3 Nisan 2016 Pazar

Umumy Milli Baýramçylyk Mynasybetli Dabaralar

Ýola goýlan asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramy giňden we dabaraly bellenilýär. Bu gün ýurdumyz edermen miraplaryň, melioratorlaryň, suw gurluşykçylarynyň hormatyny ýetirýär. Olar möhum wezipäni -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak ýaly mukaddes işi ýerine ýetirýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ägirt  uly suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar, ýerleri suwlulandyrmak meseleleri täzeçe çözülýär, suw hojalygy pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler obada düýpli özgerişlikleriň ähmiýetli ugruna öwürldi. Olar ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ösüşini, oba ilatynyň durmuş derejesini täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.

Şu günki dabaralardan öň ähli ýerlerde ylmy maslahatlar, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy. Ýurdumyzyň muzeýlerinde we kitaphanalarynda suwa bagyşlanan sergiler ýaýbaňlandyryldy, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda maslahatlar we seminarlar geçirildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen topragynyň sahylygyny görkezýän söwda-sergileri guraldy.

Şu gün irden baýramçlyk çäreleri paýtagtymyzda, Garagum derýasynyň kenarynda geçirildi. Bu ýerde, baýramçylyk lybasyna beslenen seýilgähde arzyly myhmanlaryna garaşýan ak öýler dikildi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary dabaranyň esasyny düzdi. Bu ýerde toýa gelenleri däbe öwrülen milli tagamlar bilen garşyladylar. 

Myhmanlaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurt wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçiltk guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, hormatly ýaşulular, suw hojalygynyň weteranlary we öňdebaryjylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, žurnalistler, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary bar.  
  
Dabara gatnaşyjylar  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda suw hojalyk işgärlerini, oba zähmetkeşlerini we ähli türkmen halkyny “Suw damjasy--altyn dänesi” baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň gutlagynda bellenilişi ýaly, suwdan peýdalanmagyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki döwürde  ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň gutlagynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramak, suwuň her damjasyny aýawly we rejeli peýdalanmak boýunça köp işler amala aşyryldy. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli suw hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyz   Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallygyň nyşany hökmünde  ahalteke bedewi sowgat berildi. 

Açyk asmanyň astynda Türkmenistanyň oba senagat toplumynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy, köp dürli azyk harytlarynyň nusgalary onuň esasyny düzdi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzümine girýän edara-kärhanalar we beýlekiler bar. Myhmanlar täze önümler we olaryň görnüşleri, döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 

Sergide oba senagat toplumynda ulanylýan kuwwatly, ýokary öndürijilikli tehnikalar hatara düzüldi. Mälim bolşy ýaly, tehnikalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň üstüni ýetirmek Türkmenistanyň suw we oba hojalygyny ösdürmek strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Bu ýere ýygnananlar dürli suwaryş tehnologiýalary—gadymy jykyrdan başlap, täze suwaryş ulgamlaryna çenli bolan tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmen topragy asyrlarboýy öz hasyllylygy, gülläp ösen ýaýlalary bilen belli bolupdyr. Bu gözellikler bolsa diňe suwuň bar ýerinde mümkin bolýar. Biziň ata-babalarymyz ekerançylyk medeniýetiniň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik berýän çylşyrymly suwaryş ulgamlaryny döretmek sungatyna eýe bolup, altyn dänesine deňelen suwuň her bir damjasyna uly sarpa goýupdyrlar. Bu gün miraplar suw serişdelerini aýawly we netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy işläp düzmeleri peýdalanýarlar.

Suw hojalygynyň welaýatlar boýunça edara-kärhanalarynyň diwarlyklarynda suw howdanlaryny biologik arassalamagyň  usullary, gidrotehniki desgalaryň maketleri, döwrebap suwaryş ulgamlary, serişde tygşytlaýjy enjamlaryň – emeli ýagyş ýagdyrýan we damjalaýyn suwaryş ulgamlaryň nusgalary görkezildi. Damjalaýyn suwaryş usuly ulanylanda oba hojalyk ýerleriniň artykmaç çyglylyk meseleleri çözülýär, diýmek, ýerasty suwlarynyň ýokary galmagynyň we ýerleriň şorlaşmagynyň öňi alynýar. Suwarmagyň şeýle usuly ýokary tehnologiýaly bolup, oba hojalygy netijeli önümçilik derejesine çykarýar.  

Biziň ýurdumyzda suwarymly ekerançylygyň, ägirt uly suw desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň meselelerinde örän uly tejribe toplandy, suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy we tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Suw hojalyk taslamalarynyň amala aşyrylmagy netijesinde oba senagat önümçiligi gurak ýerlerde öz netijelerini görkezýär, bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny özbaşdak ürjün etmäge mümkinçilik berýär.

Şarlawugyň we käriziň maketleriniň töweregi hem köp adamly boldy. Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz ussatlygy, ugurtapyjylygy, zähmetsöýerligi netijesinde süýji suwy çykarmagyň täsin usullaryny oýlap tapypdyrlar. Kärizler-agyz suwuny bir ýere ýygnamak we taýýarlamak üçin ýerasty köp kilometrlik ulgamlar şolaryň biridir.  

Bu ýerde ýerasty suwlaryny öz wagtynda sowmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlamagynyň öňüni almaga, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we ýerasty suwlaryny gaýtadan peýdalanmaga, şeýle hem ýer-suw serişdelerini aýawly saklamaga we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli taslama--“Altyn asyr” Türkmen kölüniň, hereket edýän we gurulýan desgalaryň, suwarmagyň ulanylýan döwrebap ulgamlarynyň taslamalary bilen  tanyşmak bolýar. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň baý tebigat we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän ekspozisiýalar görkezildi.

Hasylly ýerleri ýerasty suwlaryndan boşatmak bilen Türkmen köli bir tarapdan gowaça, däne, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak üçin mäkäm binýady döretse, beýleki tarapdan mallaryň baş sanyny  hem-de çöl maldarçylygyny ösdürmek üçin ot-iýmlik binýadyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Adam eli bilen döredilen suw akabasynyň çölüň howasyny ýumşatmaga hem-de sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik bermegi möhüm ýagdaýlarynyň biri bolup durýar. 

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň baha bermegine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň netijeliligi häzirki wagtda ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak tehnologiýasynda öňdebaryjy dünýä tejribesi bolup durýar. Galyberse-de, onuň ykdysady peýdasy wagtyň geçmegi bilen diňe artar, sebäbi bu ägirt uly gidrotehniki desganyň hereket etmegi oba hojalygynda oňaýly suwaryş ulgamyny gurmaga sarp edilýän uly çykdajylaryň azalmagy, ekologiýa wezipelerini çözmäge maýa goýumlarynyň ödelmegi, tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagy we akdyrylmagy bilen bagly bolar. 

Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden suwa aýawly garamagy derýanyň kenarynda guralan heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň işleriniň sergisinde hem öz beýanyny tapdy. Bu ýerde şu günki dabaradan hem-de  derýanyň gözelliginden ruhlanan ýaş suratkeşler hem eserleri döretdiler. Gözel tebigatyň goýnunda halk bagşylarynyň dutarlarynyň ýakymly owazlary töwerege ýaň saldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy, olar paýtagtymyza özleriniň iň gowy döredijilik çykyşlaryny alyp geldiler. 

Gaýyklaryň ýüzüşi hem-de tiz aýlawy özboluşly tansa meňzeş bolan baýdarkaçylaryň we kanoistleriň görkezme çykyşlary  guraldy. Günüň ýagty şöhleleri derýanyň ýüzünde gaýykçylaryň kürekleri bilen emele gelýän täsin suratlary döretdi. 

Milli oýunlar, göreş, küşt we şaşka boýunça bäsleşikler baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylyk maksatnamasynyň ýatdan çykmajak bölegine öwürldi.

Dabaranyň barşynda seýilgäh zolagynyň täze böleginde agaç nahallarynyň oturtmak çäresi guraldy.  Oňa gatnaşanlar ellerine pil alyp, ene topragymyzyň gözelligini has-da artdyrjak agaç nahallalary oturtdylar. 

Gadymy türkmen obasynyň keşbini açyp görkezýän ak öýleriň töwereginde myhmanlara dürli içgiler we milli tagamlar hödür edildi. Şeýle hem bu ýerde köpdürli öý mallaryny görmek boldy. Düýe çaly, agaran, gurt hem-de tamdyrdan täze çykan mele myssyk nan bilen gowurdak bu ýere gelenleriň göwnüni göterdi. 

Ýurdumymyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy baýramçylygyň esasy wakasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan melioratorlara, gidrotehniklere, inženerlere, alymlara, miraplara we mehanizatorlara, pudagyň desgalarynda işleýän gurluşykçylara, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda oba senagat toplumynyň işgärleri üçin döredilýän şertler, bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek hem-de täzelerini gurmak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işlere berilýän aýratyn üns üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan uly möçberli wezipelerini ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. 

Sungat ussatlarynyň uly konserti baýramçylygyň bezegine öwrüldi. Artistler suwuň hormatyna bagyşlanan aýdymdyr sazlaryny we tanslaryny öz joşgunly çykşlarynda sazlaşykly utgaşdyrdylar. Şol owazlarda ýagyş damjasynyň hem-de suw tolkunynyň, bahar çeşmesiniň sesleri özüne maýyl etdi.

“Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde estrada ussatlary, saz-tans we döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ene topragymyzyň gaýtalanmajak gözelligini hem-de halkyň döredijilikli zähmetini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünligini we ýokary gazanylanlary wasp etdiler. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder