20 Şubat 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Milli Liderimiz mejlisi açyp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, uly baýramlaryň öňýanynda, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirýäris diýip belledi.Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň hökümetiň mejlisine çagyrylan başlygy Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini we eden etmişine ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäreleriniň asylly däbe öwrülendigini belledi hem-de “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýermek bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilen adamlaryň 1485-siniň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Milli Liderimiz Goranmak ministrine, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşatmagy, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip hormatly Prezidentimiz belledi. 

Şunuň baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada atmak bilen, milli Liderimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözürini görüp, ýaşamaklaryny arzuw etdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň alyp barýan işleri barada hasabat berip, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaralaryň geçirilişi barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, milli senenamamyzda döredilen türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygyna birnäçe çäreler bagyşlanyldy. Olaryň hatarynda “Diplomatik hepdeligi”, sergi, “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy, häzirki güni we geljegi” atly ylmy maslahat hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyk konserti, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky däp bolan sport ýaryşlary bar. 

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy ýurdumyzyň diplomatlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary syýasat edarasynyň işgärlerini hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni bilen mähirli gutlady. Milli Liderimiz hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine berk jan saglygyny, abadançylyk hem-de Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak, dünýäniň beýleki döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge türkmen diplomatlarynyň goşýan uly goşandyny belledi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleriniň derejesinde netijeli özara gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bolup çykyş edýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça döwlet meýilnamasyny durmuşa geirmegiň çäklerinde alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça geçirilýän işler barada habar aýdyldy. Bu işler ätiýaçlandyrýanlaryň emläk bähbitlerini ýangyndan goramaga hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplara ýetiriljek zyýanyň öwezini dolmaga gönükdirilendir. 

Habar berlişi ýaly, bu ugurda ätiýaçlandyryş işlerini düzgünleşdirmek üçin resminamalaryň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda ätiýaçlandyrmagyň tertibi, şertleri, ätiýaçlandyryş kadalary we düzgünleri bar. Ätiýaçlandyrmanyň täze görnüşiniň girizilmegi ýangyndan ejir çeken üçünji taraplaryň zyýanynyň öwezini dolmak üçin döwlet tarapyndan bölünip berilýän maliýe serişdelerini tygşytlamaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyndan döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurda täze guralyň girizilmeginiň ýurdumyzdaky desgalary ýangyndan goramagyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini hem-de raýatlaryň ömrüni we saglygyny, şeýle hem fiziki, ýuridiki taraplaryň we hususy telekeçileriň emläklerini ýangynyň ýaramaz täsirlerinden goramaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek üçin mundan beýläk-de anyk çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra wise-premýer önümleri we hyzmatlary laýyklyk nyşany bilen standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Standartlaşdyrmak hakynda” we “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň düzgünlerine laýyklykda, ygtyýarly edaralar tarapyndan döwlet standartlaryň we tehniki şertleriň tassyklanýandygy, olary hasaba almagyň tertibiniň kesgitlenýändigi bellenen. Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän eksport önümleriniň hem-de hyzmatlaryň halkara bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny we hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesine laýyklykda harytlara milli laýyklyk nyşanlaryny bermek boýunça işleri guramak babatda anyk ädimler ädilýär. 

Standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamynyň edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, TDS 1.0-2016 “Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak ulgamy. Esasy düzgünler”, TDS 1.2-2016 “Döwlet sertifikatlaşdyrmak ulgamy. Esasy düzgünler”, TDS 1.3-2016 “Türkmenistanyň önümleriniň milli laýyklyk nyşany. Tehniki şertler” döwlet standartlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talabyny nazara alyp, sertifikasiýalaşdyrmak we standartlaşdyrmak babatdaky işler bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz bu işleri, ilkinji nobatda, bäsdeşlige ukyply önümçiligi üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, Türkmenistanyň ýeke-täk haryt bazarynda fiziki we ýuridiki taraplaryň işlemegi üçin amatly şertleri döretmek, halkara ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyga gatnaşmagy maksady bilen geçirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olaryň düzgünleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltimek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen birlikde, nebithimiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze döwrebap gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna uly üns berilmelidigini nygtady. Bularyň ählisi ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we olaryň görnüşlerini giňeltmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzüm nahallarynyň jemi 3 million düýbi oturdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde bag ekmek möwsümi üçin gerek bolan bag nahallaryny taýýarlamak we olaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, häzirki wagtda tut nahallarynyň jemi 512 müň düýbi taýýar edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda amatly howa ýagdaýyny döretmek babatdaky wezipeleri çözmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýazky bag ekmek möwsümini ýokary derejede guramak we geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Garabogaz şäherinde karbamid zawodynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, himiýa pudagynyň täze kärhanasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda zawodyň önümçilik bölümlerinde demir-beton düzümleri gurnamak, turbalary çekmek işleri dowam edýär. Geljekki himiýa zawodynyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi öndürmäge niýetlenendir. Kärhananyň işe girizilmegi bilen, onuň önümlerini deňiz ýoly arkaly eksporta ibermek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýandygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlyrymyzyň bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artýandygy, ýerli tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary giňden çekmäge gönükdirilen geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem senagat pudagynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny, şol sanda halk hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli mineral dökünlerini öndürmäge niýetlenen kuwwatlyklary mundan beýläk-de artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, täze karbamid zawodynyň gurluşyk işleriniň hilini hem-de möhletlerini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça tejribe alyşmak üçin, 13-17-nji fewralda Awstraliýa Arkalaşygynyň Sidneý şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň barşynda dürli döwlet düzümleriniň işleri, syýahatçylyk ulgamynyň edaralarynyň işiniň guralyşy bilen tanyşlyk çäreleri geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi kesgitlenildi. Geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ähli ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz garamagyndaky degişli düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin dolandyryşyň täze usullaryny işjeň ulanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premere türkmen paýtagtyny ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan iş meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäherinde 23–25-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň XII ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Wise-premýer paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guraljak däp bolan gözden geçirilişde eýran kompaniýalarynyň 90-dan gowragynyň öz iş alyp barýan ugurlary boýunça sergileri gurnamagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Olaryň ýarysyndan gowragy sergä ilkinji gezek gatnaşmaga isleg bildiren kompaniýalardyr. 

Giň möçberli sergide maşyngurluşyk, himiýa senagaty, energetika, elektron ulgamlary, desga we ýol gurluşygy ugurlarynda işleýän, azyk we ýeňil senagat üçin önümçilik enjamlaryny, oba we suw hojalyk tehnikasyny öndürýän, şeýle hem söwda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalar häzirki zaman gazananlaryny, täze innowasion önümlerini görkezerler. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli ugurlarda giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtap, dostlukly ýurduň ýöriteleşdirilen sergisini ýokary derejede guramak hem-de geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň hasabyny ýöretmek hem-de olaryň ylmy taýdan öwrenilmegi ugrunda işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň 8-si bolup, olardaky ýadygärlikler toplumynyň 3-si ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olar Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýadygärlikler toplumlarydyr. Ýurdumyz boýunça taryhy-medeni ýadygärlikleriň jemi 1387-si döwlet hasabyna alyndy. Mundan başga-da, bu ulgamyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Kararyň taslamasy Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamagy, geljekki nesillere ýetirilmegini, düýpli öwrenilmegini we olaryň goragynyň üpjün edilmeginiň maksat edinýär. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli taryhy medeni mirasymyzy, şol sanda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän hem-de türkmen halkynyň buýsanjy bolup durýan gadymy taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça toplumlaýyn işleri geçimegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş--medeni çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Bu çärelere talyplar we mekdep okuwçylary, dürli pudaklaryň işgärleri gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna däbe öwrülen biraýlygyň işlenip taýýarlanylan meýilnamasy hödürlenildi, ol 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralary we çäreleri hem öz içine alýar. 

Milli Liderimimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerine hemmetaraplaýyn üns berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty wagyz etmäge hem-de ösdürmäge, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly däbe öwrülen biraýlygyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. 

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyga aprel aýynyň birinji ongünlüginden badalga berilse, maksada laýyk boljakdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, türkmenistanlylarda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höwes döredýän köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gysga döwrüň içinde iri halkara taslamalary durmuşa geçirildi, demir ýol wokzallary, depolar, menziller we möhüm inženerçilik-tehniki desgalar ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmek bilen, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulaglary pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm düzümleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Soňky ýyllarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler netijesinde demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onuň düzümini täzelemek we üstüni ýetirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär -- täze kärhanalar açylyp, döwlebap tehnologiýa ulgamlar satyn alynýar, hereket edýän demir ýol kärhanalary täze tehnikalar bilen üpjün edilýär. 

Milli Liderimiz geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, demir ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Olaryň täzesi gurlanda we bar bolan demir ýollaryň durky täzelenende işleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmak zerurdyr. Şonda täze tehnologiýalar ulanylmalydyr, munuň özi ýurdumyzyň demir ýollaryny uzakmöhletleýin ulanmagy üpjün eder diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda parlamentde döredilen iş toparlarynyň 20-sinde ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek bilen birlikde, birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny, ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz deputatlaryň sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerini çözmäge, ilatymyza ýurdumyzyň gülläp ösmegine, raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny düşündirmäge işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, 19-njy fewralda uly baýramyň – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. 

Türkmen baýdagynyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we merdana halkymyzyň şöhratly geçmişiniň bütin dowamynda milli gymmatlyklarynyň biri bolan mukaddes baýdagyna uly sarpa goýup gelýändigini nygtady. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu asylly däpler we ata - babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam edýär. 

Döwlet baýdagymyzyň gadyr-gymmatyny has-da artdyrmak, ýaş nesillerimizi watançylyk we belent ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde belent sütünli Baş baýdak meýdançasy döredildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň beýik sütüni guruldy. 

Bu bolsa, halkymyzyň Döwlet baýdagymyzy mukaddeslik hökmünde görýändigini aýdyň subut edýär. Ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzda şekillendirilen gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we bagtyýar durmuşyny alamatlandyrýan aýdyň nyşanlardyr. Zeýtun baldajyklary bolsa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýar, Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýandygyny beýan edýär. 

Bu bolsa, her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza we ýaşyl Tugumyza bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde göterip, yhlasly we tutanýerli zähmet çekýändigini nygtady. Halkymyz milli mirasymyza sarpa goýup, Garaşsyz Watanymyzy düýpli özgertmek, dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrunda ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň ählisini hem-de mähriban halkymyzy eziz Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenýän Döwlet baýdagynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimiziň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

“Goý, berkarar döwletimiziň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi bolan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz Watanymyzyň asuda asmanynda hemişe belentden parlasyn!” diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.










Hiç yorum yok:

Yorum Gönder