28 Nisan 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Milli Tagamlary

Türkmen halkynyň aňyna we ruhuna berk ornaşan «türkmen bedewleri», «türkmen halylary», «türkmen gawunlary»... diýen düşünjeler ýaly, «türkmen saçagy» diýen jümle hem çuň mana, aýratyn sazlaşyga eýedir. Bu düşünjeleriň milli aýratynlygyna çuňňur göz ýetirmän, olar barada dünýäniň iň gadymy halklarynyň biriniň maddy medeniýetiniň öçmez-ýitmez ýadygärlikleri hökmünde gürrüň etmek mümkin däldir. 
Türkmenler uzak taryhy ýol geçip,  hakyky dörediji halk hökmünde öz ýaşaýyş durmuşyny söýgä ýugrulan ajaýyp gymmatlyklar bilen baýlaşdyrdylar.  Hut şonuň üçin hem onuň döreden we adamzada bagyş eden medeniýeti örän täsindir.  Bu medeniýetiň keremli güýji halkymyzyň ýaşaýşyny, durmuşyň özüniň maddy we ruhy örüsini aýrylmaz bitewülige, barlygyň keramat dünýäsine öwürýän ylhamynda jemlenendir.
Beýik Taňry biziň halkymyza mynasyp ýaşamak, döretmek ukybyny peşgeş berdi. Munuň özi zähmetsöýerligiň we ýaşaýyş giňişligini akylly-başly özleşdirmegiň beýanyna öwrüldi. Ýaşaýyş agyr ýüke ýeňil bolmadyk tebigy - howa şertlerinde aman galmagyň serişdesine öwrülmän, gaýtam, tebigy güýçleriň we halkyň zehininiň täsiri astynda ol ruhy we ahlak gymmatlyklaryň ulgamy hökmünde aýratyn durmuş düzgünine öwrüldi.  Türkmen halky bu babatda uly üstünliklere eýe bolup, özboluşly milli medeniýeti döretdi. Şol medeniýetiň janly, döredijilik häsiýetine eýe bolmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Halkyň özüniň, şeýle hem onuň däp - dessurlarynyň taryhy dowamatlylygy hut şunuň bilen düşündirilýär. Şol ajaýyp däp - dessurlar häzir hem milletiň esasyny, özenini düzýär.
Türkmen halkynyň durmuşy şagalaňly baýramçylyk bilen utgaşýan joşgunly zähmetiň çeşmesine öwrüp, özüniň ýerdäki ýaşaýşyny ynsanyň beýik päk ahlagyna tabyn etdi. «Saçak» ýa-da «desterhan» sözüniň düýp manysy hem şunuň bilen baglanyşyklydyr. Türkmeniň dünýä inen gününden başlap, ahyryna çenli bütin durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän, müňýyllyklara barabar däp - dessurlaryny özünde jemläp, türkmen saçagy türkmen topragynyň we onuň halkynyň sahawatlylygynyň, hoşniýetliliginiň, myhmansöýerliliginiň bereketli çeşmesine öwrüldi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder