Duşuşyga gatnaşyjylar dünýä we sebit derejesinde adam ösüşi hakynda syn beriş resminamanyň mowzugynyň möhümdigini bellediler. Bu resminama BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Maksatlarynda halkara hyzmatdaşlygy üçin maksatnamalaýyn resminama hökmünde geçen ýylyň sentýabrynda durnukly ösüş boýunça sammitde Milletler Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň 193-siniň goldamagynda kabul edildi. Täze maksatnama toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, durnukly ösüşiň düzümleriniň üçüsiniň: ykdysady, durmuş we ekologiýa düzümleriniň sazlaşygyny üpjün edýär. Ykdysadyýetleriň durnukly ösmegine, ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Ykdysadyýetleriň innowasion ösüşi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenip, ilkinji nobatda, islendik döwletiň esasy wezipesiniň öz raýatlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. Şu nukdaýnazardan adam hakynda aladanyň Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna çykarylandygy, ilaty iş bilen üpjün etmegiň hasabyna türkmenistanlylaryň girdejilerini artdyrmagyň strategik wezipe bolup durýandygy bellenildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzirki döwürde geçirilýän giň gerimli özgertmeler munuň aýdyň subutnamasy bolup, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek olaryň esasy maksatlary bolup durýar.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins öz çykyşynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. BMGÖM-niň ýurdumyzdaky ýolbaşçysy syn beriş hasabatynyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň diňe tejribe alyşmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin oňaýly ugry bilelikde işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Bu hasabatyň üns merkezinde bolsa soňky çärýek asyryň dowamynda adam ösüşi babatda öňegidişlik durýar.
Halkara bilermeni jenap Ben Sleý “Adam ösüşi hakynda 2015-nji ýyl üçin hasabaty” bilen tanyşdyrdy. Onda ösüşiň dünýä, sebit we milli derejedäki meselelerine seljerme berlip, adam we onuň durmuş derejesi olaryň merkezinde durýar. Bellenilişi ýaly, Hasabatlar adam ösüşiniň görkezijileri hakynda maglumatlary, şol sanda ýurdumyzyň her ýylky ösüş derejesini ýaýratmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Munuň özi döwlet işgärleriniň, ylmy işgärleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň ägirt uly gyzyklanmasyny görkezýär. Bilermen tanyşdyrylan resminamanyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň BMG-niň durnukly ösüş boýunça täze maksatlar kabul edilen sammiti tamamlanandan soň çapdan çykandygyny nygtady.
Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ilaty iş bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, zähmet serişdelerini netijeli peýdalanmak Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunda döwrebap, döwrüň talaplaryna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hünärli işgärler bilen üpjün etmek, zähmet bazarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, “Türkmenistanda ilaty iş bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek barada 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmagyň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Şol resminamalar zähmet bazarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de sebitleriň, aýry-aýry ugurlaryň hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.
Çykyş edenler Maksatnamanyň esasy wezipeleri bilen tanyşdyryp, bu ugurda döwlet kadalaşdyrmasynyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini bellediler. Olar degişli ugurda bar bolan mümkinçilikler barada aýtmak bilen, işgärleri okatmak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak arkaly işgärler boýunça çäreleriň toplumyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny nygtadylar.
Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň uçurymlaryny iş bilen üpjün etmäge, ýerlerde, şol sanda alys künjeklerde ýaş hünärmenleriň işlemegi üçin şertleri döretmäge ýardam etmek durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Hünärleri kesgitlemegiň tertibiniň hem-de daşary ýurtlarda işgärleri taýýarlamak üçin ugurlaryň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň işjeň ösmegi bilen baglylykda, Maksatnamada ilatyň telekeçilik işjeňligini höweslendirmäge, şol sanda kiçi we orta telekeçilikde goşmaça iş orunlaryny döretmek arkaly höweslendirmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.
Iş bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary, hususan-da, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar bilen durmuş kömegine mätäç bolan adamlar üçin iş berijileriň paýlaryny kesgitlemek meseleleri boýunça işlemekde täze usullaryň ulanylmagy bu ugurda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Çaga seretmegi bilen baglylykda, birnäçe ýyl bäri işlemedik zenanlary, hünäri bolmadyk, mümkinçilikleri çäkli adamlary işe ýerleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Zähmet bazarynda işleriň ýagdaýy hakynda maglumat bermek degişli gulluklaryň işiniň esasy ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda şu maksatlarda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde boş iş ýerleri hakynda maglumatlar çap edilýär, boş iş orunlarynyň ýarmarkalary yzygiderli geçirilýär.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň tutuş adamzadyň ösüşiniň global maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamakda Türkmenistan bilen BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMGÖM-niň arasyndaky gatnaşyklary has giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder