24 Haziran 2015 Çarşamba

Medeniýet Hepdeligi 2015

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän we türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hem-de edebiýatynyň okgunly ösmegine saldamly goşant goşýan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni giň möçberli medeni-köpçülikleýin çärelere beslendi. Medeniýet hepdeligi halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edip, medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyklykda döretmäge ruhlandyrýar.

Ruhyýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada günüň birinji ýarymynda guralan çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary hem hut şu belent ýörelgelerden ugur aldy. Bu toparlar ýurdumyzyň dürli künjeklerinden geldiler. Ýaş artistleriň joşgunly aýdym-sazlary we tanslary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki çagalar baýramçylygy milli zehinleriň egsilmez döredijilik çeşmesiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän bu Medeniýet hepdeligi hem türkmen medeniýet we sungat işgärleri bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, milli sungatyň ähli görnüşlerini – aýdym-saz, şekillendiriş we amaly-haşam, teatr, şeýle hem edebi we halk döredijiligi sungatyny täze döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň zallarynda açylan Halkara sungat sergisi hem möhüm ähmiýete eýedir.     

Medeniýet hepdeligine daşary ýurtlardan -- ABŞ-dan, Russiýadan, Finlýandiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gatnaşýanlar sergä öz suratlaryny, amaly-haşam sungatynyň we zergärçilik önümlerini, milli lybaslary we beýleki gymmatlyklary getirdiler. Bu ýerde  Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň suratkeşleriniň  suratlarynyň sergisi, Döwlet muzeýiniň, Çeperçilik akademiýasynyň, Şekillenderiş sungaty muzeýiniň we beýlekileriň gymmatlyklarynyň sergisi hem açyldy. 

Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň  belleýşi ýaly, mähriban topragymyza bolan çäksiz söýgini, Türkmenistanyň tebigatynyň täsin gözelligini, täze taryhy eýýamyň ägirt uly özgertmelerini şöhlelendirýän özboluşly nakgaşlyk suratlarynyň köpdürli mowzugy we beýleki mowzuklaýyn sergiler milli sungatyň ösüşiniň hil taýdan täze derejesine, türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynyň örän baýdygyna şaýatlyk edýär. 

Muzeýiň zallarynyň birinde Lebap welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, goraghanalary syýahatçylyk ugurlary we zolaklary barada gürrüň berýän dokumental film görkezildi. 

Gadymy türkmen topragynyň bu sebitinde dürli eýýamlaryň ýadygärlikleriniň 200-den gowragy ýerleşýär. Olaryň arasynda orta asyrlaryň binagärlik ýadygärlikleri, Atamyrat etrabyndaky Astanababa medresesi, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň okan Halaç etrabyndaky Idrisbaba medresesi, Daýahatyn kerwensaraýy we beýleki gadymy binagärlik ýadygärlikleri bar. 

Köýtendag döwlet goraghanasyndaky dinozawrlaryň yzlary galan dag tekizligi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, Repetek döwlet goraghanasy we Amyderýa döwlet goraghanasy barada gürrüň berýän şekiller tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gadymy ýadygärlikleriň, goraghanalaryň we beýleki gyzykly ýerleriň ählisi “Lebapsyýahat” kärhanasynyň syýahatçylyk ugurlary bolup durýar. Şol ýerde “Jadyly Köýtendag” ugry daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň syýahatçylarynyň hem-de jahankeşdeleriniň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir. 

Amyderýanyň kenaryndaky şäher şu günler köpöwüşginli medeni-köpçülikleýin we teatr çäreleriniň, dürli estrada, sirk, folklor toparlarynyň, bagşylaryň we dutarçylaryň ägirt uly meýdançasyna, suratkeşler üçin döredijilik meýdançasyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Teatryň uly zalyny dolduryp oturan tomaşaçylar ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşda meşhur bolan zehinli sazandalaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. 

Medeniýet hepdeliginiň baýramçylyk çäreleriniň ikinji güni agşam Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň döredijilik toparlarynyň uly konserti bilen tamamlandy.  


Prezidentimiz Pagtany Gaýtadan Işleýän Kärhananyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň täze desgasy bolan--Sakarçäge etrabynda gurlan we ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýurdumyzyň oba hojalygynda ekiniň möhüm görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Gowaça ösdürip ýetişdirmekde halkymyz baý tejribe toplady. “Ak altyn” ösdürmek we ony gaýtadan işlemek ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň möhüm ugry bolup durýar. 

Şunda pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, oňa öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň  ykdysady taýdan höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler pudagyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Bu bolsa pudagyň, şol sanda pagtaçylygyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler strategiýasy netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl pagtaçylar şertnamalaýyn bowçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna pagtanyň 1 million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şu ýyl Türkmenistanda pagta ekmek üçin 545 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alnanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Mary welaýatynda 313 müň tonna pagta ýygnamak bellenildi. Ekişiň häzirki möwsümi üçin gowaçanyň saýlama tohumynyň 65 müň tonnadan gowragy – orta we inçe süýümli sortlaryň 15-e golaýy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň pagta ekýän welaýatlarynyň meýdanlarynda gymmatly oba hojalyk ekinine ideg işleri dowam edýär. 

Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň saldamly esasyny düzýän pagta   okgunly ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olar halkara ülňülerine laýyk gelýän, ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýarlar. Pagtaçylyk pudagynyň kuwwatyny doly ulanmak, gowaça hasylynyň möçberini has-da artdyrmak babatda ýokary hilli tohumy taýýarlamak möhüm şert bolup durýar. Şu maksat bilen, pagtany gaýtadan işleýän düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda täze kärhanalary gurmak boýunça uly işler geçirilýär. Şonuň ýaly döwrebap zawodlaryň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda bina edildi. “Türkmenpagta” döwlet konserni desganyň buýrujysy, “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bolsa onuň portratçysy bolup çykyş etdiler. Bu kompaniýa biziň ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolup durýar.

Täze toplumyň açylmagy mynasybetli baýramçylyga mahsus dabara ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, oba hojalyk işgärleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze kärhananyň golaýyndaky meýdança gondy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Bu ýerde şanly wakanyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şatlyk-şowhun al-asmana göterildi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiz toplumyň önümçilik binasyna tarap bardy we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze kärhananyň toý bagyny kesdi.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, kärhananyň dolandyryş merkezine bardy. Bu ýerde kärhananyň hünärmeni milli Liderimiz   Gurbanguly Berdimuhamedowy toplumyň önümçilik işi bilen tanyşdyrýar.

Kärhananyň umumy eýeleýän meýdany 17 gektara golaý bolup, onuň düzümine dolandyryş binasy, önümçilik bölümi, pagta çigidini arassalaýan bölüm, her biriniň sygymy 5 müň tonna bolan iki sany ammar, 13 müň tonna tohumlyk çigit saklamaga niýetlenen ammar, ýokary hilli tohumlyk çigit saklamak üçin 7 müň tonnalyk ammar, barlaghana, 10 müň tonnalyk kabul ediş bölümi we birnäçe ugurdaş hem-de tehniki desgalar girýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna önüme deňdir. Bu ýerde oturdylan ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň belli “BS Supply” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary çig maly ýokary hilli  gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen tohumlyk pagta çigidi himiki usulda künjaradan arassalanylýar, kesele garşy işleri ýerine ýetirilýär, tohumlyk çigit ýokumly maddalar  bilen baýlaşdyrylýar we 20 kilogram agramlykdaky haltalara gaplanylýar. Şunuň ýaly enjam sagatda 15 tonnadan gowrak pagta çigidini arassalamaga ukyply bolup, ol bir günüň dowamynda 315 tonna golaý pagta çigidini arassalaýar. Şunlykda, kärhananyň ýyllyk kuwwaty bolan 40 müň tonna tohumlyk çigit 4 aýdan gowrak wagtyň içinde arassalanylar. 

Tutuş Mary welaýaty üçin ähmiýeti uly bolan täze kärhana üç çalşykda işlediler. Bu ýerde 63 işgär hemişelik esasda zähmet çeker. Möwsüm mahalynda ýene-de 200-e golaý adam işe kabul ediler. Umuman, möwsüm mahaly kärhanada jemi 262 adam zähmet çeker.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tohumlyk pagta çigidini taýýarlaýan bölüme bardy. Bu ýerde bölümiň hünärmeni milli Liderimizi uly hormat bilen garşylady. Ol döwlet Baştutanymyza “ak altynyň” bol hasylyny almakda möhüm ähmiýeti bolan ýokary hilli tohumlyk çigidiň taýýarlanyş usullary, onuň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik işiniň tehnologiýasy we onuň aýratynlyklary, bu ýerde oturdylan enjamlaryň ähmiýeti we onuň häsiýetli tapawutlary bilen gyzyklandy.  

Gowaçanyň sagdyn gämiklerini almak üçin pagta çigidi gabyklardan arassalanýar we ýörite serişdeler bilen işlenilýär, soňra olary nogula öwürýärler. Ekiji enjamlaryň ulanylmagy tohumyň harçlanmagyny dört esse kemeltmäge mümkinçilik berýär. Şunda pagta meýdanlarynda ýekeleme ýaly agrotehniki çäresini geçirmek zerurlygy aradan aýrylýar. 

Pagta çigidini himiki usul bilen arassalaýan bölümde her sagatda gowaça tohumynyň 2880 kilogramy arassalanar we saýlanyp alnar. Bu ýerde bir gije-gündizde pagta çigidiniň 60 tonna golaýy taýýarlanar. Ýeri gelende aýtsak, Mary welaýatynda ekin meýdanlarynyň 165 müň gektary üçin 4950 tonna çigit zerur bolap durýar. Şeýlelikde, täze kärhananyň işe girizilmegi welaýatda pagtaçylyk pudagyny has-da ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolar. 

Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem möhüm desganyň gurlan ýeri--  Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby pagta ösdürip ýetişdirmegiň baý tejribesine eýe bolan öňdebaryjy etraplaryň biri bolup durýar. 2014-nji ýylyň möwsüminde bu ýerde suwarymly ýerleriň 45 müň 889 gektarynyň 21 müň 500 gektarynda inçe süýümli we orta süýümli pagta ekildi, ýygnalan hasyl bolsa “ak altynyň” 44 müň 408 tonnasyna deň boldy. 

Hormatly Prezidentimiz kärhana bilen tanyşmagyny tamamlap, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp we kärhananyň işgärlerine, pagtaçylyk pudagynyň zähmetkeşlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özüne garaşyp duran dikuçara mündi we bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary asmana galyp, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna tarap ugur alýar. Milli Liderimiz ýolugrunda guş uçar belentlikden oba hojalyk meýdanlaryny synlady. Bu ýerlerde häzir galla oragy we gowaçalara ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl welaýatyň babadaýhanlarynyň öňünde 380 müň tonna däne we 313 müň tonna “ak altyn” ýygnamak wezipesi durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň çäginde gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we oba hojalyk toplumyna girýän edaralaryň ýolbaşçylary, şeýlet hem ýerli kärendeçiler mähirli garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Bu sergi Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň datly miweleri getirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Açyk asmanyň astynda guralan sergide çörek we aş önümleriniň, dürli sortdaky unlaryň görnüşleri, şeýle hem bugdaýyň we gowaçanyň tohumlary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň köpugurly  mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we oba senagat toplumynyň degişli ýolbaşçylaryna oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda guramak, iň gowy tejribäni we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem daýhanlary zerur bolan tehnikalar we mineral dökünleri bilen üpjün etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynyň galla, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçiler bilen ysnyşykly işlemelidigini belledi. 
   
Milli Liderimiz kärendeçi Jumamyrat Begmyradow bilen söhbetdeş bolup, ondan işleriň barşy, iş şertleri, daýhanlara döredilýän mümkinçilikler hem-de bu şertleriň  olaryň zähmetiniň netijelerine täsiri bilen gyzyklandy. 
Daýhan özüniň üç gektar meýdanynda pagta ösdüpip ýetişdirýändigini we bereketli hasyl almagy umyt edýändigini gürrüň berdi. 

J. Begmyradow häzir ýurdumyzyň daýhanlaryna netijeli işlemek üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygyny buýsanç duýgusy bilen belläp, hormatly Prezidentimize ekin meýdanlarynda we öri meýdanlarynda zähmet çekýän adamlar hakynda elýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde daýhanlaryň durmuş derejesi ýokarlanýar, şonuň bilen birlikde, olaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmasy artýar. Şeýle ýagdaý onuň maşgalasynda hem äşgär duýulýar. 

Kärendeçi häzirki wagtda suwaryş işlerine başlamakçy bolýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize ösüş suwunyň tutulmagyna badalga bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz eline pil alyp, suwaryş ýabyndaky toprak böwedini aýyrdy we meýdana akyp başlan suwuň ýoluny açdy. 

Milli Liderimiz daýhan bilen hoşlaşyp, “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi arzuw etdi we kärendeçä gymmat bahaly sowgat gowşurdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçileriň ýene-de biri – Gülbahar Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş boldy. Kärendeçi üç gektar meýdanyna güýzlük däne ekip, bereketli hasyl ýetişdiripdir. Ol milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, ýerde işlemegiň onuň maşgalasy üçin ygtybarly bereket çeşmesi bolup durýandygyny gürrüň berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň ýerini synlap, döwletimiz geljekde hem oba senagat toplumynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, oba ilaty üçin mynasyp iş we durmuş şertlerini döretmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini aýtdy. Sahawatly türkmen topragy olaryň tutanýerli zähmetine bereketli hasyllary eçilýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda oba hojalyk toplumynyň döwrebap önümçilik desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Olaryň hatarynda şu gün Sakarçäge etrabynda ulanmaga berlen pagta arassalaýjy kärhana hem bar. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän zerur, ösen düzümli türkmen obasynyň täze keşbi kemala gelýär. Obalarda ykdysady gatnaşyklar kämilleşdirilýär, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberi ýokarlanýar, netijede daýhanlaryň gurplulygy artýar.  
 
Kärendeçi hormatly Prezidentimize oba zähmetkeşlerine berýän, ähli daýhanlar ýaly öz işinde hem yzygiderli duýýan hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizden öz meýdanyndaky galla oragyna başlap  bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz   meýdandaky güýzlük dänäniň oragyna badalga berdi. Şol pursat meýdanda däne ýygnaýjy kombaýnlar işe girişdi.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçä berk jan saglyk, işinde üstünlik we maşgala abadançylygyny arzuw edip, oňa gymmat bahaly sowgat gowşurdy we onuň bilen hoşlaşdy.  

Soňra milli Liderimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýüzlenip, Watan harmanyna saýlama bugdaýyň 
1 million tonnasyny tabşyran türkmen gallaçylarynyň uly zähmet ýeňşini gazanandyklaryny habar berdi. 

Şonuň bilen birlikde, wise-premýer şanly wakalaryň ýene biri hakynda habar berdi: Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk düzümleýin  guramasynyň /FAO/ 2015-nji ýyla çenli döwür üçin FAO-nyň maksatnamasynda kesgitlenen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri üçin Türkmenistana ýörite sertifikaty berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu barada habar bermek bilen, hormatly Prezidentimize degişli resminamany gowşurdy. Bu waka ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn häsiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk düzümleýin guramasynyň bu sertifikaty düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistanyň bu ugurda, şol sanda azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly netijeleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bu gün dünýä derejesinde ykrar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny we azyk senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek ýaly möhüm ugurda işleriň dowam etjekdigini nygtady. Milli Liderimiz uly zähmet üstünligini gazanan ýurdumyzyň gallaçylarynyň öz öňlerinde goýan jogapkärli wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine—ýetişdirilen ähli hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna 1 million 600 müň tonna däne tabşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.





Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosini, dürli görnüşli awtobenzini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, jemlenen nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen täjirler göni arassalaýyşdan geçirilen benzini, dizel ýangyjyny (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody), Hytaýdan gelen işewürler bolsa – tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna el halylary, pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi, ulýuk ýerlenildi.           Satyn alan ýurtlar:  Russiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 147 million dollaryna  golaý boldy.

Depozit manat serişdesine Pakistandan gelen işewürler toparynyň wekilleri jemi 3 million 190 müň manatlykdan gowrak pagta ýagyny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, jemi 525 müň manatlyk ulýuk satyn aldylar.


22 Haziran 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Wekilleri Küşt Boýunça Dünýä Kubogy Ugrundaky Ýaryşlara Gatnaşarlar

Bu barada ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn (Merkezi Aziýa zolagy) çempionatynda mälim boldy, şonda türkmen küştçüsi, haklara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň güýçli küştçüleriniň arasyndaky bäsleşikler şweýsar usuly boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň hersi boýunça düýnä çempionatyna gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda  bäsleşildi, şol sebäpli hem ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şunda bu gadymy oýnuň ussatlarynyň köpüsiniň grossmeýsterlerdigini göz öňünde, 20 ýaşly türkmenistanly küştçi Ýusup Atabaýewiň üstünlik gazanmagy örän buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby alty döwde ynamly ýeňiş gazanyp, iki oýunda deňme-deň oýnap, bir duşuşykda utuldy we mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Ýusup diňe gazak küştçüsi, grossmeýster Renat Jumabaýewden asgyn geldi. Bu duşuşyk 6  sagatlap dowam edip, çempionatda iň uzaga çeken oýun boldy – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdiniň goýberen ýeke-täk ýalňyşy gazagystanly küştçiniň mynasyp bolan birinji ornunyň ykbalyny çözdi. 

Şeýlelikde, Ý.Atabaýew güýzde geçiriljek dünýä çempionatynda baş baýrak ugrunda güýç synanyşar. Dünýä birinjiligi olimpiýa usulynda geçirilip, utulan oýundan çykýar. Eýýäm türkmen küştçüsi halkara derejeli ýaryşlaryň köpüsinde ýeňiş gazanmagy başardy, olaryň iň ähmiýetlisi 2010-njy ýylda Türkiýede geçirilen mekdep okuwçularynyň arasyndaky çempionatda gazanan bürünç medalydyr. 2008-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde, 2010-njy ýylda Russiýanyň Hanty-Mansi awtonom okrugynda we 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşan Ý.Atabaýew ýokary liga girýän erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda üç gezek ikinji orna eýe boldy. Indi bolsa ol Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda üstünlik gazanyp, dünýä kubogyna gatnaşmak hukugyna mynasyp boldy.

Bu ýaryşda gazanan ikinji orundan başga-da, Ýusup halkara grossmeýsteri derejesini almagyň ýolunda ikinji baly gazandy, şeýle hem öz dünýä derejesini ýokarlandyrdy, häzir ol 24-35 belgä deňdir. Küşt dünýäsinde iň ýokary derejä ýetmek üçin Ýusup halkara derejesindäki iri ýaryşda ýene bir bal gazanmalydyr: ol eýýäm güýzde Bakuwda geçiriljek dünýä birinjiliginde grossmeýster derejesine eýe bolup biler. 

Zenanlar toparynda çykyş eden türkmen küştçüleri hem dünýä birinjiligine gatnaşmak hukugyna golaýlaşdylar. FIDE-niň ussady Bahar Hallyýewa Gazagystandan we Özbegistandan gelen küştçi zenanlaryň ikisi bilen deň -  6 utuk toplady. Şunuň ýaly deň möçberde utuk toplananda sport netijeliliginiň barabarlygy hasaba alynýar, şonda biziň ildeşimiziň netije barabarlygy pes gelip, olar bilen ikinji - dördünji orunlary paýlaşdy. Bu üstünlik Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymyna  halkara ussady derejesine eýe bolmagyň ýolunda 1-nji baly getirdi.

Geçen ýekşenbe güni Aşgabadyň ýörite küşt-şaşka mekdebinde halkara ýaryşy badalga aldy, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan, şeýle hem Russiýadan, Germaniýadan we Türkiýeden  küştçüler gatnaşýarlar. Bu ýaryşlarda medallar ugrunda 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli küştçüleriň 140-sy bäsleşer. Ýeňijiler 25-nji iýunda mälim ediler.


Türkmenistanyň Howa Maglumaty 23/06/2015

Türkmenistanyň Howa Maglumaty
23/06/2015
Aşgabat
+38… +40°
Türkmenbaşy
+36… +38°
Balkanabat
+39… +41°
Mary
+37… +39°
Türkmenabat
+36… +38°
Daşoguz
+35… +37°
http://www.turkmenhabargullugy.com/

Hormatly Medeniýet Hepdeligine Gatnaşyjylar!

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisiniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan taryhy özgerişlere eýe bolup, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir. Biz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylmagyna hemişe möhüm ähmiýet berýäris.

Biz döwletimiziň medeni syýasatynda «Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýen şygary esas edinýäris. Halkyň kalby onuň bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen milli häsiýetleriniň, dünýä çykaran milli gymmatlyklarynyň egsilmez hazynasydyr.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeliginiň giň gerimi we ýokary derejesi türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda biz ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek üçin giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýäris.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda her ýylda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda medeniýet we sungat ussatlarymyza hormatly atlary dakmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň gatnaşmagynda Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän «Yaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly bäsleşikler il içinden täze zehinleriň ençemesiniň ýüze çykmagyna ýardam edýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylymyzda ýurdumyzyň medeni durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar bagtyýar halkymyzy has-da buýsandyrýar. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, täze Metbugat öýi toplumynyň ulanmaga berilmegi, «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, teleradioýaýlymlarymyzyň gepleşikleriniň milli aragatnaşyk emeli hemramyzyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlanmagy we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Dünýäde parahatçylygy, dostlugy we jebisligi pugtalandyrmakda medeniýetiň we sungatyň aýratyn uly omy bardyr. Medeniýet milletleriň her birine milli aýratynlyk, özboluşlylyk berýän, şol bir wagtyň özünde-de olaryň ählisini bitewüleşdirýän egsilmez güýçdür, ruhy köprüdir.

Şu asylly maksatdan ugur alnyp, dostlukly döwletlerde ýurdumyzyň, biziň Watanymyzda bolsa, dünýä ýurtlarynyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle giň gerimli medeni çäreler hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly ösüşiň özboluşly baýramyna öwrülýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň halkara medeni- ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamyndaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň çäklerinde alyp barýan netijeli işiniň aýdyň subutnamasydyr. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy olaryň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini doly ykrar edýär. Häzirki wagtda milli maddy däl medeni mirasymyzyň dürli gömüşlerini adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizmäge hödürlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Marguş, Sarahs, Dehistan, Abiwerd ýaly gadymy şäherleriň ýerleşen ýerlerinden tapylan taryhy tapyndylar milli mirasymyzyň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň genji- hazynasynda özboluşly orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amul galasy, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar ýaly taryhy ýadygärlikler, Köýtendagyň tebigy täsinlikleri şöhratly taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny özünde jemleýän medeni baýlyklarymyzdyr.

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Nepisligiň, gözelligiň iň ýokary derejesine göterilen maddy-ruhy gymmatlyklarymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de öz milli öwüşginini, gadyr-gymmatyny ýitirmän, biziň günlerimize gelip ýetipdir. 

Akyldar alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň ajaýyp eserleri, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyz, halk döredijilik eserlerimiz nesilleriň ruhuna ganat berip, ähli döwürlerde ynsan köňüllerini tämizläp gelipdir.
Biz sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň birnäçesini gurup, ulanmaga berdik. Medeni ojaklarda guralýan aýdym-sazly çykyşlar, sahna oýunlary halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar, adamlarda ýokary ruhubelentlik duýgularyny oýarýar, Watana, ýaşaýşa söýgini, milli buýsanjy joşdurýar.

Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr. Bu babatda ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýän Medeniýet hepdelikleri oňat netijeleri berýär.

Gadymy Lebap topragynda geçiriljek sungat baýramy bagşylaryň kalbynda joşgunly aýdymlara öwrülse, ýazyjy-şahyrlary täze eserleri döretmäge ganatlandyrar. Medeniýet hepdeliginde körpe nesilleriň aýdym-sazly çykyşlary, aýdymçy-sazandalaryň konsertleri, suratkeşleriň eserleriniň, amaly-haşam, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, ýazyjy- şahyrlaryň şygryýet agşamy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ýeten belent derejesini dünýä ýaýar.

Hormatly Medeniýet hepdeligine hem-de onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisine gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän halkara sungat sergisiniň açylmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow 


Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary Welaýatyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.

Mary welaýatynyň howa menzilinde uçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.

Mary welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary milli Liderimizi joşgunly aýdymdyr-tanslar bilen mübärekleýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden awtoulagda şäheriň merkezinde ýerleşýän “Gurbanguly hajy” metjidine bardy, bu ýerde milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy  mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweniniň ugrunda milli Liderimizi köp sanly ýaşlar, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary we myhmanlary mübärekleýärler. 

Mukaddes Oraza aýynda berjaý edilýän gadymy agzaçar däbi aýratyn   parasatly we çuňňur mana ýugrulandyr. Onda milletimiziň gadymdan gelýän tämizlige, rehimdarlyga we adalata ymtylmasynyň ruhy mazmuny öz beýanyny tapýar. Bu asylly türkmen däbi ynsana diňe bir beden tämizligini däl-de, ahlak arassalygyny, ruhy täzelenişi bagyş edip, häzirki wagtda ýagty geljege umydy pugtalandyryp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň ýolunda täze belentliklere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Ynsanperwerlik taglymlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan iri möçberli oňyn özgertmeler Watanymyzyň röwşen geljegine ynam  döredýär we bu özgertmeler milletimiziň ruhy taýdan  kämilleşmeginiň, halkymyzyň taryhynyň, gadymy däp-dessurlarynyň, dininiň gaýtadan dikeldilmeginiň we goralyp saklanmagynyň özboluşly alamaty astynda durmuşa geçirilýär. Ýakynda, şu mukaddes aýda döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatynda täze metjidi gurmak barada Karara gol çekmegi buýsançly hakykatdyr.

Ak mermerli dört sany diňli we mawy gümmezleri, altyn çaýylan ýarymaý şekilleri bilen belent metjit Mary şäheriniň hakyky binagärlik bezegi bolmak bilen, bu ýerde täze taryhy eýýamda bina edilen Ruhyýet köşgüniň, welaýat taryhy – ülkäni öwreniş muzeýiniň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de gümmeziniň astynda obserwatoriýa ýerleşdirilen Mary welaýat kitaphanasynyň binalary bilen bilelikde şäheriň ajaýyp künjegini kemala getirdi.

Bu metjit hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy we dindarlaryň haýyşy boýunça onuň bina edilmegine ýakyndan goldaw beren döwlet Baştutanymyzyň sarpasyna “Gurbanguly Hajy” metjidi diýlip atlandyryldy.

Metjidiň girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň müftüsi,  welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hormatly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanandygy üçin ýygnananlara minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşululara ýüzlenmek bilen, ýerli ýaşaýjylaryň durmuş şertleri, olaryň iş-aladalary, maksatlary, şeýle hem sebitlerde möhüm ykdysady we durmuş meseleleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanýar.

Milli Liderimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ösüşindäki gazanylanlar, durmuş ähmiýetli birnäçe taslamalaryň ýerine ýetirilişi hem-de  welaýatyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy. Döwletimiziň geljekde hem sebitleriň ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, adamlaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döretjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz hormatly ýaşululary ýakyn günlerde Mary we Lebap welaýatlarynda  birnäçe häzirki zaman  desgalarynyň açylyş we düýbüni tutmak  dabaralaryna, şol sanda Türkmenabat şäherinde täze metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. 

Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli oňyn özgertmeler, häzirki zaman türkmen obasyny ösdürmek baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler, iş saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdiler. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti metjide girýär we özi üçin bellenen ýere geçýär. Metjitde bir bada iki ýarym müň adam namaza durup bilýär. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk we asudalyk, halkyň agzybirligini, hormatly Prezidentimize baş saglygyny we işleriniň rowaç bolmagyny dileg edýär. 

Aýat-töwir okalandan soň, milli Liderimiz “Beýik Biribaryň dergähinde ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyzda asudalyk höküm sürsün! Goý, biziň halkymyz hemişe abadan we agzybirlikde ýaşasyn!”—diýip, ýygnananlaryň hemmesini bilelikde agzaçar sadakasy berilýän jaýa geçmäge çagyrdy. 

Agzaçar nahary çekilmezden öň döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululary, agzaçar sadakasyna ýygnanan hemmeleri, olaryň üsti bilen bütin türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýar.  

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mukaddes Oraza aýy öz gözbaşlaryny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we türkmen halky üçin sogap aýy bolup, halkymyzyň pähim-paýhasyny, däp-dessurlaryny we milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. 

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: «Ýylyň dört paslynda – on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, bu aýyň sahawatyny we gadyr-gymmatyny belläp geçipdir. 

Oraza asyrlaryň dowamynda halkymyzy ynsanperwerlige, haýyr-sahawata ruhlandyryp gelýär. Mukaddes Oraza halkymyzyň milli medeni mirasydyr, geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten ruhy gymmatlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu gymmatlyklar mähriban halkymyzy hoşniýetli işlere, parahatçylyga, açyklyga çagyrýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ynsany ruhy tämizlige, arassa ahlaklylyga, hoşniýetli işlere gönükdirýän Orazanyň ähmiýeti örän uludyr. 

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen çagalar «Ýaremezan» aýdyp, her bir öý-ojaga ýagşy arzuwlar edýär. Rysgal-döwlet, bereket dileýär. Bu aýda milli däp-dessurlarymyza, gadymy adatlarymyza laýyklykda ýurdumyzyň şäherdir obalarynda, her bir öý-ojakda saçaklar giňden ýazylýar. Eziz halkymyzy jebisleşdirýän, ösüp gelýän nesillerimizde ynsanperwerlik duýgularyny kemala getirýän agzaçar sadakalary berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Agzybir halkymyz goňşy-golamlary, kowum-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen bereketli saçaklaryň başynda il-günümiziň abadançylygy, berkarar Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy üçin ýagşy doga-dilegleri edýär. Biz hem ata-babalarymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyna sarpa goýup, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklaýarys, däp-dessurlarymyzy we urp-adatlarymyzy berjaý edýäris. Haýyr-sahawatly bu mukaddes aý milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Ynsany ruhy taýdan kämilleşdirýär, onuň kalbyny tämizleýär, köňlüni nurlandyrýar. Şoňa görä-de, halkymyz Oraza aýyna, sahawatly Gadyr gijesine ruhubelentligiň we adalatyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde aýratyn sarpa goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiz tebärek çykmak we aýat-töwir okamak barada Türkmenistanyň müftüsine ýüzlenýär.  

Döwlet Baştutanymyz aýat-töwir okalandan we sadaka berlenden soň, ýygnananlara ýüzlenip, goý, mukaddes Oraza aýynda ýurdumyzyň asudalygy, mähriban halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, berkarar Watanymyzyň rowaçlygy üçin edýän ähli doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýdi. Goý, mübärek Oraza aýynyň her bir güni ýagşy niýetlere, asylly işlere, haýyr-sahawata beslensin! Goý, Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün! Mähriban halkymyz abadan we    bagtyýar durmuşda ýaşasyn! 

Hormatly Prezidentimiz agzaçar sadakasy tamamlanandan soň, ýene-de ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, obalardaky işleriň ýagdaýy, ol ýerde durmuş-ýaşaýyş meseleleriniň çözülişi, jaý gurmak ýa-da ekin ekmek üçin mellek ýerleriniň bölünip berlişi, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin zerur karz serişdeleriniň berlişi, ilatynyň gaz, suw, elektrik energiýasy, agyz suwy bilen üpjün edilişi bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milli Lideimiz  durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy -- mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurluşygy, ýaşlara  bilim berlişi we olaryň iş bilen üpjünçiligi  bilen gyzyklanyp, bu ugurda ýene-de nähili işler geçirilse, netijeli boljakdygy barada ýaşululara maslahat saldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňdeşligi dowam edip, şu ýyl berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolanyna 24 ýyl dolýar. Çärýek asyra golaý wagtyň içinde ýurdumyz tanalmaz derejede düýpli özgerdi, Garaşsyz Türkmenistan asyrlara barabar ýol geçdi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösýän abraýly döwletleriniň birine öwrüldi. 

Şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly özgertmeler bolup geçýär. Bu özgertmeler kanunlarymyzy, şol sanda Baş Kanunymyzy kämilleşdirmegi talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biz şu maksatlardan ugur alyp,  Konstitusiýamyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk özgertmek boýunça zerur işleri alyp barýarys. Ýörite döredilen Topar Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça halkymyzdan gelip gowuşýan köp sanly tekliplere seredýär. Biz gelip gowuşýan ähli teklipleri hasaba alarys diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýüzlenmek bilen, olaryň öz tekliplerini we gymmatly maslahatlaryny ibermegini haýyş etdi, şol teklipler ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy işlenip taýýarlananda hökman göz öňünde tutular.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça işler öz oňat netijelerini hem berýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, köp sanly täze, döwrebap kärhanalar gurulýar. Nesip bolsa, şu saparymyzyň dowamynda hem birnäçe iri desgalary açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra oba hojalygynda  gazanylýan üstünlikler barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edermen daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna pagtanyň we gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, guşgursak gallamyz bilen halkymyzy doly üpjün edýäris, özümizden artýan gallany daşary ýurtlara hem iberýäris diýip belledi.  Indi obalarymyz hem düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasy hem-de ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky ýörite maksatnama oba ýerlerinde şäherdäkiden birjik-de kem bolmadyk şertleri döretmäge gönükdirilendir. Oba ilaty üçin indi diňe bir döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny däl-de, eýsem ýaşamaga ähli şertleri bolan täze obalar we şäherçeler gurulýar.

Ýurdumyzyň kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek boýunça döwletiň alyp barýan işleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň «Saglyk bolsa,    beglik bolar» diýen parasatly sözlerini  mysal getirdi. Onda halkyň saglygynyň ýurduň baýlygyna deňelýändigi aýdylýar. Şundan ugur alnyp, «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şu ýyl bu Maksatnamanyň kabul edilenine 20 ýyl dolýar. Geçen döwürde ilatymyzyň saglygyny berkitmek, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeleri geçirildi. Ýurdumyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän hassahanalary, Saglyk öýlerini giň gerim bilen gurduk we gurýarys. Ýurdumyzda köp sanly keselleriň ýok edilmegi, raýatlarymyzyň ömür dowamynyň uzalmagy geçirilen işleriň netijesine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

 Ilatymyz oňat dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek maksady bilen, biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ýerde döwrebap myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy.  Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň her welaýatynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän şypahanalar gurlup, ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz hormatly ýaşululary Baýramalydaky ýa-da «Awazadaky» şypahanalarda, ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz  dili senaly ýaşululara ýüzlenip, Marynyň keramatly topragy bar. Bu ýerde Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly we beýleki köp sanly dünýä belli şahsyýetler ýaşap geçipdir. Bu toprakda halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen bagly gadymy ýadygärlikler, keramatly ýerler köp, siz taryhy ýadygärliklere aýlanyp görüň, keramatly ýerlere baryp,  zyýarat ediň diýip aýtdy. 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek nobatdaky Ýaşulularyň maslahaty barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz!» – diýen parasatly sözlerini mysal getirdi. Biz bu pähime eýerip, Ýaşulularyň maslahatynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleri, öňümizde durýan wezipeleri siziň bilen ara alyp maslahatlaşarys. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitläris. Şoňa görä-de, bu Maslahata häzirden gowy taýýarlyk görmeli. Eger teklibiňiz ýa-da öňe sürjek meseläňiz, aýtjak pikiriňiz bar bolsa, onda Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna iberiň diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmek we  2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan edilmegi barada durup geçdi.  Bu şanly sene mynasybetli biz köp sanly dabaraly çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu dabaralara daşary ýurtlardan hem köp sanly ýokary derejeli myhmanlar geler diýip, milli Liderimiz hormatly ýaşululary bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasyny gaýtadan kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we  Bitaraplyk taglymatynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitlemekde, şeýle hem milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi. 

Bu ugruň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny ýokarlandyrdy, Netijede, ählumumy parahatçylygy goldamakda berkarar döwletimiziň halkara abraýy has-da artdy diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni – goňşudan!» diýip aýdan pähimini mysal getirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk syýasaty goňşular bilen, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen agzybir, parahat we asuda durmuşda ýaşamaga gönükdirilendir diýip belledi. Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza eýerip, dünýäniň dürli döwletleri we halklary bilen hyzmatdaşlygymyzy geljekde has-da ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda hormatly ýaşulularyň halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde uly işleri alyp barýandygyny belledi we olara bu möhüm ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de ýaşululara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.


 


21 Haziran 2015 Pazar

Dünýä Jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Neşekeşlige Garşy Göreş Baradaky Tagallalaryny Goldaýar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanan “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we seri dumanladyjy serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda geçirilen bu çäre häzirki döwrüň howply wehimlerine döwletimiziň we jemgyýetimiziň barlyşyksyz garşy durýandygynyň anyk subutnamasydyr.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, ÝHHG-niň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýeçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri  200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýok edilişiniň şaýady boldular. 

Çäre başlamazdan öňürti oňa gatnaşyjylara dürlii ölçegdäki gaplanan, ýörite haltalara salnan neşe serişdeleri görkezildi. Isleg bildirenleriň her biri öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary  uly göwrümli  ýörite peçlere okladylar. Bu çäräniň başdan- aýak geçişine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler. 

Oňa gatnaşyjylar bu çäräniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, neşekeşlige we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny bellediler. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara konwensiýalaryna gatnaşýan Türkmenistan  BMG-niň 2012-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy hem bolup durýar. 

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça  neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilen döwlet syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy döredildi. Munuň özi milletiň ruhy we beden taýdan saglygyny goramagyň ýolundaky netijeli ädimi alamatlandyryp, “Döwlet adam üçindir!”  diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň tapgyrlaýyn hem maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda “2011-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, neşe serişdeleriniň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak, neşekeşligi ýüze çykarmak we ony bejermek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar.  

Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi neşekeşlik ýaly wehimiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  dürli sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezýär.  

Bu çärä gatnaşan daşary ýurtlular onuň ähmiýetini belläp, munuň  Türkmenistanyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine ygrarlydygynyň, häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalaryna anyk goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny oňlaýar. 

Bu ýerde geçirilen çärä gatnaşyjylar ählumumy howpa garşy durmakda möhüm ähmiýeti bolan we sebitde hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.