2016-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Kemal Aýdyn baştutanlyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda gatnaşyjylar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça soraglaryň giň sanawyna garadylar, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän sebitleýin we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly geljekde energetika we ulag ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.
Mundan başga-da syýasy geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça meselelere seredildi. Taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň jemleri boýunça hoşallyklaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan özarabähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder