Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, welaýatlary hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Atdaýewi çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler hem-de oba milli maksatnamasynda 2016-njy ýylda gurulmagy göz öňünde tutulýan medeni-durmuş ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, welaýatyň dolandyryş we önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýata jogapkär orunbasaryna hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, kärendeçiler üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada görkezmeleri berdi. Welaýatdaky suw akabalaryny arassalamak bilen bagly tabşyryklar hem berildi.
Milli Liderimiz täze desgalaryň gurluşygy we ulanmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bildirilýän ähli talaplara laýyk gelmegi talap edilýän işleriň hilini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän Baýdak baýramyna düýpli taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow çagyryldy. Häkim oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler, oba hojalygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" çäklerinde welaýatda gurulýan desgalar, şol sanda ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, ulanmaga tabşyryljak desgalar barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýazky meýdan işlerine taýýarlyk görmek boýunça agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin hemme işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy, şol sanda akabalary, suw akabalaryny arassalamagyň we çuňaltmagyň zerurdygyny belledi.
Welaýatyň iri täze gurluşyklarynyň ählisinde işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişine hem-de olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyna yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy, şeýle hem milli tugumyzyň hormatyna baýramçylyk çärelerini guramak boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
E. Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, welaýaty mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol suwy tygşytly peýdalanmak we suw goruny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, obany özgertmek hem-de sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň alyp barýan esasy ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz oba senagat toplumyny özgertmäge, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl bermegini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz welaýatda agrotehniki işleriň öz wagtynda geçirilmegine gözegçilik edilmeginiň möhümdigini aýdyp, gönüden-göni kärendeçiler bilen ýygjam aragatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasaryna we häkime welaýatda ýakynlaşyp gelýän Baýdak baýramyna ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol suwdan netijeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, suwdan netijeli peýdalanmagyň, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen ýeterlik derejede üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl yssy hem-de örän gurak howanyň bolmagyna garaşylýar, hut şonuň üçin hem häzirki döwürde suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljermek zerurdyr we olary suw bilen doldyrmak üçin hemme çäreler durmuşa geçirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ähli derýalary we akabalary arassalamak, çuňaltmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşow göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim 2016-njy ýylda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler, Döwlet baýdagynyň gününe görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba senagat toplumynda önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň hatarynda suwy tygşytly ulanmak hem-de akabalary arassalamak bilen baglanyşykly işlere-de uly üns berilmelidigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz ýakynda ulanmaga tabşyryljak desgalara gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasaryna we häkime ýakynlaşyp gelýän Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowyň Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamalary üstünlikli çözmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde önümçilik kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna önüm çykarmaga barabar bolan karbamid öndürjek zawodyň gurluşygynyň barşy barada jikme-jik habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar esasynda energiýa we serişde tygşytlaýjy, ýokary netijeli tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň, pudaga daşary ýurt maýalaryny giňden çekmegiň bu pudagy ösdürmegiň geljegi uly wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda himiýa senagatyny ösdürmek strategiýasynyň öz çig mallarymyzy doly peýdalanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiligini giňeltmäge, oba hojalygyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmek boýunça mümkinçiliklere garamaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz şeýle hem Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagynyň azot dökünlerini, hususan-da, karbamid öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary gurmagyň uly geljegi açýandygyny belledi hem-de wise-premýere Garabogazda täze kärhananyň gurluşyk meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göniaragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna birbada Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary M.Ýazmuhammedowany çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy we alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, kartoşka we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleriniň berlişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişi bilen baglanyşykly meselelere häkimiň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde geçiriljek işleriň ählisiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Aýratyn-da, kärendeçilere ýer bölekleriniň berlişi boýunça geçirilýän çärelere üns bermegi hem-de olaryň munuň üçin şahsy jogapkärçilik çekmegi gerek diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz milli özgertmeler maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek meselelerini gozgap, bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de häkime nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz bu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny görkezip, bu meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahaty wise-premýer M.Ýazmuhammedowanyň hasabat bermegi bilen dowam etdi. Ol milli bahar baýramy bolan Halkara nowruz baýramçylygyny Ahal welaýatynyň dag etegindäki “Toý ýaýlasynda” geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baýramçylygyň halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna laýyklykda ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek zerurdyr diýip nygtady. 2016-njy ýylyň ýurdumyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen ýylynda bu baýramçylygyň ähmiýeti hasam artýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz baýramçylygy örän ýokary guramaçylykly ýagdaýynda geçirmäge düýpli üns berilmegini tabşyrdy.
Şanly seneler we milli baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz dabaralary ýokary derejede guramak üçin hemme çäreleri görmek zerurdyr diýip aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy has-da ösdürmek, onuň binagärlik keşbini özgertmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem, şanly senelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şäheriň abadanlaşdyrylyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine jogapkär orunbasaryna we häkime Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz paýtagtda düzgün-nyzamyň we tertibiň pugtalandyrylmagyna yzygiderli üns berilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder