Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, I derejeli ýurist Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri Gurbanow Kakageldi Isaýewiçe berk käýinç yglan edildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe käýinç yglan edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder