Tutuş ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli çärelere badalga berildi. Uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça geçirilen bäsleşikler bu çäräniň açylyşyny alamatlandyrdy. Paýtagtymyzyň Köpetdag şaýolunda uzak aralyga köpçülikleýin ylgaw boýunça guralan ýaryşa gatnaşmak üçin ir bilen sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň, hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň müňe golaýy ýygnandy.
Oňa gatnaşyjylar 3,5 kilometr aralyk boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler. Aýal-gyzlaryň toparynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine wekilçilik edýän Nargul Öwezowa pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda ýokary netije görkezdi. Ol bellenilen aralygy 19 minut 02,1 sekuntda geçmegi başardy. Ýeňiji bolan zenan köpugurly türgen hasaplanylýar. Ol ýeňil atletika boýunça sport ussady, şeýle hem pauerlifting we gandbol boýunça sport ussatlygyna dalaşgär. Onuň şeýle ýokary derejelerini nazara alanyňda, N.Öwezowanyň altyn medala mynasyp bolmagyny kanunalaýyk hasaplamak bolar.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginden Ýana Hmelewskaýa ikinji, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgäri Ýekaterina Syskina üçünji baýrakly orunlara düşmegi başardylar.
Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekili Serdar Abdyrahmanow bellenilen aralygy 16 minut 22,5 sekuntda geçip, altyn medala mynasyp boldy. Bu ýaryşda kümüş medala Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň işgäri Joşgun Mollaýew, Bilim ministrliginden Ahmet Çaryýew bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
Sporta höwesekleriň arasynda uly ýaşly adamlaryň bardygyny aýratyn bellemeli. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işgäri 52 ýaşly Alym Weliýew ýokary netije görkezip, iň gowularyň 20-ligine düşmegi başardy. Bu netije A.Weliýewiň doglan gününiň öňüsyrasynda özboluşly sowgat bolup durýar.
A.Weliýewiň ogly Serdar hem bu ýaryşa gatnaşyp, iň gowularyň onlugyna düşmegi başardy. Maşgalabaşynyň bellemegine görä, şu günki geçirilen ylgaw bäsleşigine onuň gyzy Keýik hem örän taýýarlykly geldi. Ol häzirki döwürde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýär.
Talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aýgözel Kiçiýewa iň ýokary netije görkezdi. Ol bellenilen aralygy 15 minut 12,2 sekuntda geçip, birinji orna, ikinji ýere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyby Güljahan Akmyradowa, üçünji orna bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Madina Aýdogdyýewa mynasyp boldy.
Talyp oglanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary tapawutlandylar. Bu ýaryşda 3,5 kilometr aralygy 11 minut 25,1 sekuntda geçen Şakirjan Durdyýew birinji orna mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň talyby Azat Wemmiýewiň görkezen wagty ýeňijiniňkiden 6 sekunt pes boldy, şeýlelikde, ol ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň serhet institutynyň talyby Täçmuhammet Çaryýew baýrakly üçünji orne eýeledi.
Ýeňiji bolanlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary we medallary gowşuryldy.
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Şonda köpçülikleýin welosipedli ýaryş guralar. Oňa sportuň bu görnüşine höwesekleriň 7 müňe golaýy gatnaşar. Ýaryşa gatnaşyjylar Çandybil şaýolundan paýtagtymyzyň merkezi meýdançasyna çenli 15 kilometr aralykda bäsleşer. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş hereketine hem-de Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň hatarynda ýokary liga girýän aýal-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda pauerlifting boýunça bäsleşikleriň bardygyny bellemeli.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden küştçi zenanlaryň iň gowularynyň 16-synyň gatnaşmagynda guralan paýhas oýunlary paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi. Aýlawly ulgam görnüşinde geçirilen bäsleşikleriň barşynda 16 ýaşly sport ussady, aşgabatly Jemal Öwezdurdyýew ýeňiji boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Myratgulyýewiň tälimini alan bu türgen 12,5 utuk toplady. Ol 11 döwde utdy, üç döwde deň oýnady we diňe bir tapgyrda ýeňildi.
Jemal ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň derejesine mynasyp boldy. geçen ýylda ýokary liganyň milli birinjiliginde ýeňiş gazanan küştçi zenan indi şu ýylyň maý aýynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Aziýa çempionatyna we sentýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiýadasyna ýokary derejede taýýarlyk görýär.
Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň düzümine girmäge dalaşgärleriň hem biri hasaplanylýar. Mälim bolşy ýaly, bu sport ýaryşlary geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.
FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa 11,5 utuk toplap, ýokary küşt ligasynyň kümüş medalyna, sport ussatlygyna dalaşgär Hurma Weliýewa bolsa 11 utuk toplap, bürünç baýraga mynasyp boldy. Bu türgenleriň ikisi hem paýtagtymyzyň ýygyndy toparynyň düzümine girýär. Olar bu ýerde ýurdumyzyň at gazanan tälimçileri Aýdogdy Atabaýewiň we Ahmet Ödäýewiň tälimini alýarlar.
Ýokary ligada erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty 16-30-njy aprel aralygynda geçiriler.
Pauerlifting boýunça bäsleşikler ýatan ýeriňden agyrlygy galdyrmak ugry boýunça Türkmenistanyň Maýyplara goldaw bermek baradaky merkeziniň birinjiliginiň çäklerinde geçirildi. Onuň barşynda milli rekordlaryň ikisi hasaba alyndy. Olaryň biri 60 kilograma çenli agram derejede çykyş eden halkara derejeli sport ussady Walentina Simakowa degişlidir. 2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa paralimpiýa oýunlarynda bu türgen 103 kilogram agyrlygy göterip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu gezekki netije W.Simakowanyň ozalky görkezen netijesinden 1 kilogram ýokarydyr.
59 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän sport ussady Mekan Agalykow bu görnüş boýunça milli rekordy täzeledi. Ol 163 kilogram agyrlygy döşünden ýokary galdyryp, ozalky netijesinden 1 kilogram ýokary netije görkezdi.
Şeýle hem dürli agram derejelerinde Rahman Haýydow, Maksat Toýlyýew, Selim Ataýew, Nepes Baýargeldiýew, Orazberdi Durdyýew, Işkuwwat Çaryýew, Adyljon Holow, Merdan Kadyrow, Marina Panina, Natalýa Stananowskih, Anastasiýa Tarasowa we Ella Murtuzowa altyn medala mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri doganlar Ýusup we Adyl Alyýewlerden tälim alýar.
Sport biraýlygynyň barşynda Türkmenistanyň Maýyplara goldaw bermek baradaky merkeziniň wekilleri stoluň üstünde oýnalýan tennis we oturylyp oýnalýan woleýbol boýunça guraljak bäsleşiklerde medallar ugrunda göreşer.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder