10 Şubat 2016 Çarşamba

Hazar Sebiti-Hyzmatdaşlygyň Çäkleridir

Häzirki wagtda Hazar sebitinde halkara ähmiýetli ulag kommunikasiýalary çäkleri barha giňeýän Ýewroatlantiki we Aziýa-Ýuwaş umman bazarlarynyň arasynda has netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge mümkinçilikleri bardyr. Bu günki gün Hazar sebiti Türkmenistan üçin barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bir tarapdan, bu ýeriniň tebigy serişdelere: ýangyç-energetika, balyk, agroklimatiki, rekreasion ýaly tebigy serişdelere baý bolmagy, beýleki bir tarapdan – ulag-geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi önümçiligi artdyrmaga we daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas bolup hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. 

Orta Aziýa sebitini Ýewropa ýurtlary, Hindistan, Päkistan, Hind ummanynyň kenarýaka döwletleri bilen baglanyşdyrýan iň gysga ýol Hazar deňziniň üstünden geçýär. Häzirki wagtda Hazar deňzini we onuň kenarýaka çäklerini möhüm üstaşyr geçirilýän ýükleriň haryt alyş-çalşygy merkezine öwürmegiň ygtybarly düýbi tutulýar. Bu möhüm ýoluň üsti bilen Türkmenistan Eýran, Günbatar Hytaý, Owganystan we umman kommunikasiýalaryna çykmagy çäkli bolan beýleki ýurtlar ýewropa bilen söwda ederler. 



Muny nazara almak bilen, Türkmenistan strategiki we ortaça tizlikli maksatnamalaryň çäklerinde ygtybarly, bäsleşige ukyply we ýokary hilli ýük akymlary hyzmatlarynyň ölçegleri boýunça milli deňiz ulag mümkinçiligini ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmagy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şunlukda aýratyn orun durnukly dünýä hojalyk gatnaşyklaryny üpjün etmekde we halkara zähmet bölünişigine milli strategiýanyň gatnaşmagynda hususy söwda flotyny ösdürmek we deňiz port infrastukturasyny mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmak degişli bolar. Türkmenbaşynyň deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak taslamasy daşky söwda güýç bermäge we Türkmenistanyň ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilendir. 

Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üstünden eksport- daşary ýurt, üstaşyr ýükleri, şeýle hem halk hojalygy ähmiýetli ýükler, nebit we nebit önümleri, senagat we gurluşyk enjamlary we beýleki ýükler geçýär. Soňky ýyllarda bu ýerden geçýän ýük akymlarynyň depgini mese-mälim artdy. Bilermenleriň baha bermegine görä, 2009-njy ýylda Türkmenbaşy portunyň kuwwatlylygy 7 million tonna, hakyky geçirilen ýük bolsa 6 million tonna boldy diýlip baha berildi. 2012-nji ýylda Türkmenbaşy portunyň kuwwatlylygy 9,2 million tonna çenli, hakyky geçirilen ýük bolsa 8,5 million tonna çenli artdy. Häzirki wagtda (2015) Türkmenbaşy portunyň üstünden daşary söwda ýükleriniň 40 göterimi geçýär. 

Ýurduň deňiz ulagynyň bäsleşige ukyply derejesini ýokarlandyrmak innowasiýany düzýän deňiz ýüklerini daşamagy güýçlendirmegiň, olary iň täze tehniki serişdeler, öňdebaryjy tehnologiýalar, dolandyryş tehnologiki we maglumatlar işlerini häzirki zaman elektron ulgamlary bilen üpjün etmegiň, flotuň durkuny täzelemegiň hasabyna gazanyp bolar. Mundan hem başga, portuň ýük göteriş-ulag enjamlarynyň durkuny täzelemek möhüm wezipe bolup durýar. Deňiz portunyň binýadynda tehnologiki platformalary döretmek we sebit-çäkler klasterini emele getirmek ýaly usullar mundan beýläk aýratyn ähmiýete eýe bolarlar. 



Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň durkunyň düýpli täzelenmeginiň barşynda gämi gatnawlarynyň ugurlary giňeldiler, demir ýol parom gatnawy kämilleşdiriler. Ulag ýolagçy terminaly täzeden gurlar. Onuň döredilmegi bilen, ýükleri we ýolagçylary daşamagy doly kanagatlandyrmaga, üstaşyr geçirilýän ýükleri artdyrmaga mümkinçilik dörär. 

Häzirki wagtda parom gatnawy diňe KASPKOM (Azerbaýjan) arkaly ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýük daşalyşynyň ösýän talaplaryny kanagatlandyrmaýar. Mundan hem başga, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen, goňşy Hazarýaka döwletlerinden syýahatçylaryň uly akymynyň gelmegine garaşylýandygyny nazara almalydyr. 

Eksport we import ýüklerini işlemek üçin aýratyn gury ýük deňiz duralgaly logistiki merkez portuň önümçilik gurluşynda iň iri desgalaryň biri bolar. Ýurdumyzda öndürilýän sementi, karbamidi daşamak boýunça ürgün ýükler terminaly we konteýner terminaly bu merkeziň düzümine girer. Gämi gatnawlaryny tiz dolandyrmak we portuň akwatoriýasynyň ekologiki howpsuzlygynyň monitoringi üçin gözegçilik diňi gurlar. 

Gurluşyk işleriniň tamamlanmagy bilen, portuň ýük dolanşygy iki esse artar, onuň geçirijilik mümkinçiligi bolsa ýylda 17 million tonna çenli ýokarlanar. Şunlukda bu pudaga goýlan maýa goýumlarynyň umumy bahasy takmynan ABŞ-nyň 1,5 milliard dollary bolar. Portuň gurluşygy bilen bir hatarda suw ulag pudagy üçin işgärleri taýýarlamak, şeýle hem işgärleriň derejesini we bilimini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda okatmak babatda uly işler alnyp barylaýar. 

Bu möhüm geostraregiki sebitiň - Hazar deňzini we onuň kenarýaka zolaklaryny özgertmek babatda – haryt alyş-çalyş merkezinde kenarýaka döwletleriniň ählisiniň öňünde bar bolan ulag kommunikasiýalaryny optimizirlemek, şeýle hem halkara hil standartlarynyň talaplaryna laýyklykda ulag infrastrukturasyny mundan beýläk hem ösdürmek meselesi durýar. Port infrastukturasyny döwrebaplaşdyrmak we deňiz ulagyny ösdürmek meselesi bi günki gün diňe bir Türkmenistan üçin wajyp bolman, eýsem ol Gazagystan, Azerbaýjan, Russiýa we Eýran üçin hem wajypdyr. Hazar deňziniň hukuk derejesini çözmek meselesi hem uly ähmiýete eýedir. Astrahanda 2014-nji ýylda bolup geçen dördünji Hazarýaka sammitinden soňra bu meselede hakyky öňegidişiklere eýe bolnandygyny belläp geçmelidiris. 

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary diňe bir geografiki taýdan birleşmän, eýsem olaryň umumy medeni, syýasy we ykdysady taryhy bardyr. Bu günki gün olaryň öňünde integrasiýa ugry bilen döwlet dolandyryş ulgamyny üýtgetmek boýunça we öz döwletleriniň ulag toplumyny has netijeli ösdürmek üçin umumy meseleler durýar. Bu örän köp meseleli bilelikde çözülmegini talap edýär. Olaryň hatarynda - daşary bazarlara ýükleri daşamak işinde maddy çykdajylary azaltmagy, harytlaryň ýoldaky hereketini optimizirlemek we saklanşyny azaltmagy, şeýle hem harytlary eltmegiň sowatly logistiki zynjyryny düzmegi görkezmek bolar. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleýin we kontinental möçberde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ulag kommunikasiýalaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp, tagallalary birleşdirmegi ündeýär, Bitarap Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda üstaşyr-ulag gatnaşyklaryny bökdençsiz ýola goýulmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýandygyny nygtaýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder