12 Şubat 2016 Cuma

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine:

2016-njy ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýy we şu ýylyň hasyly üçin ekiljek gowaçany ösdürip ýetişdirmekde, şeýle hem çekirtgä we köpýyllyk haşal otlara garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy bilen şertnamany;

bugdaý we şaly kombaýnlary hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, býujetden sarp edijiler boýunça üpjün etmeleriň (harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň) çäklendirme pul möçberi 20 müň manat diýlip bellenildi. Býujetden sarp edijileriň zerurlyklary üçin harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder