5 Şubat 2016 Cuma

Türkmenistan-Eýran: Medeniýetleriň Gatnaşygy

Türkmenistanda her ýylda uly üstünlik bilen geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy. Häzirki çäre uly gyzyklanma döredip, ünsi çekmek bilen, dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň uly baýramçylygyna öwrüldi, iki halkyň medeniýetiniň we sungatynyň asyrlardan bäri ýola goýlan özara baýlaşmak däplerini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykardy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasyny dürli döredijilik çäreleri düzdi. Däp boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda geçirilýän uly çeperçilik sergisinde Demirgazyk Horasan welaýatynyň, Tähran we Töwriz şäherleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ussaatlarynyň täsin işleri görkezildi. Olaryň görnüşleriniň we çeperçiliginiň özboluşlylygyny daşyň we agajyň ýüzünde kaligrafik ýazuw usulynda haşamlanan ýazuwlar, gazma nagyşlanan gapyrjaklar, syrçalanan keramiki we kümüş gap-gaçlar, ajaýyp bezelen aýna önümleri, žiwopis eserleri hem-de inçe miniatýuralar, şaý-sep bezegleri, öýde dokalan önümleriň nusgalary hem-de milli tikinçilik we beýleki önümler beýan etdi. Bugdaýyň inçe sypalyndan hem-de agaç böleklerinden ýerine ýetirilen çeper suratlar, şeýle hem ýüpek matanyň ýüzünde akwarel bilen elde ýazylan şekiller—batik aýratyn ünsi çekdi.

Fotosergi hem häzirki zaman Eýrany gadymy ýadygärlikleri bilen beýan etdi. Onuň uly bölümi dürli welaýatlaryň iň gözel ýerlerinden geçýän syýahatçylyk ugurlaryna bagyşlandy. 

Serginiň aýratyn diwarlygy Aziýanyň köp halklarynyň ruhy gymmatlygy bolup durýan ajaýyp şahyrlaryň, alymlaryň we akyldarlaryň galamyna degişli bolan taryhy, sungaty öwrenijilik we nusgawy edebiýatyň ajaýyp eserlerini, şeýle hem poligrafiýa önümleriniň seýrek neşirlerini  açyp görkezdi. Ussatlyk sapaklarynyň görkezilişi serginiň däbine öwrüldi. Onuň barşynda eýran halypalary ýaş döredijiler bilen öz tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmen we eýran aşhanasynyň naharlarynyň we süýjülikleriniň görkezilmegi iki dostlukly halkyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny özboluşly öwüşgin bilen ýüze çykarýan häzirki serginiň aýratynlygy boldy. Görkezilen milli tagamlardan hem-de süýjüliklerden hödür edildi we oňa baha bermek mümkin boldy. 

Töwriz şäheriniň folklor topary däpleri gadymy eýran heňlerine we mukamlaryna baryp ýetýän aýdym-saz medeniýetini görkezdiler. Halk saz gurallarynyň owazy astynda söýgi aýdymlaryny ýerine ýetiren artistleriň çykyşlary “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde tomaşaçylaryň mynasyp el çarpyşmalaryny döretdi. 

Paýtagtymyzyň Gurjak teatrynda iki ýurduň çagalar toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi.  Onuň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilmegi iki ýurduň Liderleriniň ýaş nesli terbiýelemek meselelerine neneňsi üns berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

“Watan” kinokonsert merkezinde eýran filmleriniň görkezilmegi hem medeni çäräniň ajaýyp wakasy boldy. Şol filmler kinosungatyny söýüjileri täze döwrüň režissýorlarynyň iň oňat işleri bilen tanyşdyrdy. Tomaşaçylara ýurdumyzyň terjimeçileri we artistleri tarapyndan türkmen dilinde görkezmäge taýýarlanylan filmler hem hödürlenildi. Milli kinony  wagyz etmekde bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurduň kinematografiýaçylarynyň arasynda döredijilik alyş-çalyşlaryny ösdürmegiň möhüm alamatyna öwrülendigi bellärliklidir. 

Forumyň çäklerinde Eýran  wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdiler. Şonda ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Eýranyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly sungaty söýüjiler gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar şu ulgamda milli medeniýetleri ösdürmäge ýardam berýän köptaraply ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem-de netijeli özara gatnaşyk etmek syýasatyny alyp barýandyklary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.   

Bilelikdäki konsert dostluk baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi. Ol sahnada iki ýurduň estrada artistlerini, halk eserlerini meşhur ýerine ýetirijileri, folklor tans toparlaryny birleşdirdi.

Döredijilik forumy türkmenistanlylara Eýranyň baý medeniýeti hem-de häzirki zaman sungatynyň ösüşiniň ýagdaýlary barada bilmäge, ýurdumyzyň myhmanlaryna bolsa paýtagtymyzyň gözel ýerleri, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary we Türkmenistanyň  taryhynyň ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. 
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder