Şäheriň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde paýtagtymyzda şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň milli söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy, ol Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ugrunyň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde durýar. Bu işler Aşgabadyň sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän şäherleriň birine öwrulmegine gönükdirilendir. Şäherde adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi, bu ulgam boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň işjeň ulanylmagy arkaly amatly şäher gurşawynyň kemala getirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Milli söwda merkeziniň açylyşy mynasybetli guralan dabarada paýtagtymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşan hormatly ýaşulular, söwda ulgamynyň işgärleri we paýtagytmyzyň ýaşaýjylary konserte tomaşa edýärler, ol tamamlanadan soň hormatly ýaşulular toý bagyny kesýärler we Milli söwda merkezine girýärler.
1995-nji ýylda gurlan bu bina “Nur-Zaman” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan düýpli döwrebaplaşdyryldy. Durky täzelenen bu desganyň umumy eýeleýän meýdany 13,5 gektara barabardyr. Milli söwda merkeziniň tutýan meýdany bolsa 4 müň inedördül metrden gowrak. Onuň birinji gatynda 565 orunlyk toý zaly, umumy meýdany 430 inedördül metr bolan supermarket we mebel dükany bar.
Merkeziň ikinji gatynda 135 orunlyk toý zaly, şeýle hem iş otaglary we kömekçi otaglar bar. Merkeziň daş ýüzünde her biriniň umumy eýeleýän meýdany 582 inedördül metr bolan süýji-köke hödürleýän iki çaýhana bar.
Şu gün agşamlyk merkeziň toý zalynda bagtly döwrüň ýaş çatynjalarynyň nika toýunyň tutulandygyny bellemeli. Bu ýerde ýaş çatynjalary olaryň dostlary we ýakynlary gutladylar, ýaşlara olaryň durmuşynda bu şatlykly gün mynasybetli milli Liderimiziň adyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder