20 Şubat 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşatdy.

***

“Standartlaşdyrmak hakyndaky” we “Sertifikatlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek hem-de standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy namalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak ulgamy”, “Türkmenistanyň döwlet sertifikatlaşdyrmak ulgamy” we “Türkmenistanyň milli laýyklyk nyşany” döwlet standartlaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.  

*** 

“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň   Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplaryň, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplaryň emlägine hem-de  ýangyn sebäpli üçünji taraplara  ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiligine ätiýaçlandyryş goragyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar (mundan beýläk ��" edara görnüşli taraplar) üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny girizmek bellenildi. 

Edara görnüşli taraplar 2016-njy ýyl üçin ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny 2016-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli baglaşmaga borçly edildi. 

Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň üstüne ýüklenildi.  

Resminama bilen edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama; 

Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawy; 

Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine edara görnüşli taraplaryň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 

*** 

Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, düýpli öwrenmek we olaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşmagy üpjün etmäge borçly edildi. Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder