20 Şubat 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Diplomatiýasy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mejlisler zalynda “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy, häzirki güni we geljegi” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine-Döwlet baýdagynyň gününe hem-de ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy. 

Geçirilmegi asylly däbe öwrülen wekilçilikli maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň wekilleri, paýtagtymyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlag hatyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri öz gözbaşyny ençeme asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň baý mirasyna we milli däp-dessurlaryna esaslanyp, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip belledi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasatyny netijeli amala aşyrmakda hem-de Bitarap döwletimiziň milli bähbitlerini goramakda diplomatik gullugyň esasy ornuny bellemek bilen, häzirki döwürde halkara giňişligindäki ýagdaýlara anyk göz ýetirmegiň, olary doly seljermegiň, bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri öňe sürmegiň ýurdumyzyň goňşy, sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky wezipeleri çözmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. 



Döwlet Baştutanymyz diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak we eýeleýän ornuny berkitmek babatda amala aşyrýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olaryň her biriniň geljekde hem ýurdumyzyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça uly yhlas bilen, tutanýerli zähmek çekjekdiklerine, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi. 

Soňra maslahata gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ilçileri çykyş etdiler. Olar häziki halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini beýan edip, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we global howpsuzlygy gazanmaga uly goşant goşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdiler. 

Ýurdumyz “açyk gapylar” syýasatyny işjeň ýöredip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen köp ugurly diplomatiýany we dostlukly gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň ösdürýär. 

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, möhüm halkara şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we konwensiýaslarynyň ençemesine goşulan Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny dünýäniň durnukly ösmeginiň bähbidine doly derejede peýdalanýar. 

Şunda aýratyn orun ýurdumyzyň diplomatik gullugyna degişlidir. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli we täzeçil daşary syýasy taglymatyny durmuşa geçirmek, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmek we abraýyny artdyrmak, ähli jedelli meseleleri kadalaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek we kämilleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýär. Şol meseleler bolsa türkmen tarapynyň nukdaýnazaryna görä, diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik, gepleşikleri geçirmek usullary we serişdeleri arkaly çözülmelidir. 



Ýurdumyz Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň gerimini giňeldip, Günorta we Merkezi Ýewropa, Orta ýer deňzi, Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti, Latyn Amerikasy ýaly geljegi uly bolan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. 

Çykyşlarda häzir ýurdumyzyň dünýä ýurtlarynyň 139-sy bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýandygy hem-de halkara guramalarynyň 44-siniň agzasydygy, şolaryň 15-siniň wekilhanalarynyň bolsa ýurdumyzda hereket edýändigi nygtaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly diplomatlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary uly gyzyklanma döretdi. Olar amatly geografik we geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynamly ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmak ugry netijesinde Gündogaryň we Günbataryň arasynda özboluşly köprä öwrülendigini bellediler. 

Parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty ýöredýän bilen Türkmenistan diňe milli däl-de, eýsem, umumadamzat bähbitlerini goramaga hem çalyşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri halkara forumlarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän täze hem-de möhüm başlangyçlary we teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrinsiň belleýşi ýaly, şol başlangyçlaryň hemmesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar, çünki olar Merkezi Aziýa sebitiniň we dünýäniň uzakmöhletleýin bähbitlerini gurşap alýar. 



Soňky ýyllaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, dünýä möçberindäki forumlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça maksada okgunly ädimleri ädýär. Şol başlangyçlaryň her biri hyzmatdaşlykda toplanan tejribe we umumy dünýä ösüşiniň meýilleri arkaly üçünji müňýyllygyň anyk meselelerine düýbünden täze, hemmetaraplaýyn çemeleşmäni teklip edýär. 

Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerini hem-de ýurdumyzyň tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça görýän çärelerini goldap bu ugurda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdi we Bitarap Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna dowam etjekdigine ynam bildirdi. 

Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk, biziň döwletimiziň sebitiň durnukly ösüşine oňyn goşandy, Merkezi Aziýanyň ýurtlary we halklary bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga bolan meýiller, şeýle hem onuň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge pugta meýilleri Aşgabatda BMG-niň täze parahatçylyk dörediji düzüminiň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasyny açmak baradaky çözgüdi kabul etmegiň kesgitleýji ýagdaýy boldy. Bu merkez sebitiň parahatçylygynyň, durnukly ösüşiniň bähbidine gyzyklanma bildirilýän netijeli gepleşikler üçin açyk meýdança öwrüldi. 



BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Petko Draganow öz çykyşynda diplomatiýanyň taryhyna gysgaça syn berip, gadymy döwürlerden bäri öňüni almagyň döwletleriň daşary syýasatynyň esasy guraly bolandygyny hem-de döwletleriň gatnaşygyna täsir edýändigini, başarnykly peýdalanylanda parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň bähbidine özara bähbitli çözgütlere getirýändigini nygtady. 

Häzirki eýýamda öňüni alyş diplomatiýasy pikiri dünýäniň üýtgäp durýan ýagdaýlary nazara alnyp ösdürildi hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglylykda täze röwüşe eýe boldy. Onuň açylyşy 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi. 

Petko Draganow geçen ýyllaryň içinde hökümet we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi tarapyndan berlen goldawlar, şeýle hem özüniň ýolbaşçylyk edýän merkeziniň netijeli işlemegine ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işinde ilkinji derejeli ähmiýete eýedigini nygtady, çünki bar bolan meseleler üçin özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga hem-de sebitde bolup biljek dawaly ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam edýän bitarap araçy hökmünde Türkmenistanyň kuwwatyny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar deňziniň giňişliginde ynam çärelerini pugtalandyrmak babatda başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edip, wajyp parahatçylyk dörediji merkeziň ornunda pugta ornaşdy. Öz döwründe ýurdumyzyň täjigara parahatçylykly gepleşikleri guramakda esasy orun tutandygyny, häzir bolsa Owganystanyň içerki dawalaryny parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge hem-de doganlyk halka bagtyýar geljegi gurmakda hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermek bilen, goňşy ýurtda raýat ylalaşygynyň berkarar bolmagyna örän uly goşandyny goşýandygyny ýatlap geçmek gerek. 



Umumy pikire görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaragsyzlanmak, ýüze çykýan meseleleri çözmekde diňe syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmak, energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, halkara söwda-ykdysady giňişliginde ösen ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek meseleleri boýunça öňe sürýän teklipleri tutuş Ýer ýüzüniň bagtyýar geljeginiň bähbidine giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda täze çemeleşmeleri gözläp tapmagyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. 

Maslahatda Türkmenistanyň köptaraply daşary syýasatynyň orny we ähmiýeti, onuň ählumumy goşulyşmaga edýän täsiri barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň konseptual esaslaryny kemala getirmäge gönükdirilen umumy wezipeleri çözmäge täze çemeleşmelere garaýyşlar aýdyldy. Şu babatda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça işlenip düzülen “Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň” ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri we maksatlary kesgitlenildi, öňdäki ýyllar üçin anyk ugurlar hem-de wezipeler beýan edildi. 

Daşary ýurtly diplomatlar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda resmi taýdan bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem-de Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jong Te-in türkmen kärdeşlerini 2009-njy ýylda döredilen hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, bilelikde işlemegiň toplanan köpýyllyk tejribesini, bähbitleri we kuwwatlyklary nazara alyp ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan uly mümkinçilikleri bellediler. Diplomatlar geçen ýyl 20 ýyllyk şanly senesi giňden we dabaraly bellenen Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk tejribesiniň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini belläp, milli Liderimize hem-de ähli türkmen halkyna özbaşdak ösüşiň saýlanyp alnan ýolunda täze uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Umuman, gozgalan meseleleriň giň gerimi häzirki maslahatyň uly ylmy-usuly ähmiýeti barada aýtmaga mümkinçilik berýär. Ol halkara gatnaşyklarynyň amalyýetini we usulyýetini has-da ösdürmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünliklerini wagyz etmäge, ýurdumyzyň halkara utgaşmalar ulgamynda abraýynyň artmagyna we ornunyň ýokarlanmagyna ýardam edýän Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgelerini düşündirmäge goşant boldy. 



Türkmen diplomatlary atalyk aladasy we halkara gatnaşyklarynyň düýpli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak hem-de häzirki zaman dünýäsini ösdürmek, netijeliligi ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem-de wekilhanalarynyň işleriniň gerimini giňeltmek, döwletimiziň yzygiderli ösmegi üçin amatly daşary şertleri döredýän hem-de milli bähbitleri ileri tutýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek babatda görülýän çäreler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

“Türkmen diplomatiýasynyň taryhy, häzirki güni we geljegi” atly maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. 

Dünýäniň dürli halklarynyň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzda resmi taýdan bellenen daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde gurady. 

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň giň eýwanynda gurnalan sergide gyzykly eksponatlar, owadan gollanmalar hem-de baý we köpöwüşginli taryhy-medeni miras, dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklarynyň milli däp-dessurlary barada düşünje berýän žurnallar görkezildi. 



Diplomatik işgärleriň gününiň şanyna maslahat tamamlanan dessine, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerini hem-de Halkara gatnaşyklar institutynyň gutardyş ýyllynyň talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlary bilen sylaglamak dabarasy we baýramçylyk konserti boldy. 

Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň döredilmeginiň 7 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň maksatnamasyna, däp boýunça, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary hem goşuldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder