26 Nisan 2016 Salı

Aşgabatda Bouling Boýunça Ilkinji Çempionat Geçirildi

Paýtagtymyzda sport biraýlygynyň çäklerinde bolulin boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi, Sportuň bu görnüşi boýunça milli federasiýa bäsleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi. Bu federasiýa geçen ýyl döredildi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde bolsa taekwondo (ITF görnüşi) söweş sungaty boýunça ýaryşlar guraldy.

Ahal, Lebap, Mary welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan türgenleriň 50-ä golaýyny özünde jemlän bouling boýunça ýaryş «Berkarar» söwda merkezinde geçirildi. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda hormat münberini tutuşlygyna aşgabatly türgenler eýelediler. 174 utuk toplan Han Hangeldiýew birinji, Serdar Ataýew 157 utuk bilen ikinji hem-de 136 utuk gazanan Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň institutynyň talyby Merdan Kakaýew üçünji orny eýeledi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hem baýrakly orunlary ýer eýeleri-- Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary eýelemegi başardylar. Nasiba Orazmedowa (143 utuk) altyn, Bahargül Orazberdiýewa (98 utuk) kümüş, Aýna Mämmedowa bolsa bürünç medallara mynasyp boldy.

Bouling 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär.  Şonuň üçin hem türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän şeýle ýaryşlaryň her biri ýene bir ýarym ýyla golaý wagtdan başlamaly Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyry hökmünde uly ähmiýete eýedir. Sportuň bu täze görnüşi ýurdumyzda barha meşhurlyga eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde boulingiň milli uniwersiadanyň ýaryşlarynyň sanawyna girizilmegini görkezmek bolar. 

Häzirki wagtda türkmen türgenleri maý aýynda Antaliýada (Türkiýe) geçiriljek okuw-türgenleşiklerine taýýarlyk görýärler. Geljek ýylyň baharynda bolsa Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň we Okeaniýanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

... Taekwondo boýunça ýaryşlara jemi 500 töweregi türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda Mary şäherinde geçirilen ýaryş has köp taekwondoçylary,   200 töweregi türgeni özünde jemledi. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatynyň merkezinde taekwondonyň ITF görnüşi ýurdumyzdaky ösüş ýoluna başlapdy. Şu sebäpli hem bu koreý söweş sungaty bilen meşgullanýan maryly türgenler milli derejede geçirilýän ýaryşlarda artykmaçlyk gazanýarlar hem-de halkara sport ýaryşlarynda  öňdäki orunlary özlerinde saklaýarlar.

Şu ýylyň mart aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Aziýanyň 
VIII çempionaty hem muny aýdyň görkezýär. Şonda ildeşlerimiz medallaryň 20-sine (dört altyn, alty kümüş we on bürünç) mynasyp boldular. Mary welaýatynyň taekwondoçylary  şol medallaryň 18-sini gazanmagy başaryp,  ýurdumyzyň sport üstünliklerine  mynasyp goşant goşdular. Orazmyrat Çaryýew bolsa ýetginjekleriň arasynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardy. III dan gara guşagyň eýesi Orazmyrat üç altyn we iki kümüş, jemi bäş medala mynasyp boldy.

O. Çaryýew Mary şäheriniň taekwondo  bölümleriniň birinde tälimçi bolup işleýär. Onuň şägirtleriniň birnäçesi bu ýaryşlarda ýeňiji boldy. Bu söweş sungatynyň iki görnüşi tutluşyklarda we tuli (toplumlaýyn maşklar) boýunça türgenler baýrakly orunlary eýelemek ugrunda bäsleşdiler.

Indi türkmen taekwondoçylary iýun aýynda Aşgabatda geçiriljek ýurdumyzyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Onuň netijeleri boýunça sportuň bu görnüşi boýunça iýun aýynda Italiýada geçiriljek ýetginjekleriň we baýry türgenleriň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder