28 Şubat 2016 Pazar

Medeniýet Ministrligi Taryhy Ýerleri Goramak Gözegçiligini Güýçlendirýär

Ýurdumyzyň taryhynyň gozgalmaýan ýadygärlikleri we medeni mirasa degişli obýektleri goramak maksady bilen desgalaryň ýerleşjek ýeri saýlanyp alnanda ähli gurluşyk taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hökmany suratda ylalaşmak arkaly amala aşyrylar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşmagy üpjün etmäge borçly edildi. 

Şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça aýlanyp, birnäçe täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň eteginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň ýagdaýy bilen tanyşanda ýolbaşçylara desgalaryň ýerleşjek ýeri saýlanyp alnanda ähli gurluşyk taslamalaryny Medeniýet ministrligi bilen hökmany suratda ylalaşmagy göz öňünde tutýan resminamany taýýarlamagy tabşyrypdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylar bilen bolan söhbetdeşlikde türkmen topragynyň dürli döwürlerde siwilizasiýanyň ösen merkezleriniň, kuwwatly döwletleriň we gülläp ösen şäherleriň, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň bolandygyna şaýatlyk edýän taryhy we medeni ýadygärliklere örän baýdygyny belläp, Medeniýet ministrliginiň taryhy ýadygärlikleriň aýawly saklanylmagyna we şol sanda ähli gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda talabalaýyk gözegçilik etmelidigini aýtdy. 

Täze girizilen tertip Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän medeni ýadygärlikleri goramak boýunça gözegçiligiň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder