8 Mayıs 2015 Cuma

ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şol sanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen,degişli ministrlikler bilen bilelikde awtomobil ýollaryny peýdalanmagyň düzgünlerine degişli birnäçe resminamalary taýýarlamak boýunça işleriň geçirilendigini habar berdi.
Milli Liderimiz ýol gurluşygy babatda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrylan şaýollaryň awtosürüjiler üçin nusga we türkmen paýtagtynyň ýüzi bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz "Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünlerini, Awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünlerini hem-de Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň tertibini tassyklamak hakyndaky" Karara gol çekip, awtomobilleriň hereketiniň howpsuzlygyny we paýtagtymyzyň ýollaryna zeper ýetirilmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işlere jogapkärçilikli çemeleşmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegi talap etdi. Şonda ýol gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hili we olaryň ulanylyş ýagdaýynyň ýokary derejede saklanylyşy göz öňünde tutulmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy sazlaşykly we depginli ösdürmekde möhüm orun tutýan ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze ýollary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri gurmak bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilende degişli düzümleriň sazlaşyky işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hususan-da, milli Liderimiz geljege niýetlenen ýollaryň ýokary hilini üpjün etmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talaby bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder