1973-nji ýylda ÝB-ne agza bolan Britaniýa ÝB-ne agzalygynyň dowam etdirlip etdirilmezligi meselesinde 2017-nji ýylda ähli halk sese goýulşygynyň geçirilmegi üçin taýarlyk görýär.
Britaniýanyň Premýer mnistri Dewid Kameron resmi sapar bilen Fransiýa bardy.
Kameron Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland tarapyndan kabul edildi.
Iki lider Britaniýanyň ÝB-ne agzalygy barada pikir alyşdy.
Oland Britaniýanyň ÝB-ne agzalygynyň dowam etdirilmeginiň hem Britaniýa hem-de iňliz halky üçin bähbitli boljakdygyny aýtdy.
ÝB-niň gurluşyny tankyt eden Kameron bolsa “Fransiýa ,ýewro sebitini güýçlendirmek isleýär, men bolsa iňlis halkynyň aladalarynyň ortadan aýrylmagyny isleýärin” diýdi.
Kameron ÝB-niň gurluşynyň üýtgemeginiň diňe ýurdy üçin däl eýsem tutuş Ýewropa taýdan peýdaly boljakdygyny aýtdy.
Britaniýa ÝB-niň serhetleriniň gözegçilik astynda bolmagyny we erkin syýahadyň çäklendirilmegini isleýär.
Iki lider terrorçylyga we klimat çalşygyna garşy görel ýaly meseleler barada hem pikir alyşdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder