Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin işleriň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň döwrüň talabyna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ak ekinlere ideg etmek işleriniň, ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlaryna tutulýan ýuwuş suwunyň ýokary derejede alnyp barylmalydygyny, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini tabşyrdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň häkimine “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” göz öňünde tutulýan çäreleriň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak möwsümine guramaçylykly girişmek, bag ekiljek meýdanlary kesgitlemek, ekiljek nahallary taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn çemeleşmelidigini belläp, milli Liderimiz bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak ekinlere ideg etmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamagyň barşy, maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol guraljak medeni çärelere we bag nahallaryny ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ykdysadyýeti bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ondan degişli netije çykarmagyň zerurdygyny belledi.
Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak möwsümine guramaçylykly girişmegi, olara kadaly ideg edilmegini, baglaryň wagtly –wagtynda suwarylmagyny talaba laýyk guramagy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň daş töwereginde we zolaga ýanaşyk ýerlere bag nahallaryny ekmegiň dowam etmegi belläp, döwlet Baştutanymyz bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bag nahallaryny ekmek möwsümine guramaçylykly girişmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň welaýatda dürli oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bermek hakynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak çärelerini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gök ekinleri we ýer almasyny ekmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer böleklerini bermek, agaç nahallarynyň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini ekmek bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew çykyş edip, welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak möwsümlerine guramaçylykly girişmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem dürli oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bermek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi hakynda giňişleýin habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy, olaryň agrotehnika kadalara laýyk derejede alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şanly seneleri guramaçylykly geçirmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaz ekişine hemmetaraplaýyn we guramaçylykly girişmegiň zerurdygyna ünsi çekip, munuň üçin degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bag nahallaryny ekmek boýunça möwsümi guramaçylykly geçirmek, onuň üçin bag nahallarynyň zerur görnüşlerini saýlap almak hem-de welaýatda gök we beýleki ekinleri ekmek işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýratyn belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere, ýaz ekişine we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak möwsümine taýýarlyk işleri hakynda aýtdy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Mary welaýatynda ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň geçiriljekdigini belläp, häkim onuň medeni maksatnamasy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň ekiş möwsümine taýýarlygy, bag nahallaryny ekmek boýunça guraljak möwsüm üçin zerur bolan bag nahallaryny seçip almak, aýratyn-da, möwsümde tut nahallaryny ekmäge ähmiýet bermek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin daýhan hojalyklaryna ýer bermek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini belledi.
Gadymy Merw taryhy ýadygärlikleriniň dünýä medeniýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini, olaryň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidigini, taryhy ýadygärlikleriň işjeň öwrenilmeginiň, medeni – ynsanperwerlik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň örän möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady taýdan pugtalanmagyny üpjün edýän senagat düzümleriniň, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilýändigini nazara alanyňda, welaýatlaryň senagat taýdan ösmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, welaýatlaryň häkimleriniň öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary etmelidigini, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça zerur çäreleri görmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder