15 Şubat 2016 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Maslahatyny Geçirdi

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm wezipelerini, şeýle hem 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, käbir ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň we şäher gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasy adamlaryň ýaşaýşy üçin ýokary amatly şertleriň döredilmegine, ähli ugurlar babatda halkyň durmuş derejesiniň häzirkizaman ölçegleriniň döredilmegine, ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabadyň halkara syýasy, işewür, medeni we syýahatçylyk merkezi hökmündäki ähmiýetiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça guraýan iş saparlarynyň barşynda gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, desgalary gurmagyň aýratynlyklary bilen tanyşýar. Desgalaryň ähmiýeti, ygtybarlylygy, howpsuzlygy, taslamaçylaryň, binagärleriň, gurluşykçylaryň we bezeg işgärleriniň işinde desgalaryň daşky bezeg işleri babatda döwlet Baştutanymyz oýlanyşykly we anyk teklipleri öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde edýän tagallasynyň, ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň ösdürilmegine bolan goşandynyň bimöçberdigini bellemeli. Munuň özi 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet Baştutanymyza “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly ady bermek hakyndaky çözgüdinde has-da äşgär boldy.

Aşgabadyň keşbi täze gurluşyklaryň giň möçberliligini hem-de yzygiderliligi bilen gün-günden özgerýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda şäher ýaşaýyş toplumlary, onuň taryhy merkezi doly döwrebaplaşdyryldy. Ýüzlerçe desgalar bina edildi, täze ýşaýyş toplumlary döredildi. Olaryň hatarynda özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütlere eýe bolan desgalaryň halkara derejesindäki abraýly baýraklara mynasyp bolandygyny bellemeli. Munuň özi dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ägirt uly üstünlikleriniň we ösüş derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. 

Sebitiň iri işewür, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän paýtagty häzirkizaman ýörelgelerini, gözelligi, amatlylygy, binagärligiň we 
inžener-tehniki çözgütleriň gazananlary hem-de milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemlemek bilen, özboluşly sazlaşygy emele getirýär. 

Şeýle hem häzirki döwürde Aşgabady iri sport merkezine öwürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemeli. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň toplumyna girýän köpsanly sport desgalarynyň gurluşygy ýurdumyzyň täze belentliklerine we dünýä derejesindäki sepgitlere bolan gyzyklanmalaryny alamatlandyrýar. Bir ýyldan bu şäherçe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Aziada-2017-niň taýýarlyk meselelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär. Öňde boljak bu ýaryşlar Türkmenistanyň dünýä ýüzünde sport älemindäki abraýynyň ýokarlanmagy babatynda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň giňden wagyz edilmeginde has-da ähmiýetlidir. 

... Ir bilen milli Liderimiz Aşgabat şäher häkimliginiň binasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejisiniň Başlygy, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. 

Maslahatyň barşynda gün tertibine girizilen meseleler boýunça jogapkär adamlaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem täze wezipeler öňde goýuldy we şäher düzümini dolandyrmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän i şleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň çäreleri kesgitlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp,  soňky ýyllarda paýtagtymyzyň ösdürilmegine ägirt uly ähmiýet berilýändigini we Aşgabady abadanlaşdyrmak üçin milliardlarça serişdeleriň gönükdirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleri giňeldilýär, köpsanly desgalar, şol sanda ýokary okuw mekdepleri, orta mekdepler, çagalar baglary,  medeniýet we saglygy goraýyş ulgamysnyň edaralary, sport desgalary, söwda merkezleri, ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler gurulýar.  

Hormatly Prezidentimiz giň möçberli gurluşyk işlerine daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalary işjeň çekilýär. Paýtagtymyzda özboluşly binagärlik çözgüdi bolan binalaryň gurluşygyny batly depginlerde dowam edýär diýip belläp, olaryň köpüsiniň özboluşlylygy arkaly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz şol halkara neşirinde Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde mynasyp orun eýeländigini belledi. Döwlept Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, muňa garamazdan, şäher gurluşygyny dolandyrmakda, ozaly bilen binalary we desgalary degişli derejede ulanmak babatda kemçilikler bar.  

Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017-niň geçirilmegine az wagt galandygyny aýdyp, bu iri möçberli çärä taýýarlanmak üçin toplumlaýyn işleriň alnyp barylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň häkimi S.Saparowa,   Köpetdag etrabynyň häkimi A.Annaçaryýewe, Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi R.Annaberdiýewe, Arçabil etrabynyň häkimi A.Pejebalyýewe, Abadan etrabynyň häkimi A.Ataýewe, Ruhabat etrabynyň häkimi B.Baýramdurdyýewe söz berdi. 

Aşgabady 2015-2016-njy ýyllarda toplumlaýyn ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, binalary düýpli abatlamak, şäheriň inžener-tehniki ulgamlarynyň durkuny täzelemek, şol sanda asma elektrik geçirijileri ýerasty kabel geçirijileri bilen çalyşmak boýunça toplumlaýyn taslamalaryň durmuşa geçirlişi barada hasabat berildi. Şeýle hem ýol-ulag ulgamyny ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary ülňülerini berjaý etmek we olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanylmagyna hemişelik gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatlarda nusgalyk bolmalydygyny belläp, köçeleri, seýilgähleri abadanlaşdyrmak we tutuşlygyna etraplary deňeçer derejede ösdürmek, şäheriň estetiki keşbini we çäkleriniň ekologiýa gurşawyny kemala getirmek boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, paýtagtymyzyň häkimlikleri degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmalydyrlar diýip bellemek bilen döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Jemagat hojalygy ministri K.Gurbanow gözegçilik edýän pudagynda  işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ähli etraplary boýunça 2015-2016-njy ýyllaryň iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl 1366 ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş ilerini geçirmek meýilleşdirildi, häzirki wagta çenli 182 jaýda işler doly tamamlandy, 112-sinde bolsa işler dowam etdirilýär.

Suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 2015-2016-njy ýyllarda suw sorujy beketleriň 100-sini täze suw sorujylar bilen çalyşmak göz öňünde tutulýar. Bu işler tassyklanylan iş tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

Aşgabat şäherinde seýilgähleriň bäşisiniň durkuny täzelemek işleri   meýilleşdirildi. Häzirki wagta çenli olaryň ikisinde işler tamamlandy we üçüsinde abatlaýyş işleri dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň  2014-nji ýylyň 26-njy sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzyň günorta böleginde seýilgähi döretmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. 

Şol meýilnama laýyklykda, Ruhabat etrabynda ýyladyşhana toplumlarynyň 2-sini gurmak işleri amala aşyrylýar we Arçabil etrabynda şunuň ýaly toplumy bina etmek boýunça taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. 

Şeýle hem Jemagat hojalygy ministrliginiň binalar we desgalar toplumynyň gurluşygynyň barşy baradaky habar aýdyldy, olary 2017-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli düzümleriň işine baha berdi hem-de geçirilýän işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz şäherde arassaçylygyň we düzgün-tertibiň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, ministire birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowa berk käýinç yglan etdi.  

Hormatly Prezidentimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň awtomobil  ulaglary ministri M.Aýdogdyýew hasabat berdi. Hususan-da, bu iri möçberli ýaryşa gatnaşýan türgenleri, myhmanlary we tomaşaçylary degişli ulag serişdeleri  bilen üpjün etmek ugrunda geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy. Deslapky hasaplamalara görä, bu oýunlaryň barşynda takmynan ýeňil awtoulagyň 400-sini, kiçi awtobuslaryň 120 –sini, orta awtobuslaryň hem 120-sini we uly awtobuslaryň 100-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. 

Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýanynda döredilen iş toparynyň we degişli düzümler bilen ylalaşylan çäreleriň ýörite meýilnamasynyň işi hakyndaky habar aýdyldy. Häzirki wagta çenli Germaniýadan, Koreýa Respublikasyndan, Eýrandan, Hytaýdan we Ýaponiýadan häzirki zaman awtoulag serişdelerini öndüriji iri kompaniýalardan gelip gowşan teklipler öwrenildi. Olardan has kabul ederlikli şertleri özünde jemleýän teklipler seçilip alyndy we Ministrler Kabinetiniň garamagyna berildi. “Hyundai-Elentra”, “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai County” firmalaryndan bellenilen tertibe laýyklykda ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky mesele ylalaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” korporasiýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, 2017-nji ýylyň ortalaryna çenli 500 sany awtobusy satyn almak göz öňünde tutulýar. Bu babatda Germaniýanyň “AGT Buswermýetung Deutschl and” kompaniýasy we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň kompaniýalarynyň birnäçesi bilen gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. 

Ministr V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet bilen bilelikde, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalaryna çenli ugur boýunça Aziada gatnaşyjylary gatnatmagyň ugurlarynyň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitlemek bilen bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz awtoulag serişdelerini öndüriji iri kompaniýalaryň tekliplerini öwrenmek boýunça işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz ilata edilýän hyzmatlaryň, ozaly bilen bolsa ýolagçylary gatnatmak bilen baglanyşykly işleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri geçrmek barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, ministre gözegçilik edýän düzümleriniň işine göwnejaý gözegçiligi üpjün etmek babatynda tabşyryk berdi.    

Türkmenistanyň energetika ministri D.Rejebow Aşgabat şäheriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek we paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyk işleri doly tamamlanyldy. Häzirki wagtda ikinji we üçünji nobatdaky desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar.“Aşgabat şäherini 2015-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň yşyklandyryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ulgamy ösdürmek boýunça degişli kararlaryň we maksatnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, ministre bu babatda anyk görkezmeleri berdi.  

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow öz gezeginde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler we 2016-njy ýylyň iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary barada hasabat berdi. Mmeýilnama laýyklykda, dürli maksatly binalaryň 276-sy gurlup ulanylmaga berler. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryna laýyklykda, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda we 15-nji tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. 

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe desgalaryň, umumy uzynlygy 60 kilometre golaý köçeleri döwrebaplaşdyrmak işleriniň, köpüleriň 18-siniň, 39-syny ýerasty hem-de 15 sany ýerüsti geçelgeleriň gurluşygynyň alnyp barylýandygy habar berildi. Aşgabat şäheriniň günorta-günbatar künjeginde zeýkeş- aragatnaşyk ötügiň hem-de günortasynda seýilgäh zolagynyň, köpgatly duralgalaryň gurluşygynyň barşy baradaky maglumat hasabatyň özenini düzdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabady ösdürmek boýunça işeleri guramakda şäher düzümlerini dolandyrmagyň öňadebaryjy netijeli usullaryny ulanmagyň zerurdygyny belläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowa käýinç yglan edildi. 

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri, şeýle hem öňde boljak halkara sport forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde guralýan çäreler barada hasabat berdi. 

Aziada-2017-ni  dünýä ýaýmak, mahabatlandyrmak we taýýarlyk döwründe ýurdumyzda halkara sport ýaryşlary boýunça maslahatlary, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlislerini geçirmek işleri netijeli häsiýete eýe boldy.  Şunda, ýurdumyzyň Milli sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde  halkara derejeli bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite duşuşyklar, okuw sapaklary guralýar. 

V Aziýa oýunlary döwründe ýurdumyza 5 müňden gowrak türgenleriň  we resmi wekilleriň, 1 müňden gowrak tehniki işgärleriň, ýokary derejeli myhmanlaryň 100-den gowragynyň, müňe golaý köpçlüikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň, 15 müňe golaý daşary ýurtly sport janköýerleriniň gelmegine garaşylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda meýletinçileriň 10 müňe golaýy taýýarlanyldy.  

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galmagynda V Aziýa oýunlarynyň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, onda türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerini açyp görkezmek, ýaryşlara zerur bolan ähli işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu möhüm ýaryşlary guramaçylykly geçirmek boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol hormatly Prezidentimiziň raýatlary işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek hem-de iş berijileriň Aşgabat şäheri boýunça işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly bazar ykdysadyýeti şertlerinde ilatyň iş bilen üpjün etmegiň netijeli ulgamyny döretmek, hünär birleşmelerini emele getirmek, ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça öndüriji güýçleriň hem-de durmuş düzümleriniň deň derejede ýerleşdirilmegini gazanmak, ozaly bilen bolsa paýtagtymyzda zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri tertibe salmak boýunça degişli çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyza işe ýerleşmek üçin gelýän adamlary hasaba almagyň anyk tertibini kesgitleýän degişli Tertibi işlenilip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamanyň taslamasyny umuman makullap, iş bilen üpjünçilik, raýatlaryň zähmet öndürijiligini we hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda çykyş edýär diýip belledi. Milli Liderimiz resminamanyň hödürlenen taslamasyny umuman makullap, Karara gol çekdi we wise-premýere bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa we içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlaryny kärendä bermek hem-de raýatlary wagtlaýyn ýazga goýmak we bellige almak meselelerine ýene bir gezek düýpli seretmegi tabşyrdy. Şeýle hem bu ugurda degişli kanunçylyk namalaryny taslamasyny taýýarlamagyň, aýratyn-da, Aşgabatda bu meselä jogap berýän anyk edaralaryň bolmagynyň, tertip-düzgüni berk berjaý etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe Aşgabat şäherine wagtlaýyn ýaşaýan raýatlarymyzyň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagynyň hilini we ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak  boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli meseleleri kadalaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda migrasiýa işini kämilleşdirmek, onuň düzgünlerini umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzümleriniň işi döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmelidir, ýurdumyza gelýän raýatlaryň hasaby ýokary derejede alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow özüniň ýolbaşçylyň edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna seljerme geçirilendigi barada habar bermek bilen, ol birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny aýtdy.  

Milli Liderimiz Aşgabatda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýol berilýän kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti R.Çarygulýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, 2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň aglabasyny ýurdumyzyň ýerli gurluşyk kompaniýalary ýerine ýetirýärler. Desgalaryň gurluşygy üçin maliýe çeşmeleri doly kesgitlenildi, olary özleşdirmek üçin bolsa ähli zerur şertler bar. Şeýle hem desgalaryň bellenen möhletlerde gurluşygyny tamamlamak meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar. Häzirki  wagtda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde Aşgabadyň ilaty üçin hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga 257 gektar ýer bölünip berildi.  

Mundan başga-da, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzda zerur bolan abadanlaşdyryş işleriniň geçiriljekdigi öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň alnyp baryljakdygy barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw beriljekdigini aýdyp, Parahat-7, Köşi, Gurtly ýaşaýyş toplumlarynda, Çoganlyda, Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda gurulýan dürli maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň we şäheriň çäklerini abadanlaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini aýdyp,  bu ugurda zerur işleriň geçirilmelidigini, aýratyn-da, gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigi, täze ýollaryň, köprüleriň we ýol-ulag hereketine degişli düzümleriň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlygyň, Aşgabadyň köpsanly myhmanlary ýokary derejede kabul etmäge bolan ukybyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemlemek bilen, berkarar Watanymyzyň paýtagtynyň köp babatda bütin ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, at-abraýyny görkezýändigini belledi. Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini, jemgyýetimiziň medeni derejesini we ruhy durmuşyny, aň-bilim kuwwatyny aýdyň görkezýändigini belläp, milli Liderimiz Aşgabadyň häzirki döwürde ýeten belent derejesine we binagärlik gözelligine buýsanýandygymyzy aýtdy. 

Şonuň bilen birlikde, paýtagtyň etraplarynyň häkimlikleriniň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu bolsa, şäher ilatynyň arasynda köp sanly nägilelikleriň we arza-şikaýatlaryň döremegine getirýändigini nygtady. 

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň we jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowyň ünsüni paýtagtymyzyň ähli etraplarynda köçeleri we seýilgähleri abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň örän ýaramaz alnyp barylýandygyna çekdi. Hatda protokol köçeleri, esasan hem Köpetdag etrabynyň çäklerinden geçýän protokol ýollary talaba laýyk bezelmeýär. Bu ýollarda tebigy şertleri göz öňünde tutup, bezeg işlerini geçirýän hünärmenleriň netijeli işlemegi zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şäheriň ähli etraplarynda diýen ýaly, kiçi etrapçalaryň çäklerinde belli bir tertip ýok diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz aýry-aýry jaýlaryň daşky görnüşiniň  bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýollaryň käbir ýerleriniň talaba laýyk yşyklandyrylmaýandygyny,  şol çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça  ýeterlik işleriň geçirilmeýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň birnäçe ýerlerinde awtoulaglary goýmak üçin duralgalaryň ýetmezçilik edýändigini, zir-zibilleriň köplenç öz wagtynda aýrylmaýandygyny, elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde we ýyladyş ulgamlarynyň işinde bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny nygtady. 

Paýtagtyň etraplarynda ulanyş möhleti geçen köp sanly ýaşaýyş jaýlary bar, olarda  ýaşamak üçin oňaýly şertler ýok we olar ýaramaz enjamlaşdyrylan diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de köne jaýlary ýykyp aýyrmak ýa-da olaryň durkuny täzelemek boýunça işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeýändigini belläp, degişli ýolbaşçylaryň adyna tankydy bellikleri aýtdy.   

Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek almak barada şäher ilatyndan köp sanly arzalar gelip gowuşýar. Muňa garamazdan mellek ýerlerini bölüp bermek boýunça işler geçirilmeýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz bu babatda Berkararlyk etrabynda işleriň ýaramaz ýola goýlandygyna ünsi çekdi.  

Hormatly Prezidentimiz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, bar bolan kanunçylyga garamazdan, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň göwnejaý işlemeýändigini belledi. Paýtagtymyza gelýän we ýaşaýyş jaýlaryny kärendesine alýan raýatlaryň hasaby anyk ýöredilmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Polisiýanyň ýerli wekilleriniň işini düýpli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu kemçilikler üçin bu müdirligiň, şeýle hem  şäheriň we onuň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň, degişli ministrleriň şahsy jogapkärçilik çekýändigini belledi.  

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, wise-premýer Ş.Durdylyýewe ähli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän edaralarynda seljerme işlerini geçirmek we kemçiliklere ýol beren adamlara çäre görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň etraplarynyň we  Aşgabat şäheriniň  häkimlikleriniň öňünde möhüm wezipelere degip geçdi. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýyla çenli paýtagtymyzda  ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, şol sanda ulag-kommunikasiýa, inženerçilik we jemagat, aragatnaşyk hem-de energetika ulgamlaryny doly täzelemegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde  şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň esasy görkezijilerini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Paýtagtymyzyň önümçilik pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk maksada gönükdirilen işleri alyp barmaly. Hormatly Prezidentimiz  gurluşyk işleri geçirilende iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ulanmagy tabşyrdy. 

Mundan başga-da, Aşgabadyň ykdysadyýetiniň köpugurly bolmagyny üpjün etmegiň,  senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň, ylym we hyzmatlar ulgamlarynyň, täjirçilik-işewürlik we beýleki ugurlaryň sazlaşykly ösmegini gazanmagyň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz  paýtagtymyzy sebitiň möhüm ähmiýetli syýahatçylyk merkezine öwürmek maksady bilen, zerur bolan üpjünçilik ulgamlaryny döretmegi tabşyrdy. 

2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli az wagt galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ş.Durdylyýewe Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda sport desgalarynyň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça halkara derejeli türgenleri we ýokary hünärli tälimçileri taýýarlamagy dowam etmegiň, şol sanda sportuň täze görnüşleri boýunça işlere daşary ýurtly belli hünärmenleri çekmegiň zerurdygyny nygtady. Milli sport eminlerini we gözegçileri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri geçirmek barada aýtmak bilen, milli Liderimiz olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz  Aşgabat şäheriniň häkimine Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda işlemek üçin tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça geçirilýän okuwlary dowam etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň ünsüni  Garaşsyz döwletimiziň paýtagty hökmünde Aşgabat şäheriniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň zerurdygyna çekdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen bagly kanunçylyk namalarynyň köpüsi döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji ýyllarynda kabul edildi. Şoňa görä-de, bu kanunçylyk namalary şu günüň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, munuň özi, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de etrap häkimlikleriniň gulluklarynyň işinde bökdençlikleri döredýär, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna öz täsirini ýetirýär.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda tertip-düzgün hemişe nusgalyk derejede ýokary bolmalydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz  Aşgabadyň iň gözel we arassa şäher, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertler döredilen, rahat şäher hökmünde gazanan abraýyny gorap saklamak biziň borjumyzdygyny we öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridigini nygtady. Şoňa görä-de,  paýtagtymyzyň has-da gözel, owadan we rahat şäher bolmagy üçin köp tagalla etmelidiris,  Aşgabat şäherine geljekki nesillerimiz, çagalarymyz we agtyk-çowluklarymyz buýsanar ýaly, ähli zerur işleri geçirmelidiris,  ak mermere beslenen paýtagtymyzy Garaşsyzlyk eýýamynyň nyşany bolan ajaýyp şähere öwürmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçyylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda guralýan halkara çäreleriň, hususan-da, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ugurda halkara derejesindäki giň möçberli çäreleri guramak boýunça öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegi, iri ýaryşlary guramagyň aýratynlyklary boýunça okuw sapaklarynyň geçirilmegi, olarda degişli derejedäki tertip-düzgüniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 

Mundan başga-da milli Liderimiz iri ýaryşlary geçirmek babatda halkara tejribesiniň öwrenilmegine günübirin girişilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň ýaly Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça daşary ýurtlarda toplanylan tejribäni öwrenmek maksady bilen, wise-premýer Ş.Durdylyýewi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatowy Awstraliýanyň Sidneý şäherine iş saparyna ugratmak baradaky degişli resminama gol çekdi. 

Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşuna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Iş maslahatynyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder