Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň zähmetsöýer, agzybir halky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we medeni ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
Türkmen halky ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasaty, gazanylýan ajaýyp üstünlikleri, döwletimiziň halkara derejesinde eýe bolan belent abraý-mertebesini öz Gahryman Arkadagy, hakyky Howandary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Döwlet Baştutanynyň wezipesinde halkyň çuňňur söýgüsine we hormatyna mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyz öňdengörüji syýasatçy, uly alym, ykdysadyýet, binagärlik, bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet, sungat we başga ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn bilimlere eýe bolan, häzirki zamanyň ajaýyp döwlet we syýasy işgäri hökmünde Watana we halka hyzmat etmegiň ajaýyp göreldesini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň gös-göni baştutanlyk etmeginde işlenip düzülýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň keşbini özgerdýän, onuň halkara abraýyny has belende göterýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, BMG-niň düzümlerine yzygiderli saýlanylmagy, Gündogar‒Günbatar we Demirgazyk‒Günorta ulag geçirijileri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan‒Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasyny äleme uçuryp, kosmos ýurtlarynyň hataryna goşulmagy, gysga döwürde durmuşa geçirilen beýik özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň köpugurly we tutumly işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň Türkmenistany ykdysady taýdan güýçli döwlete öwürmek baradaky tagallalaryna diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da mynasyp baha berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we işjeň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasaty ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmäge, dünýäniň köp döwletleri bilen dürli ugurlarda deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berdi.
Il ykbalynda uly we taryhy öwrülişikleriň amala aşyrylýan zamanynda, adatça jemgyýet görnükli şahsyýetleri öňe çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň halkyň Arkadagy, Hak Hossary hökmünde öňe çykmagy we adynyň türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda döwletimiziň syýasy, hukuk esaslaryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyryp hem-de olary kämilleşdirip, türkmen döwletini düýpli özgertmeler ýoly bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetirdi, ýurdumyzy ykdysady, ruhy-medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwürdi, ata-babalarymyzyň özbaşdak, özygtyýarly döwleti berkarar etmek hakyndaky arzuwlaryny amala aşyryp, halkymyzyň şu günki we geljekki nesillerine binýady berkden tutulan, gülläp ösýän döwleti, bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Ýurdumyzyň köp sanly zähmetkeşlerinden, ýerli häkimiýet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, mermer paýtagtymyzyň görnükli ýerinde gurlan ajaýyp bina Watanyň ykbaly bilen aýrylmaz bagly bolan milli Liderine halkymyzyň çuňňur hormatynyň we belent sarpasynyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny kämilleşdirmäge, syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşmaga, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň berkidilmegine, döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, Watanymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köp sanly teklipleri we haýyşlary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Arkadag» Binasyny açmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy
A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 23-nji maýy.
N 248-V.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder