26 Nisan 2016 Salı

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Okgunly Ösüşi

Geçen hepde tutuşlygyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara beslendi, ol Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn giň gerim bilen bellenildi. Asyrlaryň dowamynda şöhrata beslenen ahalteke bedewiniň hormatyna guralan dabaralar ýüwrük bedewler goşulan paýtun mysaly Watanymyzyň ähli künjeklerine türkmen toýunyň şatlykly we köpöwüşginli äheňini çaýyp, öz gerimine köp sanly daşary ýurtly myhmanlary hem ýygnady. 

Milli senenamamyzyň şanly baýramyna gabatlanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manežiň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde gurlan häzirki zaman nusgalyk Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralary geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar, bu bedewler köp asyrlaryň dowamynda halk seçgiçiligi esasynda türkmen topragynda kemala getirilýär hem-de gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. 

Milli Liderimiz behişdi bedewleriň okgunly ösýän özygtyýarly ýurdumyzyň nyşanydygyny belledi. Ýanardagyň şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda hem atyň şekili ýerleşdirildi, munuň özi ýelden ýüwrük bedewlere belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça iri möçberli çäreler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary bina edildi, olarda at çapyşyklaryny geçirmek, atçylyk sporty hem-de milli at üstündäki oýunlar bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde täze Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr, onuň giň çäklerinde auksion binasy, okuw merkezi, 600 baş ata niýetlenen athana, tiz kömek bölümi bolan mal lukmançylyk binasy ýerleşýär. Toplumyň düzümine doping-gözegçilik, karantin binalary we atlar üçin howuz girýär. Bedewleri çapyşyklara, konkur boýunça bäsleşiklere hem-de beýleki ýaryşlara taýýarlamak, olara baş öwretmek, bedewe erk etmegiň tälimlerini işläp taýýarlamak we bu ugurda ussatlyk derejesini kämilleşdirmek üçin ýörite türgenleşik meýdançalary gurnaldy. Atçylyk sport toplumynyň muzeýinde ahalteke atşynaslygynyň taryhy bilen tanşyp bolar. 

Bu toplumda işlejek atşynaslar hem-de beýleki hünärmenler üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen täze Aba Annaýew obasynda 114 maşgala niýetlenen ýaşaýyş toplumy guruldy. Bu ýerde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan iki gatly jaýlaryň 57-si bina edildi. Hemme amatlyklary bolan 4 we 5 otagly öýlerde rahat ýaşamak üçin ähli şertler, enjamlaşdyrylan aşhanalar hem göz öňünde tutulypdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň her biriniň howlusynda awtomobil goýmak üçin binalar hem bar. 

Mundan başga-da, obanyň çäginde birnäçe durmuş maksatly desgalar — çagalar bagy, umumybilim berýän orta mekdep, jemgyýetçilik merkezi guruldy, bu merkeziň düzümine saglyk öýi, dükanlar, dellekhana we beýlekiler girýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalar bilen tanyşlygyň barşynda öýleriň birine baryp gördi, onda tejribeli seýis, bitiren hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlara mynasyp bolan I.Agamyradowyň maşgalasy ýaşaýar. Milli Liderimiz täze öýüň ýaşaýjylary bilen söhbetdeşlikde olaryň täze öýde ýaşamaklary üçin döredilen şertler, otaglaryň ýerleşdirilişi bilen gyzyklandy. Ussat atşynas we onuň uly maşgalasy hormatly Prezidentimize atçylyk pudagynyň işgärleriniň adyndan halkymyza dünýäde şan-şöhrat getiren ahalteke atçylygynyň gadymy ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak hem-de dowam etdirmek üçin alyp barýan yzygiderli tagallasyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 

Köpöwüşginli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly çeperçilik sergileri, bäsleşikler, sungat ussatlarynyň konsertleri, 60 kilometr uzaklyga atly ýöriş hem-de şöhratly ahalteke bedewlerine bagyşlanan beýleki çäreler guraldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen açyk maneži ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu ýerde atçylyk boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy, hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar geçirildi. Şol gün Aşgabadyň atçylyk sport toplumyndaky täze açyk manežde sportuň olimpiýa görnüşleriniň biri hem-de Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen konkur boýunça bäsleşikler geçirildi. 

Türkmenistanda atçylyk ösüşiň täze derejesine çykaryldy hem-de ýurdumyz öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary we nou-haulary çekmäge hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýär. Paýtagtymyzda geçirilen maslahatlar hem bu maksada gönükdirilendir, olar türkmen atşynaslarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat mümkinçilik boldy. 

Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisini görkezmek bolar, mejlise gatnaşmak üçin Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň dürli ýurtlarynyň wekilleri geldiler. Forumyň gün tertibine assosiasiýanyň işi hem-de geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

Halkara sergi-ýarmarka dünýä atçylyk işewürligi tarapyndan Türkmenistana ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy, onda 25 döwletden iri kompaniýalaryň we firmalaryň ýüzlerçesi öz bölümlerini görkezdiler. Sergi atçylyk pudagynyň ähli ugurlaryny: atçylyk sportuny, tohumçylygy ösdürmegi, aýlawlary gurnamagy, mal lukmançylygyny, atlary ösdürip ýetişdirýänler hem-de çapyksuwarlar üçin harytlary — lybaslary, iýmleri we iýmite goşundylary, lukmançylyk enjamlaryny, athanalar üçin abzallary, gurallary bu ugurda işleýän ussalar üçin enjamlary, sowgatlyk önümleri öz içine aldy. 

“Türkmen bedewi we dünýäniň atşynaslyk sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahat baýramçylyk çäreleriniň uly ähmiýetlileriniň ýene biri boldy, onuň işine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atçylyk boýunça belli alymlarynyň, atşynaslaryň, taryhçylaryň, etnograflaryň hem-de beýleki hünärmenleriň 100-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Kanadadan, Urugwaýdan, Malaýziýadan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller bar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly täze kitaby behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä atşynaslygynyň naýbaşy tohumyna degişli bedewlere bagyşlanan kitaplaryň birnäçesi döwlet Baştutanymyzyň zehininden dörän eserlerdir, olar dünýäniň köp dillerine terjime edildi hem-de ippologlaryň we at ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň arasynda, Türkmenistanda we köp sanly daşary ýurtlarda şöhrat gazanan hem-de täsin bedewlere sarpa goýýanlaryň arasynda ägirt uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ahalteke bedewini taryhyň hem-de türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleri nukdaýnazaryndan beýan etmek bu neşiriň esasy maksadydyr, munuň özi bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda has-da uly ähmiýete eýedir. 

Hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 18-nji aprelde milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna jogapkär orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini bellemelidiris. Maslahatda durmuş-ykdysady strategiýany hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 21-nji aprelde geçirilen bilelikdäki mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynda täze maýa goýum taslamasy — Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetiki suwuk ýangyjy öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy, dokma önümleriniň önümçiligini giňeltmek, elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek garalan meseleleriň esasyny düzdi, maý aýynda bellenilýän baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk çärelerine aýratyn üns berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen welaýat, şäher, etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň edarasy 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli, uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna milli Liderimiziň adyndan 200 manat möçberinde pul sylagyny we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi. 

Syny dowam etmek bilen, milli Liderimiziň Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şeýh Jauan bin Hamad Al-Tani, Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud, Russiýanyň «ARETI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň we işjeň gatnaşyklaryň dürli ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek. 

Türkmenistanyň Mejlisinde Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet Sebitiň halk ýygnagynyň başlygy D.Konstantinowyň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi. Myhmanlar milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň düzümi we ugurlary, halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Aşgabatda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň goldaw bermeginde «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» forumynyň çäklerinde guralan ulag, logistika we düzüm boýunça türkmen-koreý okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda strategik gatnaşyklary durmuşa geçirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 27 döwletinden 140-a golaý wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we esasy işgärlerini hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny özünde jemlän Halkara telekeçiler maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar hususy düzümi we maýa goýum syýasatyny ösdürmekde döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Maslahatyň barşynda telekeçilik ulgamynda, senagat toplumynda, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, ulag we logistika, syýahatçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. 

Gadymy ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak ulgamynyň işgärleri Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara gününi (Bütindünýä miras gününi) bellediler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň hemmesinde bolup geçen ýygnanyşyklarda milli medeni gazananlarymyzy gorap saklamakda we ösdürmekde, bu ulgamyň hünärmenleriniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin hukuk binýadyny döretmekde milli Liderimiziň durmuşa geçiren örän ähmiýetli işleri nygtaldy. 

«Sagdynlyk we bagtyýarlyk» biraýlygynyň çäklerinde geçirilýän sport çäreleri batly depgin bilen dowam edýär. Balkanabatda iňlis-amerikan şaşkasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu paýhas ýaryşlary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan onlarça türgeni özünde jemledi. Ýaryşa gatnaşyjylar diňe bir medallar ugrunda däl-de, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine girmek üçin hem bäsleşdiler. Milli ýygyndymyz şu ýylyň tomsunda sportuň bu görnüşi boýunça Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçiriljek iňlis-amerikan şaşkasy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. 

Türkmenabatda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenleri kesgitlenildi. Bu ýaryşlaryň netijesi boýunça iýul aýynda Russiýanyň Ýakutsk şäherinde geçiriljek «Aziýanyň çagalary» halkara sport oýunlarynda çykyş etmek üçin milli ýygyndymyz düzüler. 

Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sporty merkezinde awtomobil sürmek hem-de ilkinji gezek motosiklet sporty boýunça IIM-niň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Awtomobil sürmek boýunça ýaryşlarda hereketlendirijisiniň möçberi 125 kub santimetr bolan halkara kysymly kartlarda, «Volkicar» hem-de «AlfaRomeo» ýaryş ulaglarynda türgenler medallar ugrunda bäsleşdiler, motosikletli bäsleşiklerde hem ýeňijiler we baýrakly orunlary alanlar kesgitlendi. 

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen taekwondo (WTF görnüşi) boýunça 1-nji halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. 

...Baýramçylyk bolsa barha giň gerim bilen dowam etdi. Şenbe güni, 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. 

Soňra ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik behişdi bedewleriň muşdaklaryna şöhratly türkmen bedewleriniň iň kämil nusgalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berdi. Soňra ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşir önümlerinde, surat işlerinde we telegörnüşlerde wasp etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

Ine-de, arzyly gün — Türkmen bedewiniň baýramy ýetip geldi. Günüň esasy wakasy müňlerçe türkmenistanlylary we ýurdumyza gelen köp sanly hormatly myhmanlary, daşary ýurt wekiliýetlerini Aşgabadyň golaýyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna ýygnady. 

Alymlaryň pikirine görä, mundan müňlerçe ýyl ozal adamzat siwilizasiýasynda atçylygyň öz gözbaşyny alan ýeri hem-de ahalteke tohum atlarynyň taryhy gelip çykan ýeri hasaplanýan Köpetdagyň etegindäki gözel ýaýlada uly atly sport baýramçylygy hem-de türkmen bedewiniň şanyna guralýan ähli dabaralaryň naýbaşysy — däbe öwrülen at çapyşygy geçirildi. 

Türkmen bedewi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aňynda arzuwy, maksada okgunlylygy we ýeňşe bolan erk-islegi alamatlandyrypdyr. Uzak ýoly ýakyn edýän, ýelden ýüwrük ahalteke atyny saklap bolmaýşy ýaly, gülläp ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýan Türkmenistan döwletimiziň batly gadamlary, ösüşi hem okgunlydyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder