11 Şubat 2016 Perşembe

Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Şamşad Ahtary kabul etdi. Myhman türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.

Ýokary wezipeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.  ESKATO we tutuş BMG Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar hem-de ýurdumyzyň oňyn daşary syýasat ugruny goldaýarlar. Şol ugur bolsa sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde bolan  hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, BMG-niň ýöriteleşdirilen iri edaralary we düzümleri, şol sanda  BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy. Şol gatnaşyklar bolsa uly kuwwata eýedir. 

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ESKATO-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlarda  hyzmatdaşlygy ilerletmegiň geljegini we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag we energetika ulgamlary  özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, bu ugurlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wajyp wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan edildi. 

Bu teklipleriň möhümdigini döwrüň özi hem tassyklady, çünki ulag we energetika ulgamlary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy ösüşiň wajyp şerti      bolup durýar. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalarynyň başyny başlap we olary durmuşa geçirip, sebit we dünýä möçberinde köp şahaly ulag –üstaşyr düzümini hem-de energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegi üçin diwersifikasiýalaşdyrylan turba geçiriji düzümi döretmäge saldamly goşant goşýar. 

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ulag- aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahaty ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň birnäçesi, şol sanda ESKATO bilen bilelikde gurady. Ýokary derejeli bu forumyň jemleýji  resminamasynyň – Aşgabat Jarnamasynyň  esasy ugurlary türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy  tarapyndan şol ýylyň dekabrynda kabul edilen degişli kararnamanyň düzgünlerinde öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen bir hatarda,  Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň döwrebap arhitekturasyny kemala getirmek boýunça başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki gezek – 2008-nji we 2013-nji ýyllarda "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky kararnamany kabul etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalaryň, şol sanda ulag we energetika ulgamlaryndaky taslamalaryň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly esasy  hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýändigi bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG we onuň esasy düzümleri bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini, öz tarapyndan bu oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönüden-göni gatnaşmagy, umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän sebit we dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary,  Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary   hanym Şamşad Ahtar biziň ýurdumyz bilen ESKATO-nyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder