Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2016-njy ýylyň birinji aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak hem-de işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew Belent Serkerdebaşymyza harby we hukuk goraýjy edaralarda özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Bu ulgamlary hemmetaraplaýyn ösdürmek täze taryhy eýýamda ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyza ýakynda bellenilip geçilen Watan goragçylarynyň gününe gabatlanylyp geçirilen çäreler barada-da habar berildi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň bir toparyna döwlet sylaglary gowşuryldy hem-de nobatdaky harby atlar dakyldy.
Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli bu şanly senä bagyşlanan çärelere, şol sanda harby ýörişi ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Belent Serkerdebaşymyz milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de söweşjeň ukybyny ýokarlandyrmak arkaly ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşyny goramak maksady bilen, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, watançylyk hem-de ata Watanymyza çäksiz söýgi ruhunda terbiýelenen ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, hem-de olaryň ygtybarly gulluk etmegi we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwletimiziň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan özygtyýarly Türkmenistanyň täze Harby doktrinasynyň esasy düzgünlerini aýratyn nygtap, onuň ata Watanymyzyň milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl beýik Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şöhratly senesiniň uly dabaralara beslenjekdigini aýdyp, harby ýörişe şu günlerden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow ýanwar aýynda ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň guryýer, howa we deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, serhet galalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Serhet galalarynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň harby gullukçylary üçin ähli şertler üpjün edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet serhediniň goňşy döwletleriň ählisi bilen hemişe dostluk serhedi bolmagynda galmalydygy aýratyn bellenildi. Goňşy döwletleriň halklary bilen biziň halkymyzy köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri G.Hojaberdiýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen ministrlik tarapyndan 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda hem-de ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik–syýasy ýagdaýy saklamakda möhüm ornuny aýratyn nygtap, bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi durmuş-ykdysady ösüş babatdaky maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň birinji aýynda IIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak we islendik düzgün bozmalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ýollaryndaky düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen geçirilýän çäreler, ýangyna garşy göreş gullugynyň işi, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýollarynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur amatlyklary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz IIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, hususan-da, ýangyna garşy öňüni alyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýol gözegçilik gullugynyň işini güýçlendirmek bilen bagly görkezmeleri berdi. Bu gullugyň işgärleri ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak bilen, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz içeri işler edaralarynyň jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň pugta berjaý edilmegini gazanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ýerine ýetirýän işleriniň wajypdygyny belläp, içeri işler ministrine ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini hemişe gözegçilikde saklamagy, olaryň işgärleriniň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berk berjaý edilmegine pugta gözegçilik edýän prokuratura edaralarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýurdumyzyň içeri syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmakda möhüm orun eýeleýändigine, kanunlaryň rüstemligini üpjün etmek boýunça işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hemişe özleriniň hünär derejesini kämilleşdirmelidigini hem-de öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmelidigini nygtady.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň milli kazyýet ulgamyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna kybap getirmek boýunça geçen aýda geçirilen köpugurly işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylygy bozýanlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagy, düzgün bozulmalara garşy berk çäre görmegi tabşyrdy. Şunda Belent Serkerdebaşymyz işgärleriň saýlanyp alynmagynyň, ýaş hünärmenler bilen işe jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen aýda amala aşyran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň gümrük bölüminiň işini kämilleşdirmek, gullugyň işini takyk we sazlaşykly guramak, Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýüklere pugta gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr-ulag geçelgesiniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda geostrategiki ornunyň ýokarlanmagy netijesinde soňky ýyllarda işi has-da artan bu gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän jogapkärlidigini aýdyp, işine ak ýürekden, halal we çynlakaý çemeleşýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Belent Serkerdebaşymyz hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna ýurdumyza getirilýän önümleriň has içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işi, Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegini kadalaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Soňky döwürde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi hem-de okgunly ösýän Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlary üçin özüneçekijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde mähriban Diýarymyza daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sany ep-esli artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da berkeýän we ösýän zamanasyna öwrülen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň wezipesiniň eziz Watanymyzyň abraýyny hem-de şan-şöhratyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdygyny nygtap, bu babatda Gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de daşary ýurtly raýatlaryň migrasiýa çäreleriniň ählisinden geçmegi üçin halkara ölçeglerine kybap gelýän şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň hem-de ulanylmagynyň öňüni almak, zyýanly endikleri aradan aýyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport hereketini ösdürmegiň hasabyna jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny we ýörelgelerini berkarar etmek maksady bilen, ýanwar aýynda amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz gullugyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirmek maksady bilen, onuň işgärleriniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de giň jemgyýetçilik bilen ysnyşykly işlemegini ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň saglyk üçin uly zyýanynyň bardygy barada giň gerimli düşündiriş, öwüt-nesihat işleriniň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň geçen aýyň dowamynda alyp baran işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ministrlik ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş babatda täze sepgitlere ýetmegi üçin milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri görýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, demokratik, hukuk döwletiniň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmek ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy düýpli seljermegi we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ýurdumyzyň okgunly ösmegine ýardam edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagy talap edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işline, umuman, kanagatlanma bildirdi hem-de golaýda tassyklanan, diňe goranyş we parahatçylykly häsiýete eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň barşynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýylynda türkmen jemgyýetiniň we şol sanda edermen Watan goragçylarynyň öňünde örän wajyp hem-de jogapkärli wezipeler durýar. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa ähli işe we gulluga örän jogapkärli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder