23 Nisan 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza ýokary derejede tiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany “UAZ 39629-016” kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder