Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder