19 Mayıs 2015 Salı

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly iri ylmy işiniň slowen dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, lukmançylyk ensiklopediýanyň slowen dilindäki sowgatlyk neşiri geçen hepdede döwlet Baştutanymyza Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň barşynda gowşuryldy. Milli Liderimiz telekommunikasiýalar ulgamynda iri “Iskratel” slowen kompaniýasyna baryp gören wagty bu neşir hormatly Prezidentimize gowşuryldy, kompaniýa daşary ýurtlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolan bu täsin kitabyň täze neşirini çap etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň tebigy dermanlyk serişdeleri baradaky düýpli ylmy işi slowen okyjylar köpçüligine hem elýeterli boldy.

“Iskratel” kompaniýasynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, bu ensiklopediki iş diňe bir hünärmenler üçin niýetlenen kitap bolmak bilen çäklenmän, ol dünýä jemgyýetçiligine niýetlenen açyk kitapdyr, bu neşiriň üsti bilen olar Türkmenistan barada giň düşünje alyp, bu jomart hem bereketli topragy, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan parasatly we hoşgylaw halky tüýs ýürekden söýüp biler. 

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze ensiklopedik neşir bilen tanyşdyryş dabarasynyň öň ýanynda bu çärä gatnaşyjylar – ýurdumyzyň iri lukmançylyk merkezleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri uniwersitetiň giň eýwanynda guralan kitap segisi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, Watanymyzyň abadançylygynyň we türkmen halkynyň saglygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine milli Liderimiziň alyp barýan köptaraply işine bagyşlanan dürli görnüşde bezelen neşirler görkezilýär.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolan dermanlyk ensiklopediýanyň slowen dilinde neşir edilmegi iki ýurduň we halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Bu şanly waka döwletara türkmen-slowen hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmäge, şol sanda ynsanperwerlik we ylym-bilim ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda giňeltmäge ýardam eder. 

Meşhur syýasatçy we alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli kitaplarynyň daşary ýurt dillerine yzygiderli ýagdaýda terjime edilmegi millionlarça daşary ýurt okyjylaryny täsin tebigata, örän gadymy taryha we baý medeniýete eýe bolan, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan demokratik, Garaşsyz döwlet Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder