20 Şubat 2016 Cumartesi

“Galkan” Toparynyň Hokkeýçileriniň Nobatdaky Üstünligi

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp hokkeý boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi mälim boldy. Aýgytlaýjy duşuşykda ýurdumyzyň çempiony “Galkan” topary “Şir” toparyndan 13:2 hasabynda ynamly üstün çykdy. 

Sport baradaky döwlet komiteti we Gyşky oýunlar boýunça milli merkeziniň bilelikde guran bu ýaryşlaryna 6 topar gatnaşdy. Bäsleşigiň finalyna çykan toparlar ozal toparlaýyn tapgyrda öz aralarynda duşuşdylar, şonda “Galkan” öz meýdançasynda (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport toplumy) bäsdeşinden üstün çykypdy. Şonuň üçin hem “Şir” toparynyň hokkeýçileri duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan hüjüme geçip, ýeňiş gazanmagy maksat edindiler. 

Oýnuň ilkinji bölüminiň netijeleriniň görkezişi ýaly, diňe bir ýeňşe bolan ymtylyş üstünlik getirmeýär. Baýram Allaýarowyň tälim beräýn türgenleri “Şir” toparynyň derwezesine jogapsyz 4 hokkeý topuny geçirmegi başardylar. Emma “Şir” toparynyň türgenleri tutanýerlilik görkezip, duşuşygyň iň soňky pursatlaryna çenli oýnuň ýokary depginini saklaýandyklary tomaşaçylara mälimdir. Muňa şu gezekki ýaryşlaryň ýarym final oýunlary hem şaýatlyk edýär, onda Röwşen Gelenjäýewiň tälim berýän türgenleri oýnuň barşynda “Oguzhan” toparyndan 0:3 hasabynda utulýan ýagdaýlarynda hem goşmaça wagtda ýeňiş getiren hokkeý topuny geçirip, finala çykmagy başardylar. 



Emma “Şir” toparynyň hokkeýçileri näçe jan etseler-de, bu gezek şeýle netijäni görkezmek başartmady. Türkmenistanyň iki gezek çempiony “Galkan” ýene-de ýurduň iň güýçl topary diýen ady özünde saklady. 

Şu gün IIM-niň sport toplumynda “Nesil” we “Oguzhan” toparlarynyň arasynda bürünç medal ugrunda hem bäsleşik geçirildi. Olar ussatlykda biri-birinden kem galmadylar, duşuşyga köp sanly tomaşaçylar syn etdiler we netijede “Nesil” toparynyň hokkeýçileri çekeleşikli bäsleşikde 4:3 hasabynda owadan ýeňiş gazandy. 

Ýaryşyň guramaçylary birnäçe ugur boýunça ýörite baýraklary döretdiler. Ýaryşlarda jemi 15 hokkeý topuny geçiren “Nesil” toparynyň agzasy Meýlis Kulyýew iň netijeli oýunçy, “Oguzhan” toparynyň hokkeýçisi Baýmyrat Baýmyradow iň gowy hüjümçi, “Şir” toparyndan Ylýas Weliýew iň gowy goragçy we “Galkandan” Kerimli Çaryýew iň gowy derwezeban diýlip yglan edildi. 

Şeýle hem “ýaryşyň iň ýaş oýunçysy” atly ýörite baýrak “Alp Arslan” toparyndan 15 ýaşly Nazar Gylyjowa gowşuryldy, Azat Berdimyradowyň tälim berýän “Watançy” toparynyň oýunçylary iň tertipli türgenler diýlip yglan edildi. 

Ýakyn wagtda paýtagtymyzyň buzly meýdançalarynda 2015-2016-njy ýyllaryň möwsüminde Türkmenistanyň üçünji çempionatynyň oýunlary dowam etdiriler. Onda medallar ugrunda 6 toparyň bäsleşýändigini ýtladýarys, geçirilen edi tapgyrdan soň, 21 utuk toplan “Galkan” öňde barýar. Ondan 3 utugy az toplan “Şir” ikinji orunda, 15 utuk bilen “Nesil” topary üçünji orunda barýar. 



23-nji fewralda “Watançy” we “Galkan” toparlarynyň duşuşygy bilen ýurdumyzyň çempionatynyň sekizinji tapgyry badalga alar. Onuň ertesi “Alp Arslan” we “Oguzhan” toparlary, 26-njy fewralda bolsa şu gezekki ýaryşlarda baýrakly orunlara eýe bolan “Şir” we “Nesil” toparlary duşuşarlar. 

Ýurdumyzyň çempionatynyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparyň deslapky düzümi kesgitleniler we ol halkara derejeli iri ýaryşlara taýýarlyk görmäge girişer. Geljek ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde VIII gyşky Aziýa oýunlary geçiriler, oňa ilkinji gezek hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşar.







Hiç yorum yok:

Yorum Gönder