2 Nisan 2016 Cumartesi

Riodaky Olimpiada Tarap Ýene-de Bir Ädim

Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa Gran-Pri tapgyrynda dzýudo boýunça halkara ýaryşlarynda nobatdaky altyn medaly gazandy. Bu gezek ol Samsun (Türkiýe) şäherinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazandy.

Şu ýyl Braziliýada geçiriljek Olimpiada gatnaşmagyň saýlama tapgyry bolan ýokary derejeli wekilçilikli ýaryşa dünýäniň 67 ýurdundan dzýudoçylaryň 400-e golaýy gatnaşdy. Ildeşimiz 52 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Çemengül Geldibaýewanyň hem-de Gapur Babakulyýewiň şägirdi 4 tutluşyk geçirip, olaryň her birinde ynamly ýeňiş gazandy. G.Babamuratowa ilkinji duşuşygynda ýer eýeleri bolan toparyň wekilinden – türk dzýudoçysyndan üstün çykdy, soňra “altyn” ugrunda Mongoliýadan we Portugaliýadan bolan garşydaşlaryna göreşi dowam etmäge ýol bermedi, jemleýji tutluşykda bolsa, ispaniýaly Laura Gomeze ýeňmäge hiç hili mümkinçilik goýmady.

Häzirki ýeňiş Gülbadamyň Gran-Pri tapgyryndaky ýaryşlarda gazanan ilkinji ýeňşi däldir. Geçen ýyldaky üstünlikli çykyşlarynyň netijesinde ol Türkmenistanda 2015-nji ýylyň iň oňat türgeni diýen ady özüne üpjün etdi. Bu ýokary dereje oňa eýýäm ikilenji ýyl yzly-yzyna gowşurylýar. Watandaşymyzyň dünýä we Olimpiýa derejelerinde Ýer ýüzüniň iň güýçli dzýudoçy gyzlarynyň onlugyna girýändigini aýratyn bellemek gerek.

Indi G.Babamuratowa Gran-Pri tapgyryndaky ýene-de bir halkara ýaryşyna taýýarlyk görmek garaşýar. Bu ýaryş Mehikoda (Meksika) maý aýynda geçiriler. Şol ýaryşlar Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadanyň öň ýanyndaky derejäni artdyrmagyň jemleýji tapgyryna öwrüler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder