Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna hem-de ýakynlaşyp gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan “Mirasy sarpalan sungat gaznasy” atly serginiň açylyşy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürüp, döwlet medeni syýasatynyň orta we uzak möhletli maksatlaryna ýetmek üçin durnukly şertleri döretmek babatda ýakyn geljekde çözülmeli esasy wezipeleri kesgitledi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak gymmatlyklara çekmäge hem-de bütin dünýäde milletimiziň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň öňünde jogapkärli wezipe – halkymyzyň döredijilik däplerini mynasyp dowam etdirmek hem-de türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna laýyk gelýän, täze eserleri döretmek, ýaş nesli terbiýelemek wezipesi durýar.
Sergide esasan hem 2010-njy ýyldan soňky döwürde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň okuw we döredijilik işleriniň 500-e golaýy görkezilýär. Şol döwürde Akadamiýada “Altyn gazna” döredilip başlandy. Oňa talyplaryň döreden iň gowy eserleri seçilip alyndy.
Bu sergi ilkinji gezek şeýle möçberde we görnüşde guraldy hem-de ýokary okuw mekdebiniň soňky bäş ýyldaky baý döredijilik durmuşy barada özboluşly hasabat bolup durýar. Sergi diňe bir ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmek ýolunda çeperçilik gözlegleriniň giň gerimini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ýokary çeperçilik mekdebiniň kämilliginiň belli bir derejesini hem şöhlelendirýär.
Serginiň açylyş dabarasynda halypalar –meşhur suratkeşler, heýkeltaraşlar hem-de sungaty öwrenijiler ýaşlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Talyplaryň döredijilik taýdan ösýändigi aýratyn nygtaldy. Olar ussatlygyň akademiki esaslaryny özleşdirip, sungatda öz ýoluny tapmaga, onuň ruhy özenini açmaga, adamyň kalbynyň, tebigatyň ýagdaýyny, olaryň dürli ugurlarda özara arabaglanyşygyny açyp görkezmäge çalyşýarlar.
Sergide görkezilýän eserleriň köpüsi peýzaž bilen baglanyşykly bolup, şeýle suratlar açyk asmanyň astynda tebigy şertlerde ýagtylygyň düşmeginde döredilýär. Bu bolsa nakgaş eserinde tebigatyň ähli gözelligini täsirli beýan etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle “önümçilik” tejribeligi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän okuwlaryň zerur hem-de aýrylmaz bölegidir. Ol pasyllar boýunça ýylda dört gezek ýurdumyzyň dürli künjeklerine, tebigata, oba ýerlerine, taryhy ýadygärliklere ýa-da türkmen topragynyň keşbini özgerdýän döwrebap iri täze gurluşyklara barmak arkaly guralýar.
Çeperçilik akademiýasy şu ugurda bilim berýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hem gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Russiýanyň Çeperçilik akademiýasy tarapyndan her ýyl Moskwada geçirilýän heýkeltaraşlyk boýunça ýaşlar simpoziumy ýaly halkara çärelerine gatnaşýarlar. Bu çäräniň çäklerinde olar meşhur heýkeltaraşlaryň döredijilik ussahanalarynda bilimini kämilleşdirýärler hem-de soňra öz işiniň netijelerini jemleýji sergilerde görkezýärler. Şol sergilerde biziň talyplarymyz ençeme gezek baýraklara mynasyp boldular.
2015-nji ýylyň aprel aýynda Sankt-Peterburga sapar guraldy, onuň barşynda ýaş türkmen suratkeşleri Ermitaža, Rus muzeýine, Ilýa Repiniň muzeý- mülküne, şeýle hem I.Repin adyndaky Döwlet akademiki nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk we binagärlik institutyna baryp gördüler.
Şonda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň suratlarynyň “Türkmen ýaşlary—Sankt-Peterburga” atly sergisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky “Mekan” jemgyýeti tarapyndan guraldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň iň gowy eserleriniň onlarçasy görkezildi. Olarda türkmen topragynyň tebigaty, halkymyzyň durmuşy, milli däp-dessurlary, häzirki Türkmenistanyň gaýtalanmajak keşbi şekillendirildi.
Bu saparyň netijeleri boýunça ýaş suratkeşler tarapyndan Russiýanyň medeni paýtagty hökmünde Sankt-Peterburga garaýyşlaryny şöhlelendirýän suratlar döredildi. Awtorlar şäheriň ajaýyp binagärligini şekillendirmek bilen çäklenmän, onuň kalbyny duýmagy hem başardylar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda açylan şu sergä gelip görýänler hem olaryň bu wezipäniň hötdesinden nä derejede gelendigine göz ýetirip bilerler. Şol ýerde “peterburg” burçy hem mynasyp orun eýeledi.
Bu uly serginiň esasy mowzugy Watan, suratkeşiň milli taryhy-medeni we puhy miras, halkymyzyň özboluşlylygy bilen arabaglanyşygy ýaly belent düşünjelere döredijilik taýdan akyl ýetirmek ýörelgesi bilen şertlendirilendir. Ýaş suratkeşler sungatda hakyky ýörelgelere eýermek bilen, çeperçilik dramaturgiýasynyň täze, has täsirli usullaryny tutanýerlilik bilen gözleýärler. Olar taryhy şahsyýetleriň hem-de sýužetleriň aýdyň keşplerine, tebigatyň haýran galdyryjy gözelligine, obanyň täsin keşbine ýa-da halk senetleriniň köp öwüşginli bezeglerine ýüzlenýärler.
Sergide görkezilýän işler bilen tanyşlyk Türkmenistanyň häzirki zaman sungatynyň belent ýörelgelerine - maksada okgunlylygyň, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň sungatydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi şekillendiriş işine batyrgaý hem-de döredijilikli çemeleşmegi talap edýär.
Dünýäniň çeperçilik açyşlaryna we akymlaryna uly üns berýän milli sungatyň esasy ugry ýerli gymmatlyklar, türkmen medeniýeti, tebigaty, ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Munuň şeýledigini daşary ýurtly sungaty öwrenijiler we suratkeşler hem belleýärler. Olar türkmen halkynyň özboluşly döredijilik däplerine uly sarpa goýulýandygyny we olaryň suratlarda ussatlyk bilen beýan edilýändigini haýran galmak bilen belleýärler. Şunda ýaş awtorlaryň köpüsi surat, grafika ýa-da heýkel bolsun, tapawudy ýok, tomaşaçyny özleriniň eseriniň baş gahrymanyna öwürýär. Tomaşaçylar eserlere syn etmek bilen çäklenmän, eýsem, olar barada pikir ýöredýärler, täze zatlar bilen tanyşýarlar hem-de öz gören eserlerine garaýyşlaryny beýan edýärler.
Işleriň ählisi many-mazmuny, dörediliş usuly we tehnikasy boýunça dürli-dürlüdir. Munuň özi ajaýypdyr! Döredijilik özboluşlylygynyň köpdürlüligi sungatyň ýaşaýşa ukyplylygynyň girewi bolup hyzmat edýär. Umumy sazlaşygy tapmaga çalyşsak, ony buýsançly ýaňlanýan odanyň ýakymly owazy bilen deňeşdirmek bolar. Köp öwüşginli mukamlar bolsa şol owaz bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Ine, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň eserlerinde eziz Watanymyz şeýle derejede şekillendirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Altyn gaznasyndaky” eserler toplumy hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň beýleki iň gowy işleri sungatyň ýaşlar üçin öz ukyp-başarnygyny beýan etmegiň, milli medeniýet bilen arabaglanyşygyny duýmagyň serişdesi bolup durýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bulary gyzykly çözgütlerde, kompozisiýa babatda özüne çekiji synaglarda, tehnikalaryň sazlaşygynda, göräýmäge, adaty düşünjeleri filosofiki belentlige çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň seljermesinde hem görmek bolýar.
Elbetde, ýaş suratkeşleriň döredijiligi barada gürrüň etmek bilen, olaryň zehininiň ýüze çykmagyna, döredijilik şahsyýetiniň kemala gelmegine ýardam edýän halypalara hem mynasyp baha bermelidiris. Islendik türkmen hünär mekdebi, saz, çeperçilik we beýleki mekdepler hemişe halypadan şägirde geçýän ussatlygyň dowamatlylyk däplerinden ugur aldy we häzirki wagtda hem bu ýörelgä gyşarnyksyz eýerýär. Türkmen medeniýetindäki halypaçylyk ýoly çuňňur we özbaşdak öwrenilmäge mynasypdyr. Bu däpleri häzirki zaman sungatynda saklap galmak wajypdyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet çeperçsilik akademiýasynyň mugallymlar topary özleriniň işine wepaly bolmak bilen, sungata birkemsiz hyzmat edýärler. Olar zehinli talyplaryň her birine bilimler bilen birlikde durmuş tejribesini bermäge, dünýäniň gözelligini görmegi hem-de ony ynsanlara sowgat bermegi öwretmäge çalyşýarlar.
Şu günki dabaranyň barşynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýokary okuw mekdebiniň uly mugallymy Aşyrmuhammet Kulyýewi sarpalamak dabarasy boldy. Şu günler halypa mugallym özüniň ýubileýini belleýär. Ol bu döredijilik taslamasynyň jemgyýetçilik ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary çeperçilik mekdebiniň ösdürilmegine uly goşant goşdy.
Dabarada medeniýeti we sungaty ösdürmäzge, ynsanperwer ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Ynsanperwerlik ulgamynyň milli çäkleri ýokdur, çünki ruhy gymmatlyk umumadamzat düşünjesidir. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik işgärlerini we ata Watanymyzyň ýaş zehinlerini ýakyndan goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder