 

Daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri tagamly palawdan, dogramadan, pişmeden we beýleki tagamlardan dadyp gördüler. Elde dokalan halylar, ussat türkmen zergärleriniň gymmatly önümleri myhmanlary haýran galdyrdy. Wekiliýetiň düzüminde zenanlaryň biri düýäniň üstündäki toý kejebesine münüp, özüni gelniň keşbinde synap gördi, milli keşdeleri döretmegiň inçe tärleri bilen gyzyklandy. Erkek kişiler bolsa ak öýleriň dikilişine gatnaşdylar, pälwanlaryň göreşine tomaşa etdiler. Myhmanlaryň köpüsi hiňňillikde uçmakdan lezzet aldy. Olaryň ählisini türkmen tagamlary haýran galdyrdy. 

Syýahat etmegiň barşynda Ahal welaýatynda myhmanlar ekologiýa we ekstremal syýahatçylygyň muşdaklarynyň ýollary boýunça geçdiler, köpler üçin täsin bolan çölüň jümmüşine baryp gördüler, soňra bolsa ýurdumyzyň beýleki bir sebitine – Hazar deňziniň kenaryna, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  başlangyjy boýunça döredilýän deňiz şypahanasynyň düzümi we geljegi bilen içgin tanyşlykdan soň, syýahatçylyk ugrunyň tanyşlyk maksatnamasy Köneürgençde - orta asyr musulman medeniýetiniň ajaýyp ýadygärlikleri bilen meşhur bolan açyk asmanyň astyndaky binagärlik muzeýinde dowam etdi. 

Daşary ýurtly syýahatçylyk hünärmenleri Mary welaýatynda hem myhmançylykda boldular. Olaryň aýtmagyna görä, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Özleriniň täsin görnüşi bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyzgala, Soltan Sanjaryň ägirt uly kümmeti türkmen halkynyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan täsin arheologiki tapyndylar hem-de etnografiki gymmatlyklar hem myhmanlary haýran galdyrdy. 

Myhmanlar Aşgabada gaýdyp gelip, gezelenjiň tamamlaýjy bölegini ýurdumyzyň häzirki durmuşy bilen has ýakyndan tanyşmaga bagyşladylar, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini öz gözleri bilen gördüler. 

Olar şeýle hem “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezine,  “Gülüstan” bazaryna  baryp gördüler, ajaýyp seýilgähleriň seýilýodalary, paýtagtymyzyň şaýollary boýunça gezelenç etdiler. Binagärlik toplumlaryna we täze desgalara haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Ýöne olar türkmenistanlylaryň myhmansöýerligini, açyklygyny hem-de dostanalygyny aýratyn bellediler. 

Elbetde, syýahatçylyk işewürliginiň hünärmenleri hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge, milli syýahatçylyk önüminiň aýratynlyklaryna, syýahatçylary ýerleşdirmegiň ugurlaryna üns berip, myhmanhanalaryň birnäçesi bilen tanyşdylar we hyzmatyň derejesine baha berdiler. Hünärmenler üçin bu sapar iş häsiýetine hem eýe boldy. Syýahatçylyk ugrunyň resmi – işewür bölegi türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri hem-de geňeşmeleri, tejribe alyşmagy hem-de birnäçe teklipleri  ara alyp maslahatlaşmak çärelerinden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, maglumat-mahabat ugrunda bilelikdäki işi has-da işjeňleşdirmegiň, Türkmenistanyň syýahatçylyk kuwwatyny daşary ýurtlarda wagyz etmegiň, dünýäniň syýahatçylyk  ulgamynyň bilermenlerini hem-de maýadarlaryny bu işe çekmegiň wajypdygy nygtaldy. 

Myhmanlarymyz aýdyň täsirlerden, ajaýyp ýatlamalardan, köpsanly sowgatlyk önümlerden, suratlardan we wideomateriallardan başga-da, özleri bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň sanlaryny, şol sanda iňlis dilinde neşir edilen sanlaryny alyp gitdiler. 

Ýöriteleşdirilen neşir giň okyjylar köpçüligine, syýahat etmegi halaýanlara niýetlenendir. Onuň her bir sanynda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň biri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Žurnal okyjylary diňe bir ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, ajaýyp ýerleri hem-de täsin ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen hem tanyşdyrýar. 

“Syýahat” žurnaly döwrebap bezelişi,  maglumatlara hem-de suratlara baý mazmunyny döretmäge döredijilikli çemeleşmesi bilen meşhurdyr. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň syýahatlar kartasynda geljegi uly ugur hökmündäki abraýyny artdyrmaga ýardam edýär.  

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek bu wezipäniň çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, häzirki wagtda diňe bir hyzmatlary ýa-da önümleri teklip etmegiň ýeterlik däldigini, marketing usullaryny hem-de mahabatyň mümkinçiliklerini ulanyp,  olary bazarda netijeli ilerletmegi başarmagyň hem möhümdigini nygtaýar. Bularyň ählisi syýahatçylyk ulgamyna hem degişlidir. 

“Syýahat” žurnalynyň golaýda çykan nobatdaky sanynda şu wezipäni çözmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalyň täze sany  Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan “Miras – halkara medeni alyşmalary ösdürmegiň binýady” atly makala bilen açylýar. 

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly soňky wakalaryň syny hem getirilýär. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan makala bolsa okyjylary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäheri hem-de bu ýerde ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyrýar. 

Türkmen topragy taryhyň dürli döwürlerinde bu ýerde siwilizasiýanyň uly merkezleriniň, kuwwatly döwletleriň hem-de gülläp ösen iri şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärliklere baýdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu meselä aýratyn üns bermegi netijesinde golaýda Paryzdepe ýadygärligi hem täze “ömre” eýe boldy. Milli Liderimiz alymlary bu ýadygärligi öwrenmäge çagyrdy. 

Ýurdumyzda has içgin öwrenilmäge hem-de wagyz edilmäge, syýahatçylyk dolanyşygyna giňden çekilmäge mynasyp taryhy ýadygärlikler başga-da az däl diýip, döwlet Baştutanymyz aýdýar. Bu mesele “Syýahat” žurnalynyň sahypalarynda hem giňden beýan edilýär. Onuň nobatdaky sanynda Balkan welaýatynyň ajaýyp taryhy ýerleri hem-de zyýaratçylaryň ünsüni çekýän künjekleri barada gürrüň berilýär. 

Žurnalyň soňky sahypalarynda  şu ýyl üçin «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň howa gämileriniň ýerli gatnawlaryndaky uçuş rejesiniň tertibiniň çap edilmegi ýurdumyzyň jahankeşdeleri üçin peýdaly täzelik boldy. 

Neşiriň däp bolan bölüminde dünýä syýahatçylygyndaky wakalar hem-de onuň ösüşiniň ugurlary barada gürrüň berýän gysgajyk makalalar hem-de “Jahan täsinlikleri” bölüminde dünýäniň iň täsin we adaty bolmadyk ýerleri baradaky habarlar çap edildi. 

Bu makalalar diňe bir gyzykly we özüne çekiji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň syýahatçylyk pudagynyň tejribesini  özleşdirmek, dürli ýurtlaryň tebigy özboluşlylygynyň hem-de medeni mirasynyň esasynda olar tarapyndan işlenip taýýarlanylan täsin taslamalary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan-da örän peýdalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini hut şu wezipäni çözmäge ugrukdyryp, dünýä bazarynyň şu ugruny içgin öwrenmek babatda anyk tabşyryklary berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bu bazary işjeň özleşdirip, dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylaryň köpsanlysyny özüne çekýär. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder