Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, onuň barşynda Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmäge, halkymyzyň, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaljakdygyny habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, welaýaty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi, welaýatyň we onuň şäherleriniň, etraplarynyň ýerine ýetiren we alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pederlerimiziň gadymy däplerine eýerilip, sebitiň ilaty bilen bu möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak çözgüdine gelindi. Şunuň bilen baglylykda, göçme mejlise Ahal welaýatynyň ähli şäherleriniň we etraplarynyň wekilleri çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşýanlara ýüzlenip, indi 25 ýyl bäri garaşsyz döwletimiziň öz saýlap alan ýoly bilen barýandygyny nygtady. Şu döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilendigi, uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Ilatymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Güneşli Diýarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, döwrebap obalar we şäherçeler döreýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri barha gözelleşýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere beslenýändigini we onuň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny alamatlandyrdy. Özygtyýarly Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.
Mejlisiň gün tertibiniň esasy bölümine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk ýyllarynda Ahal welaýatynda hem uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Welaýatyň ykdysadyýeti ösdi, ilatyň hal-ýagdaýy gowulandy. Diňe 2008–2015-nji ýyllarda welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 40-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 90-sy guruldy. Medeniýet öýleriniň 18-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 29-sy, umumy meýdany 1 million 34 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Uzynlygy 2050 kilometr bolan suw geçirijiler, 1176 kilometr bolan awtomobil ýollary, 2175 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamlar işe girizildi. Häzirki döwürde welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly 20 desga gurulýar. Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginde ähli amatlyklary bolan döwrebap şäherçäniň, Derweze etrabynda täze obanyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.
Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, ýörite karar esasynda welaýatlarda mellek ýer gaznasy döredildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şol gaznadan häzire çenli Ahal welaýatynda 29 müň 260 maşgala mellek ýerleri berildi.
Emma, gazanylan üstünliklere garamazdan, entek welaýatda alnyp barylýan işlerde köp sanly kemçilikler hem bar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ahal welaýatyny ösdürmäge biz uly üns berýäris. Welaýat paýtagtymyza golaý ýerleşýär. Şoňa görä-de, welaýatyň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylaryna bildirilýän talap hem ýokary bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berdi. Ol Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ýyladyşhana hojalygyny ösdürmek, täze ýyladyşhanalary gurmak we ozal bar bolanlarynda netijeli işleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy.
Soňra Ahal welaýatynyň ähli künjeklerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada ýurdumyzyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow hasabat berdi. Ol etraplarda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde, ekerançylyk meýdanlarynda we beýleki düzümlerde alnyp barylýan işleriň birnäçesinde köpsanly kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynda hem halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işler boýunça seljermeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Baş prokuroryna we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna ýerlerde alnyp barylýan işlerde barlaglary geçirmek, emele gelen ýagdaýy jikme-jik seljermek hem-de durmuşa geçirilýän çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrowa söz berildi. Ol häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginleriniň pesdigini, ýollaryň ýagdaýyna seredilmeýändigini, obalara awtobuslaryň kadaly gatnamaýandygyny aýdyp, etrapda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrowy etrapda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy we degişli resminama gol çekdi.
Altyn asyr etrabynyň häkimi G.Orazmämmedow öz gezeginde etrabyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri boýunça hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz etrapda maýa goýumlaryň ýaramaz özleşdirilýändigini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, arassa agyz suwy, aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdyp, häkimiň bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça hiç hili çäre görmändigini belledi. Hormatly Pezidentimiz G.Orazmämmedowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Altyn asyr etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Soňra Babadaýhan etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew etrabyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz G.Baýgeldiýewi başga işe geçýändigi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyp degişli resminama gol çekdi.
Soňra Baharly etrabynyň häkimi M.Porhanowa söz berildi. Ol etrapda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu etrapda işleriň ýagdaýyna tankydy belligini aýdyp, M.Porhanowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Baharly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Gökdepe etrabynyň häkimi Ý.Gurbanow öz gezeginde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, dürli maksatly binalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işleri guramakda ýol beren kemçilikleri üçin, Gökdepe etrabynyň häkimi Ý.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi.
Soňra Kaka etrabynyň häkimi D.Hezretgulyýew häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Kaka etrabynyň ilatynyň köpüsiniň elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün edilmeýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda we beýleki köpsanly kemçilikleri üçin häkimiň işine nägilelik bildirip, ýol berlen kemçilikleri düzetmek barada tagalla etmändigi hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, D.Hezretgulyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Sarahs etrabynyň häkimi O.Nurlyýew öz gezeginde häzirki döwürde etrapda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz etrapda ýyladyşhana gurmak barada alada edilmeýändigini, oba ýollarynyň köpüsine aswalt düşelmändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bular we beýleki köpsanly kemçiliklere ýol berendigi, olary düzetmek boýunça zerur tagallalary etmändigi hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, O.Nurlyýewi Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Tejen etrabynyň häkimi K.Rejebow etrapda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, etrapda ekin dolanyşygynyň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, zeýkeşleriň arassalanmaýandygyny, şorlan ýerlere ýuwuş suwunyň berilmeýändigi üçin häkime nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň dürli ulgamlarynda birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygy hem-de işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, K.Rejebowy Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Soňra Tejen şäheriniň häkimi K.Orazberdiýew şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri abatlamak we olaryň arasssaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Pezidentimiz binalary düýpli abatlamak we abadanlaşdyrmak üçin goýberilen serişdeleriň özleşdirilmeýändigini, gurluşyk işlerinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini, şäherde köçeleriň arassaçylygyna gözegçiligiň gowşadylandygyny aýdyp, häkimiň bu işleri guramakda guramaçylyksyz işleýändigini aýdyp, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, ony Tejen şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz A.Ýazmyradowa ýüzlenip, onuň uzak ýyllaryň dowamynda ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekip, tejribe toplandygyny, suw hojalyk ministri wezipesinde işländigini, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde oba hojalyk toplumynyň işine ýolbaşçylyk edendigini belledi.
Ahal welaýatynyň paýtagtymyza golaý ýerleşmegi bilen bu ýerde potratçy gurluşykçy guramalar hem, ýokary hünärli işgärler hem näçe diýseň bar, döwletimiz welaýaty ösdürmäge köp möçberde serişde-de goýberýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Emma, muňa garamazdan, welaýatda Oba milli maksatnamasynyň, kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi kanagatlanarly däl.
Hormatly Prezidentimiz A.Ýazmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde yzda barýan Baharly etrabynyň häkimi wezipesine belledi.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, A.Ýazmyradow etrap häkimi wezipesinde işleri talabalaýyk ýola goýup, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, Baharly etrabyny göreldeli etraba öwürmegi başarar. Eger-de, ol bu wezipeleri ýerine ýetirip bilmese, onda başga çäreleriň görüljekdigi oňa duýduryldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat edinýäris. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini belläp, milli Liderimiz olaryň käbir ýolbaşçylaryň günäsi bilen doly özleşdirilmeýändigini aýtdy. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygy haýal alnyp barylýar.
Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylarynyň gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada olaryň kanun esasynda jogap bermelidiklerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze ýolbaşçylary işlere çalt girişip, bu meselelere aýratyn üns bermelidirler we bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidirler. Önümçiligiň netijeli bolmagyny, ýer-suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny gazanmalydyr, suw tygşytlaýjy täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyr.
Welaýatyň täze ýolbaşçylarynyň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, hasylyny artdyrmak, zeýkeşleri talabalaýyk saklamak, ýerleriň şorlamagynyň öňüni almak üçin ekerançylyk meýdanlarynda, ýaplaryň, ýollaryň gyralarynda tokaý zolaklaryny döretmek ýaly möhüm wezipeler bar diýip, milli Liderimiz belledi.
Welaýatda zerur bolan hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýollary giň gerim bilen gurmak üçin ähli çäreleriň görülmegi zerurdyr. Şäherdir oba ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Adamlara şahsy kömekçi hojalygy ýöretmek üçin mellek ýerlerini, ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bank karzlary berilmelidir, olara beýleki möhüm ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmekde ýardam edilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyna hem tankydy bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli ýolbaşçylara öňde durýan wezipeleriň çözgüdi boýunça berk talap ediljekdigini duýdurdy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam ediljekdigini aýdyp, milli Liderimiz wise-premýerlere bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary G.Baýramowanyň Ahal welaýatynda dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek boýunça Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işlenip taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasy baradaky habary diňlenildi.
Bellenilişi ýaly, taýýarlanylan taslama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Owadandepe” geňeşliginiň Täze zaman we Gülzada obalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäherine degişli täze gurulýan döwrebap obanyň ýerlerini paýtagtymyza geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hasabatyň barşynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabyny dolandyrmagyň ykdysady taýdan amatsyzdygyny göz öňünde tutup, ony ýatyryp, onuň çäklerini Ak bugdaý hem-de Gökdepe etraplaryna geçirmek, ýagny Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluny araçäk hökmünde belläp, bu ýoluň demirgazyk-günbatar tarapyndaky, şeýle hem Aşgabat şäheriniň günorta tarapyndaky ýerleri Gökdepe etrabyna, bu ýoluň gündogar tarapyndaky ýerleri bolsa Ak bugdaý etrabyna geçirmek bellenilýär. Şunda, degişli çäklerde ýerleşýän obalar, geňeşlikler, şäherçeler Gökdepe hem-de Ak bugdaý etraplaryna geçirilýändigi habar berildi.
Mundan başga-da, welaýatyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesine etrap hukukly şäher derejesini bermek, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çägini we ilatly ýerlerini Tejen etrabyna birikdirmek bellenilýär. Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň häzirki wagtda Kaka etrabynyň dolandyryş çäginde ýerleşýändigi üçin şäherçäniň degişli ýerlerini Ak bugdaý etrabyna geçirmek, şeýle hem Altyn asyr etrabynyň ýerlerinden, ýagny Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň birnäçe obasynyň ýerleşýän ýerlerini Sarahs etrabynyň çägine geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem çykyşyň dowamynda Daşoguz we Mary welaýatlarynyň birnäçe obalaryny Ahal welaýatynyň tabynlygyna geçirmegiň meýilleşdirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, degişli resminamany kabul etmek hakyndaky meseläni Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna girizmäge ygtyýar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe Türkmenistanyň Mejlisi, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen bilelikde düzüminde birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan topary döretmek barada tabşyryk berildi. Bellenilişi ýaly, bu topar ýatyrylan etraplara degişli binalaryň we desgalaryň hasapdan hasaba geçirilişine gözegçilik eder. Şeýle hem häkimlikleriň işgär wezipe sanawyny üýtgedip täze wezipeleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere garamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalaryň taslamasyny taýýarlap, olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tassyklamagyna bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam etmek bilen guramaçylyk meselelerine geçdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz E.Orazgeldiýewi Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.
Milli Liderimiz H.Aşyrmyradowy Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine, N.Nazarmyradowy Altyn asyr etrabynyň häkimi,
Ş. Amangeldiýewi Kaka etrabynyň häkimi, M.Baýramdurdyýewi Sarahs etrabynyň häkimi, G.Baýgeldiýewi Tejen etrabynyň häkimi,
D. Muhammedowy bolsa Tejen şäheriniň häkimi wezipelerine belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine R.Bazarowy bellemek baradaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de biraz wagtdan Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynda Oba Milli maksatnamasynyň we kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine serediljekdigini aýtdy. Şol mejlisiň barşynda welaýatyň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňleniler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça öňümizde möhüm wezipeleriň durandygyny belledi. Şu belent maksatdan ugur alyp, ýurdumyzyň her bir raýaty yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidir. Öňde duran wezipeleri üstünlikli amala aşyryp, Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny ýokary netijeleri gazanmak bilen garşylamalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Men Ahal welaýatynyň zähmetsöýer adamlarynyň bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder