15 Şubat 2016 Pazartesi

Iri Halyçylyk Toplumynyň Açylyş Dabarasy

Ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyny guramak asylly däbe öwrüldi. Şu gün ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat taýdan önümçiligi boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy boldy.

Şu şanly waka ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynda häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap önümçilik toplumynyň işe girizilýändigini alamatlandyrdy. Soňky ýyllarda telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary netijeli durmuşa geçirilýär we senagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin oňyn mümkinçilikler üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky asylly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi hususy işewürligiň ösdürilmegi, ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän we eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky gaýtadan işleýän pudagyň kämilleşdirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, gurluşyk serişdeleri senagaty, himiýa, dokma, mebel önümçiligi, oba hojalyk toplumy we balyk hojalygy ýaly ugurlarda has-da işjeňlik görkezýärler. 

Ine, şu gün hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýelejek senagat desgasy açyldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda bina edilen bu toplumyň gurluşygyny “Aga gurluşyk” kärhanasy ýerine ýetirdi. Bu iri maýa goýum taslamasy köpugurly toplum bolmak bilen, özünde birnäçe önümçilik desgalaryny birleşdirdi. Onda ýerli çig maldan taýýarlanýan ýüplükleri ulanmak arkaly ýokary hilli, dürli görnüşli we dürli ölçegdäki, şeýle hem daşary ýurtly önüm öndürijileriniň önümlerinden pes durmaýan we eksport ugruna niýetlenen haly we haly önümleri taýýarlanylar. 

Taslama laýyklykda toplumyň umumy eýeleýän meýdany 14,5 gektara barabardyr. Bu ýerde iki gatly edara binasy, dört sany önümçilik toplumlary, söwda merkezi, çig mal hem-de taýýar önümleri saklamaga niýetlenen ammarlar, inženerçilik-tehniki düzümiň desgalary we önümçilik desgalarynyň durmuş üpjünçiligi binalary bar. Toplumyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, ol ýerde gök zolaklar döredilip, ýaşajyk agaç nahallary oturdylypdyr, bezeg  ösümliklerinden haly göllerini alamatlandyrýan şekilli zolak döredilipdir.

Ir bilen täze toplumyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagaýy emele geldi. Onuň çägi dürli baýdaklar, şarlar we beýlek serişdeler bilen bezelipdir.  

Hormatly Prezidentimiziň ulagy täze kärhananyň öňündäki meýdançada saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,  daşary ýurtly işewürler hem-de ýurdumyzyň telekeçileri garşyladylar. 

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň sahnalaşdyrylan we aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. 

Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz  şu günki dabara gatnaşýan diplomatlar  bilen gürrüňdeş boldy. Olar  döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutladylar we ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara gatnaşmak, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere şaýat bolmak babatda döredilýän mümkinçilik üçin  tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan  şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda tagalla edýändikleri üçin diplomatlara minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine daýanýan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürjekdigini, bu babatda ilçihanalaryň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiz  milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi ugrunda mundan beýläk-de giň möçberli işleriň alnyp baryljakdygyny, bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda diplomatik wekilhanalaryň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Telekeçiler netijeli iş alyp barmak hem-de giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde hususy telekeçilige bildirilen ynam, bu  babatda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň öwrenilip, işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýöretmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi. Döwletimiz telekeçileriň işine mundan beýläk-de yzygiderli goldaw berip, olaryň möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi we ykdysadýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda telekeçilere wajyp ornuň degişli bolup durýandygyny aýratyn nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz önümçilik toplumynyň esasy girelgesine tarap bardy. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, täze kärhana açyldy.

Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girip, täze toplumyň önümçilik  kuwwatlyklary, onda üpjün edilen şertler bilen tanşyp başlady. Bu ýurde “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmeni döwlet Baştutanymyza täze toplumyň mümkinçilikleri, haly kärhanasynyň işiniň aýratynlyklary barada ýörite suratlaryň üsti bilen gürrüň berdi. 

Täze toplumyň üç sany önümçilik desgasy bolup, olarda haly dokaýan, önümleri taýýar görnüşe getirýän, çig maldan ýüplük taýýarlaýan, şeýle hem çig mal önümçiligi boýunça iki we el halylary dokaýan  bölümlerden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen emeli ýüplükden haly dokýan bölümiň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýylda 800 müň inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýän, awtomatlaşdyrylan usulda işleýän iň häzirkizaman enjamlary oturdylypdyr. Kärhananyň  doly taslama kuwwatyna çykmagy bilen, bu ýerde 500 iş orunlary dörediler. 

Iň soňky ylmy işläp taýýarlamalaryň hem-de innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň we ykdysady babatda netijeli enjamlaryň peýdalanylmagy häzirki döwürde bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmegiň möhüm şerti bolup durýar. 

Haly dokaýan bölümde ýokary tehnologiýaly haly dokaýjy enjamlardan ybarat bolan üç ulgam hereket edýär. Olarda Ýewropanyň dokma senagaty ulgamynda öňdebaryjy hasaplanýan Belgiýanyň “Van De Wiele” kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyrylypdyr. Ýokary önümçilik häsiýetleri hem-de köpugurlylygy tapawutlanýan bu öndürijileriň iň täze işläp taýýarlamalary ilkinji gezek 2013-nji ýylda her ýyl Aşgabatda geçirilýän dokma önümleriniň Halkara sergisi görkezildi. Ýurdumyzda haly önümçiligini senagat taýdan ýola goýmak üçin saýlanyp alnan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň iberilmegi boýunça işewürlik şertnamalary  türkmen telekeçileriniň  hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeleri boldy.  

Olar sintetik süýümlerden ýokary hilli we sarp ediş bazarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli halylary dokamaga ukyplydyr. Bu enjamlarda dokalýan halylar sarp edijiniň buýurmasy esasynda dürli şekilli, dürli bezeg aýratynlyklarynda, dürli ölçegde we islendik ýazgyny hala çitmek usulynda taýýarlanylýar. Munuň özi bu halylaryň içerki we dünýä bazarlarynda has-da islegli bolmagyny şertlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde dokalýan halylaryň ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda giňden ulanylýandygyny, olaryň örän amatlydygyny, reňkleriniň solmaýandygyny we uzak wagtlap ulanmaga niýetlenendigini bellemeli. 

Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyza bölümde oturdylan enjamlaryň aýratynlyklary barada, olarda haly dokamagyň häzirkizaman usullarynyň ornaşdyrylandygyny, bölümiň tutuşlygyna kompýuterleşdirilmeginiň enjamlarda bir görnüşli halydan beýleki bir görnüşli hala geçmegi üçin ýeňil usuly üpjün edýän programmalaryň oturdylandygyny habar berdi. Buýrujy geljekki haly önüminiň şekilini ýa-da nagşyny görkezenden soň, maglumatlar şekile geçirilýär we kompýuter maksatnamalaryna girizilýär, degişli hasaplamalar geçirilýär, enjamyň özi awtomatik usulda zerur bolan buýurmany ýerine ýetirmäge girişýär. 

Bu halynyň önümçiligi üçin ýurdumyzda öndürilen polipropilenden edilen ýüplükleriň we akril sapaklarynyň ulanylýandygyny aýdyp, bu ýüplükleriň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilen polipropilenden ýüplük öndürýän ýörite sehden gelip gowuşýandygyny habar berdi. 

Ýüplükli we dürli boýagdaky tegekleriň birbada 19 müňüsiniň dokma enjamlary ulgamynda ýerleşip, hereket edýändigi baradaky maglumat bu bölümiň ägirt uly kuwwatyndan habar berýär. 

Bu ýerde otaglaryň ölçegine laýyk halylary taýýarlamaga, olara dürli şekilleri, ýazgylary we bezegleri çitmäge mümkinçilik bar.  Hünärmeniň aýtmagyna görä, kärhananyň söwda merkezinde  haly dükany bolup, onda müşderilerden gerek ölsegleri, isleg bildirilýän bezegleri bolan halylara buýurmalar kabul edilýär. Bu bolsa sarp edijileriň ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagynyň möhüm şertidir.

Şeýe hem ol öndürijilikli işlemek we bazarlarymyzy zerur bolan haly önümleri bilen doly derejede üpjün etmek ugrunda döredilen amatly şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz halyny kebşirleýän bölüme bardy. Bu ýerde haly we haly önümleri sarp edijilere ugratmak üçin taýýarlanylýar. Bölümde taýýar halylar arassalanylýar, onuň artykmaç  ýüplükleri kesilýär we taýýar bazarlyk görnüşe getirilýär. Bu ýerde Türkiýäniň “Anmak makina” görnüşli enjamlary oturdylypdyr. Olaryň kömegi bilen halylar tozandan arassalanylýar, ýörite serişde arkaly berkidilýär, guradylýar we gyralary tekizlenýär, şeýle hem halynyň üpürjigi dikeldilýär. Şeýle hem bu ýerde kärhananyň möhri basylyp, halylar togarlanyp gaplanýar. Onuň daşyna buýrujynyň islegine görä, halynyň bezeginiň şekili  çatylýar. 

Bölümiň hünärmeni bu halylaryň hil häsiýetnamalary barada aýdyp, olaryň örän durumlydygyny hem-de ýakymlydygyny, reňkiniň uzak wagtlap solmaýandygyny we halylaryň ulanyş möhletiniň ýokarydygyny aýratyn belledi. 

Hormatly Prezidentimiz  halylara isleglere görä dürli şekilleriň ýerleşdirilmegi, şanly seneler we toý dabaralary mynasybetli gutlag sözleriniň ýazylmagy  harytlaryň hyrydarynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň ösdürilmegi hem-de kämilleşdirilmegi babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara binäçe tabyşyklary berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz taýýar bolan we gaplanan halylara ýelmenýän ýarlyklarda harytlar baradaky ähli görkezijileriň, olaryň güne solmaýandygy, uzak wagtlap ulanmaga niýetlenendigi baradaky maglumatlaryň aýdyň görkezilmelidigini tabşyrdy. 

Hünärmen haly önümçiliginde döwlet Baştutanymyzyň aýdan ähli görkezmeleriniň ýerine ýetiriljekdigine ynandyryp, milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen täze toplumda ulanylan halylary dikeltmek üçin hem ähli zerur şertleriň bardygyny habar berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz polipropilenden emeli ýüplük taýýarlaýan önümçilik bölümine bardy. Ýurdumyzyň nebithimiýa kärhanalarynda polipropileniň ýeterlik möçberleri öndürilýär. Bu bolsa beýleki ugurlar bilen bir hatarda, haly önümçiliginde zerur serişdeleriň üpjünçiligini şertlendirýär. Bölümde “Oerlikon” kompaniýasynyň “Neumag” kysymdaky ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň kömegi arkaly ýüplük taýýarlanylýar.  Bu ýerde ýokary basyşly gyzgynlyk bilen polipropileniň gerdekleri ýüplüge öwrülýär we ýörite boýaglar arkaly zerur bolan reňkli ýüplüklere öwrülýär. Olar 4,5 kilogram agramy bolan tegeklere saralýar. Sagatda şeýle tegekleriň 120-si taýýar bolýar. Şeýle hem bu ýerde Germaniýanyň “Volkman”, “Pover Heat Seat”, Belgiýanyň “Gilbos” önüm öndürijileriniň “Saurer” saraýjy enjamlary oturdylypdyr. 

Bu bölümiň önümçilik kuwwaty her günde 8  tonna emeli ýüplüklere barabardyr. 

Şeýle hem bu ýerde akril süýüminden ýumşak we ýokary hilli ýüplükleri öndürmek üçin ýöriteleşdirilen bölümde oturdylan Italiýanyň “Teсno Meсanoсa Biýeles”, “Sant Anderea Nowara”, Fransiýanyň “NSС”, Germaniýanyň “Zinser”, “Sсhlahfors”, Türkiýäniň “Nemaks” görnüşdäki enjamlarynyň ulanylýandygyny bellemeli. Haly önümleriniň ähmiýetine we görnüşlerine laýyklykda, polipropilen hem-de akril ýüplükleri dürli görnüşde ulanylýar. Haly önümçiligi üçin ýurdumyzda  öndürilýän polipropilenden ýüplükleriň taýýarlanylmagy önümiň düşýän gymmatyny ep-esli peseldýär. Bu bolsa halylaryň ilat üçin elýeterli bolmagyny şertlendirýär. 

Kärhana gelip gowuşýan çig mal – ak reňkli polipropilen we dürli reňkli gury boýag ownuklarydyr, şeýle hem akril süýümi we beýleki kömekçi serişdeler, ulanmak üçin taýýar edilen haly ýüplükler we dürli görnüşli haly önümleriniň nusgalary bar. Olar täze enjamlarda taýýarlanyldy we “Abadanhaly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly kärhanasy   edara binasynyň birinji gatynda açylan muzeýde olary synlamak bolýar. Bu ýerde şeýle hem kompýuter zaly ýerleşýär, onda ýörite maksatnamalaryň kömegi bilen geljekki önümiň bezegini özbaşdak işläp taýýarlamak, haly önümçiligi barada zerur maglumaty almak mümkindir.  

Bu ýerde işleýän hünärmen pursatdan peýdalanyp, milli Liderimize döwlet tarapyndan ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän goldaw, pudagyň  hünärmenlerini taýýarlamakda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.  

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, dokma önümçiliginde täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň özleşdirilmegi, bu ugurda zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy babatda yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň el halylaryny öndürýän bölümine bardy. Milli türkmen halylarynyň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen bölüm täze haly kärhanasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. 

Türkmen halkynyň gadymy senetleriniň aýawly saklanmagy, zenanlaryň el işleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen halylaryna, milli gymmatlyklarymyza aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halyçylyk sungatynyň asylly däpleriniň ösdürilmegi, zehinli halyçylaryň döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýär. 

Pudagyň täze senagat desgasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr, bu ýerde lukmançylyk otagy, her bir önümçilik bölüminde bolsa dynç alyş otaglary  göz öňünde tutulandyr, şeýle hem toplumda amatly we owadan mebeller goýlan naharhanalar bar. 

... Milli Liderimiz bu bölümde ýönekeý gurallar bilen eli hünärli halyçy zenanlaryň hakyky sungat eserini döredýän işlerini synlady. Olarda milli halyçylygyň gadymy  ýörelgeleri bilen häzirkizaman tejribeleri utgaşýar.  Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyza el halylaryny dokamak, arassa ýüňden keçe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, olaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz haly dokaýan zenanlaryň armalaryny ýetirdi. Zehinli halyçylar özleriniň döredijilikli zähmeti üçin döredilýän  oňyn mümkinçilikler barada aýdyp, munuň üçin milli Liderimize alkyşlaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz halyçylaryň işiniň netijeli häsiýete ýe bolmagy, türkmen halylarynyň gadymy şöhratynyň dikeldilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigini aýdyp,olaryň gadymy halyçylyk senetini dowam etdirýän  zähmetine ýokary baha berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Ereşowa we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça, aýratyn-da, türkmen halylarynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, munuň üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmegi hem-de onuň çözgüdini tapmagy tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz bu bölümde keçe taýýarlaýan halypa halyçy zenanlaryň ýanyna bardy. Şu pursatda täze taýýarlanýan keçäni gülleýän eli hünärli mährem eneler milli senedimiziň ösdürilmegi, olaryň geljek nesillere  ýetirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz elde dokalýan türkmen halylarynyň ynsan saglygy üçin örän ýakymlydygyny belläp, bu işleriň ösdürilmegi, zehinli türkmen zenanlarynyň el hünäriniň kämilleşdirilmegi hem-de olaryň geljege gönükdirilmegi babatda döwletimiziň zerur mümkinçilikleri üpjün etjekdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz türkmen halkynyň özboluşly amaly-haşam sungatynyň  dowam etmegi ugrunda tagalla edýän zenanlara minnetdarlyk bildirdi. 

Bu ýerde gadymy türkmen haly önümleriniň ýerleşdirilmegi tötänleýin däldir, olar ata-babalarymyzyň çarwa durmuşynda ilkinji zerurlyk bolup hyzmat edipdir. Dürli halyçalar, horjunlar, namazlyklar, asmanlyklar, torbalar, gapylyklar, çuwallar, haly dokamak üçin gurallar, milli lybaslaryň hem-de bedew üçin bezegleriň nusgalary, şeýle hem geçen asyrlarda halyçylaryň şöhratyny dabaralandyran häzirki zaman çeper hünärli zenanlaryň işleri görkezilýär. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu möhüm işleriň geçirilmegi ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda hem-de halkymyzyň medeni mirasyna sarpa goýmak işlerinde aýratyn orny eýeleýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz bylary türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň gymmatly nusgalary hökmünde saklap galmak maksady bilen,  elde  dokalan gadymy halylary dikeltmek üçin bu ýerde şertleri döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.   

Milli Liderimiz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, çeper elli halyçylaryň, keçe taýýarlaýanlaryň  we bu ugurda gadymy milli gymmatlyklarymyzy dikeldýän  zenanlaryň ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşdyrylmalydygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň amaly-haşam  sungatynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýän türkmen zenanlarynyň işiniň höweslendirilmeginde ähmiýetli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Bölümiň halyçylary bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly önümçiliginiň halkymyzyň köpasyrlyk tejribä daýanýan milli gymmatlydygyny belledi. Häzirki döwürde halyçylyk ulgamy örän girdejili bolmalydyr. Çünki dünýä bazarynda türkmen halylaryna bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, bu sungatyň örän inçe çeperçilik usullaryny saklamak bilen, ýokary derejede ösdürilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Halyçy zenanlar kärhananyň işgärleriniň adyndan milli Liderimizi ýetip gelýän ýurdumyzyň Döwlet baýldagynyň güni bilen gutladylar we halyçylyk pudagyny ösdürmek barada aýratyn aladasy bu ulgamda telekeçilik işi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler.  

Soňra milli Liderimiz täze toplumyň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Döwlet Baştutanymyza şanly waka – täze “Abadanhaly” halyçylyk kärhanasynyň açylyş dabarasy mynasybetli ýadygärlik hökmüde bu wakanyň şanyna  ýörite dokalan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi. 

Döwlet Baştutanymyz halyçylara, keçe taýýarlaýan zenanlara we telekeçilere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder