15 Şubat 2016 Pazartesi

Buzly Sport Meýdançasynda Ýaşajyk Hokkeýçiler

Ýurdumyzyň Içeri işlper ministrliginiň sport toplumynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan, on ýaşa çenli çagalaryň arasynda hokkeý boýunça ýaryşyň final duşuşygy boldy. “Oguzhan” toparynyň çagalar düzümi aýgytly duşuşykda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň toparyny10:3 utup, altyn medala we ýeňiş Kubogyna mynasyp boldy.

Hoşgeldi Akmämmedowyň hem-de Rüstem Orunowyň şägirtleri eýýäm birinji döwürde garşydaşlarynyň derwezesine 5 hokkeý topuny geçirmegi başardylar. Ýöne, bu Rüstem Kerimowyň şägirtlerini ruhdan düşürmedi. Ol arakesmede öz toparynyň oýnuna zerur özgertmeleri girizdi. Bu bolsa ikinji döwürde duşuşygyň gidişini düýpgöter üýtgetdi. Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň ýaşajyk hokkekýçilerine iki gezek garşydaşlarynyň derwezesine hokkeý topyny geçirmek başartdy. Duşuşygyň üçünji - jemlpeýji döwründe “Oguzhan” ýene-de oýnuň gidişini öz eline aldy we ahyrky netijede ynamly ýeňiş gazandy.


Ýeňijileriň düzüminde goragçy Döwran Allamyradow has hem tapawutlandy. Ol diňe bir öz ornunda ygtybarly oýnamak bilen çäklenmän, hüjüme hem işjeň ýardam berdi. Netijede ol final duşuşygynda garşydaşlarynyň toruna alty (!) hokkeý topuny geçirmegi başardy. D.Allamyradowyň ezber oýny sylaglanyş dabarasynda ýörite baýrak bilen bellenildi. Şeýle hem ýaryşyň guramaçylary iň ökde hüjümçi hökmünde Nowruz Baýhanowy (Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi), iň gowy derwezeçi hökmünde Wlad Zakratyhy, iň güýçli goragçy hökmünde Annageldi Seýidowy (hokkeýçileriň ikisi hem “Oguzhan” toparynyň oýunçylary) sylagladylar. 

Türkmenistanyň Sportyň gyşgy görnüşleri milli merkeziniň tälimçileriniň pikirine görä,  şeýle ýaryşlary mümkin boldugyça ýygy-ýygydan geçirmeli. Sportuň gyşky görnüşleriniň şeýle okgunly depginler bilen ösmegi diňe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mümkin boldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda milli sport hereketleriniň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gysga döwrüň içinde türkmen hokkeýçileri halkara ýaryşlarynda, şeýle hem dünýä meşhur tälimçileriň we eminleriň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahatlarda we okuw türgenleşik işlerinde baý tejribe topladylar. 

Häzirki döwürde türkmen hokkeýçileri yklym derejesinde geçiriljek iri ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Geljek ýyl Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde 8-nji gyşky Aziýa oýunlary geçiriler. Bu oýunlara hokkeý boýunça milli ýygyndymyzyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

Toparymyzyň deslapky düzümi milli ýaryşlaryň, şol sanda şu günler paýtagtymyzda geçýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan,  Sportuň gyşky görnüşleriniň milli merkeziniň kubogy ugrundaky ýaryşda kesgitlener. Geçen hepde bu ýaryşyň ýarym final oýunlaryna gatnaşmaly toparlar mälim boldy. 16-njy fewralda Içeri işler ministrliginiň sport toplumynda “Galkan” we “Nesil”, Sportuň gyşky görnüşleriniň toplumynda bolsa “Şir” bilen “Oguzhan” öz aralarynda duşuşyp, ýaryşyň final oýnunda çykyş etmeli toparlary kesgitlärler. Ýeňiji 17-nji fewralda mälim bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder