Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Hytaýyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “A” kysymly tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle-de daşary ýurt puluna portlandsement, arassalanan pagta ýagy, garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňi, nah ýüplügi, pagta süýümi, lint we şulha satyldy. Olary Şweýsariýadan, Russiýadan, Hytaýdan, BAE-den, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 65 million 528 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri jemi bahasy 10 million 900 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, saryja goýunlarynyň ýüňüni, nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 750 müň manatdan gowrak bolan polipropilen (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder