10 Şubat 2016 Çarşamba

Suwy Aýawly Peýdalanmak Bol Hasylyň Özenidir

Ählihalk baýramynyň Türkmeistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynda suw hojalyk desgalar toplumy ulanylmaga berildi.Bu toplum welaýatyň Altyn asyr we Kaka etraplarynyň täze özleşdirilen ýerlerini suw bilen üpjün eder.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly il ýaşululary gatnaşdylar. 

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, bu ähmiýetli waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary boýunça sebitlerde durmuşa geçirilýän giň göwrümli özgertmeleriň aýdyň mysalydyr.

Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.

Dabara gatnaşyjylar pudagyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin ähli güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür we Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Dabaranyň barşynda täze suw hojalyk desgalar toplumynyň gurluşygynda tapawutlanan hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Welaýatyň sungat işgärleri gyzykly konsert bilen çykyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen "Türkmenistanda suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Garagum derýasynyň suw geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilmeli işleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy " tassyklanyldy. Bu maksatnama laýyklykda, suw hojalyk ulgamynda, şol sanda ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Ahal welaýatynda ulanylmaga berlen bu döwrebap suw hojalyk desgalar toplumy, Altyn asyr we Kaka etraplarynda täze özleşdirilen oba hojalyk ekerançylyk meýdanlarynda 25 müň gektar töweregi ýeri suw bilen üpjün eder. Ol oba hojalyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmek üçin dürli suw desgalaryny öz içine alýar. 

Ýer keşbiniň çylşyrymlylygy—täze özleşdirilen ýerleriň Garagum derýasynyň derejesinden ýokarda ýerleşýänligi sebäpli, ol ýere suw eltmek üçin ýörite usul ulanylýar. Suw göteriji desgalar, birinji tapgyrda sekuntda 5,6 kub metr tizlik bilen suwy 32 metr belentlige, ikinji tapgyrda sekuntda 5,2 kub metr tizlik bilen suwy 51 metr belentlige, üçünji tapgyrda bolsa sekuntda 6,3 kub metr tizlik bilen suwy 100 metr belentlige çenli sykarmaga mümkinçilik berer. Umuman, bu ýerde jemi 17 sany, şol sanda 3 sany ätiýaçlyk üçin kuwwatly suw sorujy enjamlar guruldy, göwrümi  1400 milli metre barabar bolan turbalaryň 35 kilometrden gowragy çekildi.
Mundan başga-da, bu etraplaryň çäklerinde uzynlygy 77 kilometrden gowrak suwaryş kanallary, 266,7 kilometre barabar şor suw akaba ulgamy guruldy.

Şeýlelikde, täze döwrebap suw hojalyk desgalar toplumynyň işe girizilmegi bilen Ahal welaýatynyň babadaýhanlarynda ekerançylyk ýerlerini giňeltmäge, täze tarp ýerleri özleşdirip, olary bol hasylly ekin ýerlerine öwürmäge mümkinçilik döredi. 

Mahlasy, bu taslamanyň amala aşyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň ýokary depginde ösdürilmeginiň, bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alynmagynyň,ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatynyň netijeli peýdalanmagynyň möhüm şerti bolan  suw baýlyklaryny rejeli ulanmak, suwarymly ekerançylyk meýdanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ädilen ýene bir möhüm ädimdir. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder