Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de degişli kadalaşdyryjy–hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky Karary bilen tassyklanan Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. Wise-premýer 2014-nji ýylyň dekabr aýynda kabul edilen “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda ýokarda agzalan resminamanyň täze taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylygyň yzygiderli seljerilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça potratçylary seçip almakda bäsleşikleri geçirmegiň tertibiniň kämilleşdirilmegi döwlete dahylly bolmadyk ulgamda bäsleşigiň derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzda ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümlerindäki işler, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek babatdaky wezipelere ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi bolsa ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.
Milli Liderimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky täze desgalaryň gurluşygy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagatda düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda güýzlük dänä ideg etmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler—ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri amala aşyrylýar.
Pudak edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak, ösümlikçilikde agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak babatda tejribe maslahatlary guralýar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, ýerleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda suw howdanlarynda goşmaça suw gorlaryny döretmek, suw akabalarynyň hanasyny arassalamak, kenarlaryny berkitmek hem-de Garagum derýasynyň hanasyny we onuň ugrundaky suw howdanlarynyň göwrümlerini giňeltmek, suwaryş hem-de şor suw akabalaryny gyrmançadan we haşal otlardan arassalamak boýunça işleriň dowam edýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz strategik taýdan möhüm ekinlerden bereketli hasyl almak üçin gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görmegi, güýzlük dänä degişli derejede ideg etmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz agrotehniki işleriň takyk ýerine ýetirilmegine, ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip belledi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen Karara gol çekip, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine daşary ýurt kompaniýalary bilen himiki serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabat nah mata kombinatynda ýylda 2,5 million jübüt jorap öndürýän täze önümçilik gurnaldy.
Täze kärhanananyň gurulyşygy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde Türkiýäniň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň meşhur kompaniýalarynyň täze ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Täze önümler ýokary hil hem-de ekologiýa arassaçylyk ülňülerine laýyk geler hem-de daşary ýurtlardan getirilýän joraplardan iki esse arzan bolar. Bulardan başga-da, kärhanada goşmaça iş orunlary dörediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagatyň esasy pudaklarynyň ösdürilmeginiň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny berkitmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şol maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini we möçberini artdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dokma senagatynyň ösüşini belläp, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagynyň ýokary hilli we ilatyň uly isleg bildirýän dürli önümlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere täze önümçiligiň Baýdak baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi hem-de onuň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda gazananlaryny, Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnal çärýekde bir gezek türkmen dilinde çap edilýär. Şu neşiriň okyjylarynyň sanyny köpeltmek hem-de halkara jemgyýetçiligini ýurdumyzyň gurluşyk senagatynda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna şu žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde çap etmek boýunça teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň esasy wezipesiniň ýurdumyzda şähergurluşyk toplumynyň ösmegine, maýadarlaryň, arhitektorlaryň, gurluşykçylaryň, önüm öndürijileriň hem-de gurluşyk serişdelerini we tehnologiýalary iberijileriň arasynda maglumatlary alyşmaga, öňdebaryjy taslama we tehniki pikirleri hem-de çözgütleri, döwrebap gurluşyk enjamlaryny tejribä ornaşdyrmaga ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Bu neşirde şu ulgam üçin hünärmenleri taýýarlamak, hususan-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda talyplaryň okadylyşy, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hasaplanýan milli binagärligiň aýratynlyklary barada gürrüň berýän makalalar çap edilmelidir.
Žurnal diňe bir ýurdumyzda abuna ýa-da bölekleýin satuw arkaly däl, eýsem, halkara sergilerinde we forumlarynda hem ýaýradylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we neşiriň Türkmenistanyň binagärliginiň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz neşiriň okyjylarynyň sanyny köpeltmek üçin ony üç dilde çykarmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzyň Abadan etrabynda gurlan haly we haly önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy—“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda bina edildi. Umumy meýdany 14, 5 gektara barabar bolan bu kärhana Ýewropa ýurtlarynyň hem-de Türkiýäniň döwrebap tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, önümçilik kuwwaty ýylda 800 müň inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge ukyply Abadan haly kärhanasynda dürli reňkli we görnüşli hem-de dürli ölçegdäki halylar awtomatik usulda dokalar, şeýle hem türkmen milli el halylary dokalýan önümçilik bölümi göz öňünde tutuldy. Kärhananyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 500-si dörediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat desgalaryny gurmak babatda ykdysadyýetimiziň telekeçilik düzüminiň kuwwatynyň artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hojalyk, işewürlik başlangyjyny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Biziň gadymdan göşbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä eseslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Çünki türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz haly önümleriniň ýokary hilli dokalmagyny üpjün etmek, çeperçilik we tehniki ölçegleri saklamak bilen bir hatarda, önümçilige döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli ulanylmaga beriljek Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda gurlan haly we haly önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer geçen ýylyň oktýabr aýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen döredijilik we ylmy işgärleriniň maslahatynda Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulan medeni çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara ynsanperwer gaznasy bilen bilelikde işler alnyp barylýar.
Gadymy Daşoguz şäherine şu derejäniň berilmegi mynasybetli açylyş dabarasyny mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, ýazyjylaryň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertlerini we beýleki halkara çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 2016-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda göz öňünde tutulýan halkara ylmy maslahatlaryň, kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde hem GDA döwletleriniň medeniýet işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda çäreler meýilleşdirilýär. Myhmanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýan gezelençler guralar. Şeýle-de gadymy Daşoguz şäherine degişli sowgatlyk, neşir önümlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň medeniýetini mundan beýläk-de wagyz etmek, bu möhüm ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Şol gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge hem-de olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda uly tejribäniň toplanandygyny, munuň bolsa milletimiziň baý ruhy mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek hem-de bütin dünýäde wagyz etmek işinde oňyn netije berýändigini belledi.
Milli Liderimiz Daşoguz şäherine GDA-nyň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklap, şol çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol 2016-njy ýylyň 7-9-njy fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Dünýä Hökümetleriniň Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.
Forumyň işine 150 ýurduň hökümetleriniň hem-de birnäçe abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşandygy habar berildi. Sammitiň gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň geljegi üçin wajyp meseleleriň giň toplumy girizildi. Şol meseleleriň hatarynda ykdysadyýet we durmuş ulgamyny, bilimi, ylmy we tehnologiýalary, saglygy goraýşy has-da ösdürmegiň geljegi we ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ýaşlar syýasatyna, daşky gurşawy goramaga degişli meseleler boldy. Şunda häzirki zaman şertlerinde ykdysady pudaklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de olaryň ylmy esasda ösdürilmegi ýaly ugurlaryň ayratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň toplan tejribesiniň halkara jemgyýetçiligi üçin uly gyzyklanma döredip, isleg bildirilýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan innowasion taýdan ösüş ýoluna düşüp, ýokary tehnologiýalary, durmuşyň ähli ulgamlaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň oňat gazananlaryny işjeň ornaşdyrmakdan ugur alýar diýip belledi. Häzir ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny, ýurdumyzyň lukmançylygyny maksada laýyk kämilleşdirmek, iş ýüzünde iň täze enjamlary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden herekete getirmek, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin uly meýilleri nazarda tutup, döwlet dolandyryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine uly üns berilýär. Şu maksatlar bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de özara peýdaly tejribeleri alyşmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berip, ady agzalan pudaklarda öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň öz wagtynda we toplumlaýyn çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny görkezdi.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçip, BAE-niň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklaryna bolşy ýaly, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm alamaty bolup durýan däp bolan gumanitar-medeni gatnaşyklaryna hem yzygiderli, depginli häsiýet mahsusdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de özara bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin dürli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Aşgabatdaky täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň barşy hem-de ikinji emeli hemrany döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, paýtagtymyzdaky täze howa menziliniň düzümine dürli desgalaryň we binalaryň 95-si girip, olaryň 60-sy iri we 35-si kiçi desgalardyr. Häzirki wagtda desgalaryň umumy möçberinden 31-si ulanmaga berildi. Desgalaryň ýene-de 31-sinde gurluşyklar tamamlaýjy tapgyrda baryp, galan 33 desgada gurluşyklar güýçli depginde, tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýar, şeýle hem täze gurlan desgalarda we binalarda enjamlaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere strategiki ulag pudagynyň möhüm düzümleýin desgalarynda häzirki alnyp barylýan işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Olary ösdürmäge özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny depginli artdyrmak hem-de Türkmenistanyň ählumumy dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagy nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz ikinji milli emeli hemrany döretmek bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri ýene-de düýpli seljermek barada wise-premýere görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň alyp barýan işleri barada hasabat berip, ýurdumyz bilen halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça 7-11-nji fewralda Ženewa /Şweýsariýa/ hem-de Wena /Awstriýa/ bolan gulluk iş saparlarynyň netijeleri barada habar berdi. Şol şäherlerde halkara guramalarynyň baş edaralary ýerleşýär.
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada bolmagynyň barşynda bu ýerde ýerleşen BMG-niň bölüminiň, Bütindünýä söwda guramasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Halkara zähmet guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň, Raýat goranyşy boýunça halkara guramasynyň, Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Wenada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň, Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň gün tertibine ýurdumyz bilen bu abraýly guramalaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary birleşdirmek meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, ulag pudagynda, ekologiýa ulgamynda, beýleki möhüm ugurlarda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.
Wenada Awstriýanyň Prezidenti hem-de döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda däp bolan türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG hem-de onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp düzmekde işjeň orun tutmak bilen, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine oňyn sebit we halkara özara gatnaşyklaryny höweslendirmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam eder.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly we ygtybarly ibermek, utgaşdyrylan halkara üstaşyr-ulag düzümini döretmek ýaly wajyp ugurlarda Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny öňe ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki ýaýdaýlar babatda daşky gurşawy goramak, ekologiýa töwekgelçiliklerini, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçiligi azaltmak meseleleri uly wajyp ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň bu ugurda birnäçe anyk teklipleri öňe sürüp, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny belledi. Şol teklipleriň hatarynda BMG bilen özara hereketde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjy bar. Munuň üçin ýurdumyz Aşgabatda hemme zerur şertleri döretmäge taýýardyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary, şol sanda ýokarda agzalan ugurlarda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen-awstriýa gatnaşyklary meselesine degip geçip, şol gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda depginli ösýän gatnaşyklaryň çäklerinde Awstriýa bilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge meýillidigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentde döredilen iş toparlarynda alnyp barylýan kanukçykaryjylyk işiniň esasy ugurlary barada habar berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, we medeni taýdan ösdürmek, adam hukuklaryny goramak, tebigaty goramak, Graşasyz Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak bilen bagly bolan Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary taýýarlanylýar.
Köp çagaly maşgalalara goldaw bermek babatda ýöredilýän durmuş syýasaty bilen baglylykda 8 hem şondan köp çagalary terbiýeläp ýetişdiren zenanlary Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar. Bu hormatly at Halkara zenanlar güni mynasybetli hel ýyl köp çagaly enelere dakylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bu hormatly ada 201 sany zenan hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Mejlisiň deputatlarynyň tagallalary türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri öz wagtynda kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmekde jemlenmelidir diýip belledi.
Maşgalany, eneligi we çagalygy goramagyň edaralaryny goldamak meseleleriniň deputatlaryň üns merkezinde bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz köp çagaly zenanlara “Ene mähri” diýen hormatly atlary dakmak dabarasyny ýokary derejede guramak we geçirmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder